Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagany ýöriteleşdirilen mekdebe salmak näçä durýar?


Mekdep okuwçysy. Arhiw suraty
Mekdep okuwçysy. Arhiw suraty

Şu günler Türkmenistanyň orta mekdeplerinde çagalary başlangyç synpa kabul ediş möwsümi dowam edýär. Başlangyç we orta bilim mugt hasaplanýan Türkmenistanda ene-atalar çagalaryny ýöriteleşdirilen orta mekdeplere salmak üçin para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar. Paranyň mukdary näçe? Bu ýagdaýa haýsy mekdeplerde duş gelse bolýar? Para-berim meselesi nähili görnüşde bolup geçýär? Şu we beýleki soraglara Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ene-atalar we ýagdaýdan habarly çeşmelerimiz jogap berdiler.

"10-20-nji awgust aralygynda welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň orta mekdeplerine 6 ýaşly çagalary başlangyç synpa kabul etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ene-atalar çagalaryny öz isleýän mekdeplerine, hususan-da ýöriteleşdirilen orta mekdeplere berjek bolsalar, para bermeli bolýarlar" diýip, lebaply ene anonimlik şertinde 16-njy awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, çagany öz ýaşaýan ýeriňdäki däl-de, başga etrapçadaky orta mekdebe saljak bolsaň, onda 500 dollara çenli para soralýar. Ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň parasy bolsa 1500 dollara çenli ýetýär. Bularyň arasynda şäheriň 1-nji, 39-njy we 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepleri bar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, bu mekdeplerde daşary ýurt dilleri, şol sanda iňlis we rus dilleri çuňňur öwredilýär. Kanunlara laýyklykda, bu mekdeplere diňe şol sebitlerde ýaşaýan, ýazgyda duran raýatlaryň çagalary kabul edilýär. Ýöne çagalaryny bu mekdeplere ýerleşdirmek isleýän ene-atalaryň köpdügi sebäpli, bu kanun köplenç iş ýüzünde berjaý edilmeýär.

Şeýle-de, bulara alynýan çagalar zehin, ukyp başarnyklaryna görä, ýörite synag esasynda hem kabul edilmeýär. Bu ýagdaýlar, ýöriteleşdirilen mekdeplerde çagalary başlangyç synplara kabul ediş möwsüminde "para-peşgeşiň gülläp ösmegine" getirýär.

"Bu mekdeplere okuwçy ýazdyrmak uly problema. Kim has köp para berse, şonuň çagasy başlangyç synpa kabul edilýär. Zehinli çagalaryň has çuňlaşdyrylan bilim alyp, öz bilimini artdyrmak mümkinçiligi ýok. Bu mekdeplerde barlykly maşgalalaryň ýa-da uly wezipelerde işleýän adamlaryň çagalary okaýarlar. Bulara kabul edilen çagalaryň ene-atalary her ýylda 200 dollary haýyr-sahawat hökmünde geçirmeli bolýarlar" diýip, lebaply ene aýtdy.

Ene-atalar we şäher bilim bölümindäki ýagdaýdan habarly çeşmelerimiz paranyň ýörite "araçylar" tarapyndan alynýandygyny aýdýarlar.

"Bu para şäher bilim bölüminiň resmileriniň, mekdep müdirleriniň we şäher häkimliginiň raýatlary hasaba alyş bölüminiň işgärleriniň arasynda paýlanýar" diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk agzalan mekdepler, şäher häkimligi we bilim bölümi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 16-njy awgustda ikindine çenli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda çagalary başlangyç synpa kabul ediş möwsümindäki para-berim meselesi barada Azatlygyň habarçylary ýyllarboýy habar berip gelýärler.

12-nji awgustda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki habarçymyz ene-atalaryň çagalaryny ýöriteleşdirilen mekdeplere salmak üçin müňlerçe dollar para bermeli bolýandygyny habar berdi. Şol güni Mary welaýatyndaky habarçymyz sebitde çagalary mekdebe ýazdyrmak üçin para mukdarynyň 2800 dollara çenli ýetendigini gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri ýurduň bilim pudagyndaky korrupsiýa barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär. "Transparency International” guramasynyň 2021-nji ýyldaky korrupsiýa garaýyş indeksinde Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 169-njy orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG