Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Odesadaky kwartiralara, dynç alyş merkezine urlan zarbada azyndan 18 adam öldi


Odesa sebitinde rus zarbasy bilen urlan köp gatly ýaşaýyş jaýy. 1-nji iýul, 2022 ý.
Odesa sebitinde rus zarbasy bilen urlan köp gatly ýaşaýyş jaýy. 1-nji iýul, 2022 ý.

Russiýanyň Ukrainanyň Odesa port şäheriniň golaýyndaky ýaşaýyş jaýly sebitlere eden raketa hüjüminde azyndan 18 adam öldürildi diýip, häkimiýetler aýdýar. Bir gün ozal basybalyjy rus güýçleri strategiki ähmiýetli Gara deňiz adasyndan yza çekildi.

Daňa golaý edilen hüjümiň wideosynda Odesanyň 50 kilometr töweregi günorta-günbatarynda ýerleşýän Serhiýewka şäherçesinde gara ýanyk bolan binalary görmek bolýar. Ukrain metbugaty raketalaryň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny we dynç alyş sebitini urandygyny habar berdi.

“Terrorçy ýurt biziň adamlarymyzy öldürýär. Söweş meýdanyndaky ýeňlişe jogap hökmünde olar parahat ilat bilen söweşýärler” diýip, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň ştabynyň başlygy Andriý Ýermak twitterde aýtdy.

Ukrainanyň gyssagly kömek resmileri 18 adamyň, şol sanda iki çaganyň ölendigini aýtdy. Başga-da 30 adam, şol sanda üç çaga ýaralandy.

18 pidanyň on altysy ýaşaýyş jaýyna edilen hüjümde öldi diýip, Ukrainanyň gyssagly kömek resmileri aýtdy.

Howa hüjümleri rus güýçleriniň 30-njy iýunda Ýylan adasyndan çekilmeginiň yz ýany boldy. Bu yza çekilişiň Odesanyň golaýyna abanýan howpy gowşatmagyna garaşylýar. Ýylan adasy köp gatnawly gämi ýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Kreml Ýylan adasyndan yza çekilişi “hoşniýetlilik” hökmünde şöhlelendirdi. Ukrainanyň goşuny özüniň dowamly hüjümleriniň we artilleriýasynyň ruslary iki sany kiçi tizlik gämisinde gaçmaga mejbur edendigini öňe sürdi. Yza çekilen esgerleriň anyk sany aýan edilmedi.

Ukrain kenaryndan takmynan 40 km uzaklykda ýerleşýän Ýylan adasyna gözegçilik Russiýa Ukrainanyň dünýä ýurtlaryna galla iberýän esasy portuna, Odesa barýan deňiz ýollaryna wehim salmak mümkinçiligini berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 30-njy iýunda Ýylan adasynyň yzyna gaýtarylyp alynmagynyň Russiýanyň hereketlerini ymykly çäklendirjekdigini aýtdy.

Odesa sebitine edilen hüjümler rus prezidenti Wladimir Putiniň giň gerimli çozuşa girişmeginiň 19-njy hepdesinde amala aşyryldy. Ýöne rus güýçleri ukrainlaryň aýdyşy ýaly, gündogarda elde saklanýan iň soňky iri şäheri, Lysyçansky “agyr” bombalamaga we Dnipropetrowska sebitindäki ilatly nokatlary oka tutmaga üns gönükdirýärler.

Şeýle-de, soňky howa hüjümi şu hepdäniň başlarynda Ukrainanyň Kremençuk şäherinde ýerleşýän köp adamly söwda merkezine edilen hüjümiň yz ýany boldy. Kremençukdaky hüjümde azyndan 18 adam öldi we onlarça adam ýitirim boldy. Ukrain resmileri söwda merkezine edilen hüjümi “terror” akty häsiýetlendirdiler, Moskwa bolsa jogapkärçiligi ret etdi.

Gündogar Luhansk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Haýdaý Lysynçanskyň, strategiki depe şäheri gabamaga çalyşýan rus güýçleri tarapyndan uly kalibrli ýaraglar bilen yzygiderli oka tutulýandygyny aýtdy. Bu, Moskwanyň Ukrainanyň senagat merkezi bolan Donbasy basyp almak synanyşygynda möhüm söweş meýdany bolup durýar.

Moskwa birnäçe hepde dowam eden we ýüzlerçe parahat ýaşaýjynyň ölmegine, şäheriň haraba öwrülmegine getiren söweşlerden soň, golaýdaky Sewerodonetsk şäherini ele geçirdi we indi Lysynçanska göz dikýär.

Ukrainanyň Günbatar ýaranlary Ukraina ýarag iberip gelýär we 30-njy iýunda ABŞ Ukrainany ýene 800 million dollara barabar ýarag we harby ýardam bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Madridde geçirilen NATO sammitinden soň sözlän sözünde urşuň Russiýanyň Ukrainany ýeňmegi bilen tamamlanmajakdygyny aýtdy we “biz näçe wagt gerek hem bolsa, Ukrainany goldarys” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG