Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň Konstitusiýasynyň täze nusgasy Garagalpagystanyň özygtyýarlyk statusyny aradan aýyrýar


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Garagalpagystan awtonom respublikasynyň paýtagty Nukusdan onlarça kilometr uzaklykda ýerleşýän Bozatau etrabynyň ilaty bilen duşuşyk wagtynda. 2021-nji ýylyň 21-nji sentýabry.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Garagalpagystan awtonom respublikasynyň paýtagty Nukusdan onlarça kilometr uzaklykda ýerleşýän Bozatau etrabynyň ilaty bilen duşuşyk wagtynda. 2021-nji ýylyň 21-nji sentýabry.

Özbegistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeleriň taslamasy köpçülige aýan edilende, Garagalpagystanyň özygtyýarlyk statusyny we respublikadan bölünip aýrylmak hukugyny aýyrmak teklip edýär.

“Mediazona” web sahypasy üýtgeşmeleriň Esasy kanunyň “Garagalpagystan respublikasy” bölümindäki alty maddanyň bäşisine degişlidigini habar berýär.

Özbegistanyň häzirki Konstitusiýasynda, Garagalpagystany respublika hökmünde ykrar etmek, onuň özygtyýarlygyny Özbegistanyň gorap saklaýandygy aýdylýar. Mundan başga-da, Konstitusiýada garagalpak halkynyň umumy referendumy esasynda, Garagalpagystanyň Özbegistandan aýrylmaga hukugy kepillendirilýär. Täze üýtgeşmelerde bu kadalaryň aýrylmagy teklip edilýär diýip, ýatlanan neşir ýazýar.

Gazeta.uz neşiriniň Özbegistanyň konstitusiýasyny özgertmek baradaky komissiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, teklip edilýän düzedişleriň Garagalpagystanyň parlamentiniň (Жокаргы Кенес) wekilleri tarapyndan işlenip düzülendigi we onuň "biragyzdan" tassyklanandygy aýdylýar. Jokargy Kenesiň Garagalpagystany “Özbegistanyň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitlemek üçin, sebitiň ilatyndan köp sanly teklip alandygy” öňe sürülýär.

Konstitusiýa komissiýasynyň mälim etmegine görä, teklip edilýän düzedişler “garagalpak we özbek halklarynyň agzybirligini berkitmäge” gönükdirilendir, şeýle hem "Bir ýurt – umumy ykbal" diýen ýörelgäni berkitmek diýip, "Mediazona" ýazýar.

Garagalpagystanyň Konstitusiýasy 1993-nji ýylyň 9-njy aprelinde güýje girizildi. Konstitusiýanyň ilkinji maddasynda Özbegistanyň Konstitusiýasynyň Garagalpagystanyň özygtyýarlygy statusy baradaky düzgünleri gaýtalanýar, şeýle hem onda Garagalpagystanyň halkynyň umumy sala salşygy esasynda, Özbegistandan aýrylmak hukugy beýan edilýär.

Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek taslamasy 25-nji iýunda köpçülige ara alnyp maslahatlaşmaga hödürlendi. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew geçen ýylyň dekabr aýynda, Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek teklibi bilen çykyş etdi. Konstitusiýa komissiýasy ýurduň Esasy kanunynyň ähli maddalarynyň ýarysyndan gowragyna üýtgetmeler girizilmeli we goşmaçalar girizilmeli diýen netijä geldi. Beýleki üýtgeşmeler bilen bir hatarda, ýurduň prezidentlik möhletini bäş ýyldan, ýedi ýyla çenli uzaltmak teklip edilýär, üstesine-de, häzirki döwlet baştutanynyň prezidentlik möhleti “ýok ediler” we onuň ýene-de gaýtadan saýlanmagyna garaşylýar.

Garagalpagystan Özbegistanyň çäginiň üçden bir bölegini tutýar. 1930-njy ýylyň 20-nji iýulynda Gara-Kalpak awtonom sebiti Gazagystan ASSR-den çykarylyp, RSFSR-iň göni tabynlygyna geçirildi we ol doly suratda RSFSR-iň garamagynda boldy. 1936-1990-njy ýyllar aralygynda Garagalpagystan ASSR hökmünde Özbegistan SSR-iň bir bölegi boldy.

1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Özbegistan SSR-iň çägindäki Garagalpagystan Awtonom Respublikasynyň mejlisi doly garaşsyzlygyny alýan döwlet özygtyýarlylygy jarnamasyny kabul etdi. Şeýle-de bolsa, Özbegistanyň hökümeti 1993-nji ýylda, Garagalpagystan bilen 20 ýyllyk döwletara şertnama baglaşdy. Şol şertnama laýyklykda, Garagalpagystan Özbegistanyň düzümine girýär. Ylalaşyga laýyklykda awtonom respublikanyň referendum geçirmek arkaly Özbegistandan çykarmak hukugy göz öňünde tutulýardy. 2013-nji ýylda ol ylalaşygyň möhleti gutaranda, wada ýatdan çykaryldy. Bu meseläni gozgaýan “Alga, Garagalpagystan” hereketiniň agzalary häzir daşary ýurtlarda sürgünde.

Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG