Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tomusky dynç alyş mösüminde dürli işlerde zähmet çekýän çagalar köpelýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwlar tamamlanyp, tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýärkä, şu günler Mary welaýatynyň obalarynda gazanç etmek üçin dürli işlerde zähmet çekýän çagalar göz-görtele köpeldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitden maglumat berdiler.

Olaryň sözlerine görä, eli ýuka hojalyklaryň çagalary dynç alyş möwsüminde gazanç edip, maşgalalaryna goşant goşmaga synanyşýarlar. Bu çagalar gowaça meýdanlarynda otag işlerini geçirmek, öýme-öý aýlanyp baklaşka we çüýşe çöplemek, zir-zibilleri dörmek, bazarlarda galtak sürmek ýaly işler bilen meşgullanýarlar.

"Tomsuň jokrama yssysynda çagalar pagtaçy kärendeçileriň potrat ýerlerinde otag otamaga gidýärler. Çagalar gününe 25 manat gazanyp, öýlerine eltýärler. Olaryň aglabasy gyz çagalar" diýip, maryly oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde 20-nji iýulda gürrüň berdi.

Habarçylarymyz oba ýerlerindäki oglan çagalaryň bolsa, goňşy oblara, etraplara we şäherlere aýlanyp, plasmassa baklaşka we çüýşe çöpläp, gazanç edýändigini aýdýarlar.

"Bu oglanjyklar öýlerinden irden sagat 5-de çykyp gidýärler we gije sagat 10 töwereginde gaýdyp gelýärler. Öýme-öý aýlanyp, baklaşka we çüýşe ýygnaýan bu çagalar käbir hojalyklardan plasmassa baklaşkalaryň bir kilogramyny 5 manatdan satyn alýarlar. Soňra olar bu baklaşkalaryň her bir kilogramyny 6-7 manatdan Mary şäherinde ýerleşýän nokatlara satýarlar. Bu çagalaryň arasynda 6-7 ýaşly çagalar hem bar" diýip, Mary şäheriniň bir ýaşaýjysy şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Bu çagalar Mary şäherindäki zir-zibil çeleklerini hem dörüp, baklaşkalary, çüýşeleri we mallara berer ýaly garpyz we gawun paçaklaryny gözleýärler.

"Bu paçaklary eşek arabamyza ýükläp, obadaky mally hojalyklara satýarys. Azam bolsa şol paçaklar hem pul berýär. Tomus aýlarynda işlän pulumyza mekdep üçin egin-eşiklerimizi we okuw esbaplarymyzy satyn alyp bilýäris" diýip, zir-zibil dörýän çagalaryň biri aýtdy.

Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, sähel ulurak, ýagny 14-15 ýaş aralygyndaky oglan çagalar bolsa, etraplaryň we şäherleriň bazarlarynda galtak sürüp gazanç edýärler.

Türkmenistanda mejbury zähmet we çaga zähmeti kagyz ýüzünde gadagan edilýär. Ýöne ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar we işsizlik, aýlyklaryň we pensiýa tölegleriniň azlygy mekdep okuwçylaryny hem tapan işini etmäge mejbur edýär.

"Bu çagalaryň ýanynda bir tegelek çörek bilen suw bar. Olar suwlary gutarsa, baran ýerlerinde dolduryp bermegi haýyş edýärler. Bu çagalaryň başyna eklenç ir düşüpdir. Biz ýalynly howada derrew kölege gözleýäris. Olar bolsa üç aýlap uzak gününi jokrama yssyda geçirýärler" diýip, Mary şäheriniň ýaşaýjysy aýtdy.

Tomsuň başyndan bäri Türkmenistanyň dürli sebitlerinde anomal yssy howa dowam edýär. 17-nji iýulda howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde howanyň temperaturasynyň 45-48 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde tomusky dynç alyş möwsümi üç aý (iýun, iýul, awgust) dowam edýär. TDH 2-nji iýunda Türkmenistanyň çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi. Resmi metbugat lagerlere barýan şadyýan çagalary görkezip, ýurtda çagalaryň bilim we terbiýe almaklary, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigini aýtdy.

Ýöne Azatlygyň habarçylary çagalar sagaldyş merkezlerinde, şol sanda lagerlerde diňe gurply maşgalalaryň çagalarynyň dynç almaga mümkinçilikleriniň bardygyny habar berýärler.

Maddy mümkinçilikleri pes hojalyklaryň çagalarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde gazanç edip maşgalalaryna ýardam berýändigi barada geçen aý Azatlygyň Lebapdaky habarçylary hem habar berdiler.

Türkmenistan soňky ýyllarda özüniň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär.

"Emele gelen agyr ykdysady ýagdaý eklenip bilmeýän maşgalalaryň köpelip, çörek puly üçin, çaga zähmetini ulanmaga barha kän ýykgyn etmegine alyp gelýär. Adamlar gytçylygyň öňünde çäresiz galýar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG