Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistana kowid dolanýarmy?


Özbegistanyň Daşkent welaýatynyň Zangiata etrabynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite gurlan keselhana. 2021-nji ýylyň suraty.
Özbegistanyň Daşkent welaýatynyň Zangiata etrabynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite gurlan keselhana. 2021-nji ýylyň suraty.

Özbegistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi 23-nji iýunda ýurtda koronawirusyň "omicron" ştammynyň “Stealth-Omicron BA.2” subwariantynyň bardygyny mälim etdi. Bu beýanat ilat arasynda koronawirus keseliniň köpelmeginiň fonunda yglan edildi.

Saglygy saklaýyş ministrliginiň wekilleri COVID-19 keseliniň ösüşinde "birneme ýokarlanma" bardygyny aýtdylar.

Şol bir wagtyň özünde, sosial ulgamlaryň özbek segmentini ulanýanlar poliklinikalarda uzyn nobatlaryň ýüze çykýandygy, aýratyn-da bu keseliň çagalara has köp täsir edýändigi barada ýazýarlar.

Kanadada ýaşaýan özbegistanly mikrobiolog bu görnüşli wirusyň ölüme seýrek sebäp bolýandygyny we ilaty howsala düşmezlige çagyrmalydygyny aýtdy.

Resmi statistika

Özbegistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň maglumatyna görä, 24-nji iýuna çenli ýurtda koronawirus ýokaşmasy hasaba alnanlaryň sany 119-a ýetdi.

Täze ýokanç kesele ýoluganlaryň köpüsi Daşkende degişli bolup, 54 ýagdaý aýan edildi. 24-nji iýuna çenli, tutuş ýurt boýunça 240 müňden gowrak adam ýokanç kesel bilen keselläpdir.

Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda Özbegistanda koronawirus ýokaşan adamlaryň sanynyň resmi statistiki maglumatlardan has köpdügi barada, sosial ulgamlarda habarlar ýaýraýar.

Saglygy saklaýyş ministrliginiň metbugat sekretary Furkat Sanaýew Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren interwýusynda, kowid bilen baglanyşykly ýagdaýyň ministrligiň doly gözegçiligindedigini aýtdy.

– Koronawirus baradaky sosial ulgamlarda ýaýran maglumatlar hakykata laýyk gelmeýär. Biz zerur maglumatlary her gün neşir edýäris. Koronawirus hassalaryny bejermek üçin, häzirki wagtda goşmaça hassahanalary açmagyň zerurlygy ýok. Ministrligimiz koronawirus statistikasyny ýaşyrjak bolanok ýa-da artdyrmak bilen gyzyklanmaýar – diýip, Furkat Sanaýew aýdýar.

Lukman: Kowid bilen kesellänleriň sany birneme artýar

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik, kowid hassalary üçin ýöriteleşdirilen “Zangiata-2” hassahanasynyň lukmanynyň bellemegine görä, tomus möwsüminde kowid bilen kesellänleriň sanynyň köpelmegine garaşylýar.

– Häzirki wagtda kowid bilen kesellänleriň sany birneme artdy. Mundan daşary-da, koronawirusyň "omicron" ştammynyň bir subwariantyny kesgitledik, ol – Stealth-Omicron BA.2. Emma howsala düşmäge düýpli sebäp ýok. Näsaglar kabul edilenden bäş-alty gün soň, hassahanadan çykarylýar. Adatça tomus paslynda, ýokanç kesel hasam erbetleşýär. Sebäbi ýylyň şu döwründe köp adam gatnaşýan iň köp toýlar tutulýar hem dürli çäreler geçirilýär. Emma sanjym edilen adamlarda bu kesel has ýeňil geçýär. Ýöne entek ölenleriň sany hasaba alynmady – diýip, kowid keselhanasynyň bir lukmany Azatlyga gürrüň berdi.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik Andijan keselhanasynyň bir lukmany bolsa, ýurtda bu kesel barada resmi maglumatyň ýoklugy sebäpli, pandemiýanyň güýçlenip biljekdigini aýtdy.

– Biziň sebitimizdäki ýagdaý ýeterlik derejede çynlakaý. Bir ýa-da iki ýerde ojaklar peýda boldy. Şeýle-de bolsa, resmiler bu ýagdaýlary habar bermeýärler. Beýle ýagdaý diňe içerki ýygnaklarda ara alnyp maslahatlaşylýar. Saglygy saklaýyş ministrligi elinde bolan sanlary hakykatdanam Telegram kanalynda çap edýär, ýöne ilaty hüşgär bolmaga çagyrmaýar. Eliňi sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmak, köp adamyň jemlenen ýerlerine barmazlygyň zerurlygy barada, hiç ýerde bildiriş ýok. Biziň ýagdaýymyzda diňe kesel gowy ýaýransoň, öňüni alyş çärelerine başlaýarys – diýip, andijanly lukman aýdýar.

Mikrobiolog: Wirus bedende galsa, mutasiýa geçýär

Kanadada ýaşaýan mikrobiolog Obidhon Mamadaliýewiň Azatlyga aýtmagyna görä, onuň özi-de “Omicron” hem-de koronawirusyň omicron-ştammynyň bir bölegi bolan “Stealth-Omicron BA.2” ýokançlygyny başdan geçiripdir. Şeýle-de bolsa, onuň sözüne görä, bu kesel sebäpli howsala düşmegiň zerurlygy ýok.

– “Omicron” bilen koronawirusyň “Stealth” subwarinatynyň kiçi görnüşiniň arasynda näme tapawut bar? Meniň özüm "Omicron" bilen keselledim, ondan 45 günden soň Stealth ýokaşdy. “Omicron” ýokuşan adam bäş günüň içinde dikelýär, ýöne onuň täsirleri saklanyp galýar. Şonuň üçinem adam sagalandan soňra-da bejergini dowam etdirmeli. Ýogsam wirus bedende galýar we üýtgäp başlaýar, netijede “Stealth-Omicron BA.2” peýda bolar. Edil şonuň ýaly ýagdaý meniň başymdan geçdi. Stealth birneme agyr, ýöne ölüme sebäp bolmaýar. Käbir seýrek ýagdaýlarda garry adamlar reanimasiýa düşüp bilýärler – diýip, mikrobiolog aýdýar.

Özbegistanyň Sanitariýa we epidemiologiki abadançylygy we jemgyýetçilik saglygy gullugynyň ýolbaşçysy Bahodir Ýusupaliýewiň sözlerine görä, häzirki wagtda Özbegistanda koronawirus ýokaşmasy bilen baglanyşykly ýagdaý durnukly, ýöne soňky iki ýylda iýul-awgust aýlarynda, ol keseliň ýokarlanandygy hasaba alyndy.

"Şoňa görä-de, koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, ilata koronawirusyň ýokaşmagyna garşy sanjymy tizleşdirmeli hem-de güýçlendiriji doza bilen sanjym etmeli" diýip, ol düşündirýär.

2021-nji ýylyň güýzünde Özbegistanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda, Şawkat Mirziýoýew koronawirusa garşy göreşmek üçin, 80 trillion sum sarp edilendigini aýtdy.

Şeýle-de bolsa, birneme soňrak, Azatlyk Radiosynyň derňewi wagtynda, hökümetiň kowide garşy göreşmek üçin bölüp berlen pulunyň Mirziýoýewiň ýakyn töweregindäki oligarhlar we ýokary wezipeli adamlar tarapyndan dolandyrylýan Açilbaý Ramatow, Bahtiýor Fazylow we Jahongir Artykhojaýew ýaly monopoliýa eýeleriniň kompaniýalarynyň hasabyna geçendigi belli boldy. “Kowide berlen” paýyň uly bölegini Prezident administrasiýasyna tabyn bolan kompaniýalar hem almagy başardylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG