Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda birinji synpa barjak körpelerden çagalar bagyna gatnandygy baradaky kepilnama talap edilýär


Mekdep okuwçylary. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Mekdep okuwçylary. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda awgust aýynyň golaýlamagy bilen, çagalary orta bilim berýän mekdepleriň birinji synplaryna okuwa ýerleşdirmek möwsümi başlandy. Bu möwsümiň başlamagy bilen, çagalaryny birinji synpa okuwa berjek balkanly ene-atalar täze talaplar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bu talaplaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ene-atalar Balkandan maglumat berdiler.

"Türkmenbaşy we Gumdag şäher bilim müdirlikleri 2022-2023-nji okuw ýyllary üçin birinji synpa kabul ediljek çagalardan soňky üç aýda çagalar bagyna gatnandygyny subut edýän resminamalary talap edýärler" diýip, çagasyny birinji synpa ýerleşdirmäge taýýarlanýan balkanly ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bu talaba laýyklykda, ene-atalar çagalarynyň iýun, iýul we awgust aýlarynda çagalar bagyna gatnandygy hem-de her aýda 80 manat pul töländigi baradaky kepilnamany we häsiýetnamany tabşyrmaly bolýarlar.

"Bu kepilnamany we häsiýetnamany tabşyrmadyk ene-atalaryň çagalary mekdebe kabul edilmeýär" diýip, balkanly ene aýtdy.

Habarçymyz ýurduň çagalar baglarynda tölegler birde 10 esse ýokarlandyrylandan soň, maddy mümkinçiligi çäkli köp maşgalanyň öz körpelerini çagalar bagyna bermegi bes edendigini aýdýar.

2017-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri Aşgabatda 10 manatdan we welaýatlarda 8 manatdan 80 manada duýdansyz ýokarlandyryldy. Bu gymmatlama käbir ene-atalaryň arasynda nägilelikleriň döremegine sebäp bolupdy we olaryň ençemesi öz çagalaryny çagalar bagyna gatnatmagy bes edipdi. Şondan soň Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň göz-görtele azalandygyny habar beripdiler.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, çagalaryny çagalar baglaryna gatnatmadyk ene-atalar häzirki soralýan resminamalary almak üçin ýüzlerçe manat sarp edip, bilim resmilerine para bermeli bolýarlar.

"Ene-atalar ilki çagalar bagyna üç aýyň tölegini geçirýärler. Olar her aý üçin 80 manatdan, jemi 240 manat tabşyrýarlar. Şeýle-de, olar kepilnama almak üçin hem, mekdebe çenli bilim edarasynyň müdirlerine 200 manat para bermeli bolýarlar" diýip, balkanly ene aýty.

Onuň sözlerine görä, ene-atalardan çagalaryň saglyk kepilnamalaryny tabşyrmak hem talap edilýär. Olar bu kepilnamany almak üçin hem azyndan 100 manat para bermeli bolýarlar.

"Şu günler şäher saglyk öýlerinde uly nobatlar emele geldi. Birinji synpa başlajak çagalardan başga-da, ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýän ýaşlar hem saglyk kepilnamalaryny almaga çalyşýarlar. Bu nobatlar bolsa, paranyň möwjeýändigini we para bermeseň, kepilnamanyň ýokdugyny aňladýar" diýip, balkanly ene belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Balkan welaýat, Türkmenbaşy we Gumdag şäher bilim müdirliklerinden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 26-njy iýulda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanyň Bilim hakyndaky kanunyna görä, ýurtda mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak bäş ýaşdan alty ýaşa çenli aralygy öz içine alýar. Alty ýaşyndaky çagalar orta mekdeplerde birinji synpa başlaýarlar. Kanunyň 3-nji maddasyna görä, bilim babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri "mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamagyň hökmanylygyna, döwlet bilim edaralarynda olaryň Türkmenistanyň her bir raýaty üçin tölegsizligine" esaslanýar.

Şol bir wagtda, ýurtda ene-atalardan çagalar baglaryna gatnaýan her bir perzendi üçin her aýda 80 manat tölemek talap edilýär. Habarçylarymyz bu talabyň, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar sebäpli gurpdan düşen köp maşgala örän agram salýandygyny, şol sebäpli körpeleri çagalar baglaryndan alyp galýan ene-atalaryň, hususan-da etraplarda we obalarda köpdügini aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri ne ykdysady kynçylyklary boýun alýarlar, ne-de onuň ilata ýetirýän täsirleri barada mesele gozgaýarlar. Döwlet mediasy ýurtda täzelikde gurlup ulanylmaga berilýän çagalar baglary baradaky reportažlary wagtal-wagtal görkezse-de, ene-atalaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýär.

Bu aralykda, Balkandaky habarçymyz orta bilim berýän mekdeplerde täze okuw ýylynyň başlamagyna bir aýdan gowrak wagt galanda, okuw esbaplarynyň satuwa çykarylandygyny we olaryň bahalarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 65%-e çenli gymmatlandygyny habar berýär.

"Okuwçylaryň egin-eşikleriniň bahasy azyndan 35%, depder, ruçka, galam we beýleki esbaplaryň bahalary 65% ýokarlandy" diýip, balkanly eneleriň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy. ​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG