Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin Gazagystandaky “rus watandaşlaryndan” gazaklar bilen gatnaşyklary barada soralýar?


Bir ýaş ýigit döşünden Georgiý lentasy asylan (Ýeňiş gününiň ýörişini gurnaýjylar oňa gatnaşyjylary bu lentany ulanmazlyga çagyrdylar), elinde gyzyl baýdak tutup duran adama Gazagystanyň nyşany bolan açyk-gök lentalary sowgat edýär. Almaty, 2022-nji ýylyň 9-njy maýy.
Bir ýaş ýigit döşünden Georgiý lentasy asylan (Ýeňiş gününiň ýörişini gurnaýjylar oňa gatnaşyjylary bu lentany ulanmazlyga çagyrdylar), elinde gyzyl baýdak tutup duran adama Gazagystanyň nyşany bolan açyk-gök lentalary sowgat edýär. Almaty, 2022-nji ýylyň 9-njy maýy.

Gazagystanyň rus dilli ilaty özüni nähili duýýar we olar diskriminasiýa sezewar bolýarmy – GDA ýurtlary instituty "rus watandaşlaryna" şeýle soraglary berýär. Düýbi Moskwada ýerleşýän bu edaranyň ýörite anket düzüp, sorag-jogap geçirmegini bilermenler Russiýanyň Ukraina garşy harby agressiýasynyň fonunda, Gazagystana we öňki sowet respublikalaryna howsalaly duýduryş ýaňy diýip hasaplaýarlar.

Öz wezipesini öňki sowet giňişligini öwrenmek diýip hasap edýän GDA ýurtlary instituty sosial ulgamlarda, "ýakyn daşary ýurtlarda ýaşaýan rus watandaşlary", ýagny Moldowanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we ykrar edilmeýän Pridestrpwýanyň (Moldowanyň rus tarapdary separatistik sebiti) rus we rus dilli raýatlary üçin anket ýaýratdy. Näme üçin şu anket hut häzir peýda boldy we onuň netijeleri nähili bolup biler?

GAZAKLAR HEM HUKUK KEMSIDILMELERI BARADAKY GATNAŞYKLAR MESELESI

Facebook’-yň Gazagystan segmentinde ilkinji bolup ankete üns beren adamlardan biri Tatýana Fominowa boldy. Onuň käbir soraglaryň goýluşyna gahary gelipdir. Muňa garamazdan, ol "ilki bilen gaharyny bildirmek" üçin, bu anketi doldurmagy ýüregine düwüpdir, ikinjiden, bu barlagyň netijeleri ahyr soňunda tersine edilse-de, hakykat taryhda we arhiwlerde saklanar ýaly, "Goňşy döwletlerden gazagystanlylara hiç hili "kömeginiň" gerek däldigini we Russiýanyň garaşsyz Gazagystanyň islendik işine goşulmagyna düýbünden garşydygyny" aňlatmak isläpdir.

— Men özümi Russiýa bilen däl-de, Gazagystan bilen baglanyşdyrýaryn we öz watanymy söýýärin. Hawa, bizde entek tertibe salynmaly işler bar, hawa, ýurduň hökümeti üçin soraglarym hem bar, ýöne biziň bu içerki işimiz, ony biziň özümiz çözeris. Bir ýerde biziň hukuklarymyz bozulýan bolsa, onda rus dilinde gürleýänleriň ýa-da ruslaryň hukuklary däl-de, eýsem gazagystanlylaryň hukuklary hökmünde bozulýar. Meniň döwletim hiç haçan milli esasda meniň hukugymy bozmady – diýip, Tatýana Fominowa aýdýar.

Anketdäki käbir soraglar prowokatiw häsiýetli görünýär. Respondentleriň ýaşy, jynsy, milleti, hünäri we maşgala ýagdaýy barada paýlaşmagy teklip edilýän adaty maglumatlara goşmaça, anketi düzüjiler jogap berijiniň maşgalasynyň Gazagystanda näçe nesil ýaşaýandygy, gazaklar bilen gatnaşygynyň nä derejede ýakynlygy, Gazagystandaky durmuşdan näderejede kanagatlanýandygy we milletine ýa-da diline baglylykda, diskriminasiýa sezewar edilendigi bilen gyzyklanýarlar.

Oýlanmaga itergi berýän soraglara “Gazagystanda ýaşaýan rus watandaşlara doly hukukly raýatlar ýaly duýmak üçin, bir zat etmelimi?”, "Gazagystanyň rus dilli ýaşaýjysy hökmünde, öz hukuklaryňyzy goramagyň haýsy usullaryny iň täsirli hasaplaýarsyňyz?", "Rus dilli ilatyň özüni parahat duýmagy üçin, Gazagystanyň häkimiýetleri goşmaça kanunlar we/ýa-da kararlar kabul etmelimi?" Iň soňky soraga jogaplaryň arasynda, "Russiýa bilen goşa raýatlyk barada şertnama baglaşylmagyna rus dilli ilat zerurlyk duýýar" diýen ýaly, başga wariant hem bar. Şol bir wagtyň özünde, Gazagystanyň kanunçylygy goşa raýatlygy gadagan edýär.

Olardan iň göze görnüklisi: “Rus watandaşlary bolmagyňyz Sizde nähili duýgular döredýär?” diýen soragdyr. Onuň jogabynyň görnüşleri: “Buýsan”, “Arkaýyn ynamly”, “Hiç bir duýgy duýamok”, “Göwne degilme, ýalňyzlyk” we “Başgalar”, şunuň bilen birlikde, ankete jogap beriji öz jogabyny-da berip bilýär.

Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky we Moldowadaky "watandaşlar" üçin iberilen anketler birmeňzeş: diňe "gazaklar" we "Gazagystan" sözleri çalşylýar.

Russiýanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan "watandaşlar" kesgitlemesi teoretiki taýdan tutuş postsowet giňişliginiň ýaşaýjylaryny öz içine alýar. Watandaşlar diýlip “Russiýa Federasiýasynyň çäginden daşarda ýaşaýan adamlar we olaryň nesilleri ykrar edilýär, şeýle hem Russiýa Federasiýasy bilen ruhy, medeni we hukuk gatnaşyklaryny erkin saýlanlar degişlidir. Watandaşlar SSSR-iň graždanlygy bolanlar, postsowet respublikalarynyň graždanlygyny alan ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlary öz içine alýar. ("Russiýa Federasiýasynyň daşary ýurtdaky watandaşlar bilen baglanyşykly döwlet syýasaty barada" Federal Kanuny)

GDA ýurtlary institutynyň müdiriniň orunbasary Aleksandra Dokuçaýewa Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bilen telefon arkaly gürleşende, GDA ýurtlarynyň, şol sanda Gazagystanyň graždanlarynyň arasynda, şuňa meňzeş soraglaryň mundan öň 2014-nji we 2017-nji ýyllarda geçirilendigini aýtdy. "Ol kim bolaýanda-da, biz hiç bir adamyň aýagynyň aşagyny gazýandyrys diýip pikir etmeýäris we biziň goltugymyzyň aşagynda daş ýok” diýip, Dokuçaýewa belledi.

— Bu anket anonim. Ankete jogap berenlerden, soralan jogaplardan başga hiç bir şahsy maglumatlary almaýarys: ýaşy, jynsy. Biz diňe watandaşlarymyzyň häzirki ýagdaýlaryny bilmek isleýäris, şol sanda häzirki çylşyrymly şertlerdäki garaýşyny. Derňew geçirýän ýurtlarymyzda bar zat kadaly bolsa, muňa goňşularymyz we ol ýerde ýaşaýan watandaşlarymyz üçin begeneris. Eger anketde Russiýa garşy käbir talaplaryň edilýändigi ýüze çyksa, ol meseleleri nädip çözmelidigi barada oýlanmalydyrys. Eger närazylyklar olaryň ýaşaýan ýurduna degişli bolsa, haýsydyr bir adaty diplomatik ýollar bilen, belki-de, olar çözüler. Sebäbi Russiýa diňe bir öz içindäki durnuklylyk üçin däl, eýsem postsowet ýurtlary bilen hem gyzyklanýar. Şoňa görä bu asla gerekmejek dartgynlylyk barada duýduryş we öňüni almak çäresi — diýip, Aleksandra Dokuçaýewa aýdýar.

INSTITUT PUTINE «ILKINJI DÜNÝEWI YNSAN» DIÝÝÄR

Anketi işläp taýýarlan GDA ýurtlarynyň instituty 1996-njy ýylda döredildi. Institutyň resmi web sahypasynda, onuň wezipeleriniň post-sowet giňişligini öwrenmek, Russiýa Federasiýasynyň ýakyn daşary ýurtlardaky goňşularynyň syýasat işlerine ylmy, analitiki we jemgyýetçilik-syýasy goldaw, şeýle hem öňki SSSR-iň çägindäki etno-jemgyýetçilik we harby-syýasy gapma-garşylyklara gözegçilik etmek we olary çözmek hem-de onuň öňüni almak boýunça teklipleri işläp düzmek diýilýär.

Institutyň web sahypasynda aýdylýanlardan çen tutulsa, Moskwanyň Ukrainadaky "ýörite harby operasiýa" diýilýänini aç-açan goldaýar. Saýtdaky "Rus Kiýewsiz parahatçylyk näme?" atly golaýda ýerleşdirilen makalalaryň birinde, GDA ýurtlary instituty tarapyndan geçirilen tegelek stol gepleşiginde, oňa gatnaşanlaryň ählisi Ukrainanyň döwletliligini ret edýärler we bu ýurduň çägini “rus” topragy hasaplaýarlar.

Awtor hökmünde Rus ybadathanasy bilen gatnaşyklar institutynyň bölüminiň müdiri Kirill Frolow görkezilip, şonuň bilen birlikde, ol barada üçünji şahs tarapyndan şeýle diýilýär: “Kirill Frolow Russiýanyň haça sejde edýän Güni Slobožanlaryň we Noworossiýanyň Harkowdan başlap, Odessa çenli azat edilmegi iň pes derejedir we Rus Ybadathanasynyň, döwletliligiň we medeniýetiň sallançagy bolan Kiýewiň azat edilmegi, prawoslaw hristianlaryň islegi däl, eýsem diňe gowy arzuwy, ilkinji nobatda ýurduň ilkinji dünýewi ynsany Wladimir Putiniň borjy, sebäbi ybadathananyň däbi Kiýewiň azat edilmeginiň zerurdygyny görkezýär".

GDA ýurtlary institutynyň düýbüni tutujy we onuň aýrylmaz ýolbaşçysy, Döwlet Dumasynyň deputaty Konstantin Zatulin bolup, ol golaýda “Russiýa Federasiýasynyň daşary ýurtdaky watandaşlar babatdaky döwlet syýasaty baradaky" kanunynyň täze wersiýasyny teklip etdi. Onda "rus watandaşlary" düşünjesine has giňişleýin düşündiriş berýär. Eger kanun kabul edilse, onda gönüden-göni ata-babalary häzirki Russiýanyň çäginde doglan ýa-da ýaşan hem-de "umumy rus medeni aýratynlygyny" saklaýan we rus dilinde gürleýänler "watandaşlar" hasaplanar.

Gazagystan meselesinde Zatulin, esasan, prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň iýun aýynda Sankt-Peterburgda geçen halkara ykdysady forumynda, Gazagystanyň Günorta Osetiýa, Abhaziýa we şuňa meňzeş döwletleri ykrar etmeýändigi barada aýdan sözleri üçin reaksiýa bildirdi.

Döwlet Dumasynyň deputaty, GDA ýurtlary institutynyň direktory Konstantin Zatulyn
Döwlet Dumasynyň deputaty, GDA ýurtlary institutynyň direktory Konstantin Zatulyn

Konstantin Zatulin "Gepleýär Moskwa" radiostansiýasynda, Tokaýewiň özüni alyp barşyny kadaly däl diýip atlandyrdy hem-de ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar sowaşan halatynda, Russiýanyň Ukraina bilen bolşy ýaly, Gazagystana garşy territorial talaplarynyň bolup biljekdigini ýaňzytdy.

“Esasan tutuş bir sebitiň, rus ilatynyň aglaba köplükde ýaşaýan ilatly nokatlarynyň Gazagystan diýilýän zat bilen beýle bir baglanyşykly däldigini olar gaty gowy bilýärler. Biz mydama we ähli ýerde, şol sanda Ukraina bilen gatnaşyklarymyzda aýdýarys: eger biz dostluk, hyzmatdaşlyk hem özara gatnaşyk bar bolsa, hiç hili territorial meseläni gozgamaýarys. Eger ol ýok bolsa, her zadyň bolmagy mümkin. Ukrainanyň mysalynda bolşy ýaly. Şol sebäpdenem, meniň göwnüme bolmasa, Gazagystan meseläniň beýleki tarapyna-da üns berse kem bolmazdy” diýip, Konstantin Zatulin Tokaýewiň çykyşynyň ertesi güni öz garaýşyny radionyň efirinde aýtdy.

«ANKET 24-nji FEWRALDAN ÖŇ GEÇIRILEN BOLSA, OŇA HIÇ KIM ÜNS BERMEZDI»

Azatlyk Radiosynyň haýyşy bilen PaperLab barlagçylar toparynyň bilermeni, gazagystanly sosiology Serik Beýsembaýew GDA ýurtlary institutynyň anketine öz garaýyşlaryny mälim edip, bu barlagda hemme zadyň kontekstde, ýagny ahyrky netijede kesgitlenýändigini belledi: eger anket 24-nji fewraldan öň (rus goşunlarynyň Ukraina hüjüm edilen senesi – Red.) geçirilen bolsa, oňa hiç kim üns bermezdi diýdi. "Ruslaryň Ukraina çozup girmegi we Russiýa Federasiýasynyň ýokary wezipeli adamlarynyň imperiýa beýanatlarynyň fonunda geçirilýän soraglar görnüşi ýaly däl hem zyýansyzlykly görünmeýär" diýip, bilermen hasap edýär.

Sosiolog Serik Beýsembaýew
Sosiolog Serik Beýsembaýew

— Bu anketde esasy alada döredýän zat "rus watandaşlary" diýlen düşünjäniň erkin ulanylyp, oňa "SSSR-iň ähli öňki graždanlary we olaryň nesilleri" diýmegi aňlatmagydyr hem-de munuň özi ýüzugra ankete jogap berýänleriň üstüne atylýar. Bu kesgitleme bilen ylalaşýandygyny ýa-da ýokdugyny respondentleriň özleriniň saýlamagy gerek. Beýle saýlawyň ýok ýerinde, barlagyň etikasyna düýbünden ters gelýär we anketi düzüjileriň öňe sürýän pikirini talap edýär. Başgaça aýdylanda, ol pikirleri öwrenmek hakda däl-de, ýörite kesgitlemeleriň kömegi bilen jogap berijileriň arasynda, belli bir pikiriň emele gelmegi hakda gürrüň gidýär. Bu meselede 24-nji sorag düýbünden nädogry. Sorag: “Rus watandaşlary bolmagyňyz Sizde nähili duýgular döredýär?” — şol wagtyň özünde adamyň özüni rus watandaşlaryna degişli duýmaýandygy barada, başga wariant ýok. Emma milletine ýa-da diline baglylykda diskriminasiýa ýüze çykýarmy diýen sorag beýlekilere garanda, dogry görünýär. Biziň sosiologlarymyz hem milletara gatnaşyklar temasyny öwrenenlerinde, takmynan şeýleräk äheňde sorag berýärler. Esasy zat, jogaplaryň arasynda, şeýle diskriminasiýanyň bardygyny inkär edýän wariant bar – diýip, Beýsembaýew belleýär.

Syýasaty öwreniji Dimaş Alžanow GDA ýurtlary institutynyň internet barlaglarynyň öz ýörite geçiriliş usulyýeti sebäpli, onuň uly bir sosiologiki ähmiýete eýe bolup bilmejekdigini belleýär, emma syýasy maksatlarda ulanmak üçin, maglumat ýygnamaga ýarajakdygyny aýdýar.

— Russiýanyň syýasy ýolbaşçylaryndan ýaýraýan maglumatlara we rus habar serişdeleriniň Gazagystanyň rus ilatynyň gysylyşy meselesini gozgamak synanyşyklaryna seretsek, onda rus režiminiň goňşy ýurtlaryň jemgyýetlerini bölmäge gönükdirilen daşarky syýasatynyň aýdyň ýüzüni görmek bolýar. Ýadyňyzda bolsa, şuňa meňzeş usullar bilen rus režimi Ukrainada hereket edip, belli bir çäkde üstünlik gazandy hem rus tarapdary bolan syýasy partiýalaryň döremegine getiripdi. Häzirki wagtda Russiýa integrasiýa taslamalarynyň netijesizligi sebäpli, syýasy ýa-da ykdysady taýdan üstünlikli ýurt däl. Şu ýagdaýda bölmek syýasaty, toparlary döretmek we "watandaşlaryň" gysylýandygy baradaky meseläni ýokarlandyrmak ugry Kremliň öňki SSSR ýurtlarynda täsirini giňeltmegiň ýeke-täk iş guralyna öwrülýär – diýip, syýasatçy aýdýar.

Dimaş Alžanow beýleki bir meseläni – Gazagystanyň gowşak goralanlygyny-da belledi.

— Bu ýerde şeýle hem, häkimiýeti ele alan we syýasy kepillik hökmünde Russiýa bil baglaýan režim bar. Häkimiýeti saklamagyň syýasy kepillikleri üçin, Gazagystanyň ýolbaşçylary Russiýa bilen integrasiýa we syýasy bileleşiklere gatnaşyp, ýurduň milli howpsuzlygyny howp astyna saldy. Gazagystan häzir Russiýanyň maglumat giňişliginde, şonuň üçin Kremliň jemgyýetimizi bölmek syýasaty üstünlikli bolup biler. Demokratiýalaşmasa we döwleti jemgyýetiň hyzmatyna geçirmese, Gazagystana Russiýanyň täsirine garşy durmak kyn bolar.

Soňky ýyllarda rus syýasatçylary we belli jemgyýetçilik işgärleri köplenç Gazagystana garşy ýurtda gahar-gazap tupany döretjek hüjümleri öňe sürýärler. Hususan-da, 2020-nji ýylyň dekabrynda, häkimiýetdäki “Bitewi Russiýa” partiýasyndan deputat Wýaçeslaw Nikonow rus telewideniýesiniň Birinji kanalda Gazagystan döwletiniň çägini “Russiýa we Sowet Soýuzy tarapyndan [berlen] ajaýyp sowgat” diýip atlandyrdy we “Demirgazyk Gazagystanyň asla ilatynyň ýokdugyny” aýtdy.

2021-nji ýylyň noýabrynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow "Rossiýskaýa gazetanyň" sahypasynda, Gazagystanda rus dilinde gürleýänler barada ksenofobiýa yglan etdi.

Russiýanyň Ukraina çozup girmeginden soň, tanymal rus şahsyýetleri tarapyndan, Gazagystana edilýän hüjümler diňe artdy. Aprel aýynda rus propagandisti Tigran Keosaýanyň YouTube kanalynda wideosy peýda boldy, onda Gazagystanyň 9-njy maýda harby parad geçirmezlik kararyna negatiw garaýyş beýan edýär.

“Gazaklar, doganlar, bu nähili gadyr bilmezlik? Ýigitler, siz hakykatdanam Russiýa bugaryp, ýok bolar diýen karara geldiňizmi? Marsa göçýärmi? Ýa-da siz göçeris öýdýärsiňizmi? Men Russiýa Federasiýasynyň graždanini Tigran Edmondowiç Keosaýan öz şahsy pikirimi aýdýaryn. Ukraina üns bilen serediň, çynlakaý oýlanyň. Şeýle hem biziň jogapkär adamlarymyz hem gatnaşyklaryň derejesine baha bermeli we täzeden gözden geçirmeli diýip pikir edýärin. Sebäbi, meniň gadyrdanlarym, mundan beýlägem şeýle akylly * oýny dowam etdirip bileris diýip hasap etseňiz we munuň üçin özüňize hiç zat bolmaz diýseňiz, ýalňyşýarsyňyz” diýip, Keosaýan mälim etdi.

Bu beýanat gazagystanlylaryň arasynda gahar-gazap tolkunyny döretdi, Gazagystanyň häkimiýeti bolsa ony "ýurda girmegi islenmeýän" propagandaçylaryň sanawyna goşdy.

Gazagystan baradaky iň soňky we, ähtimal, iň güýçli aýdylan söz Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary we öňki prezident Dmitriý Medwedewiň "VKontakte" sahypasyndaky ýazgysy boldy. Sosial ulgamda goýlan ol ýazgyda, Gazagystanyň "emeli döwletdigi" we onuň "öňki rus ýeridigi" aýdylýar. Awtor SSSR-i döretmek niýeti barada ýazdy we "bölünip aýrylan ýerleri" yzyna gaýtarmagy wada berdi. Dawa-jenjel döreden ol ýazgy gysga wagtda pozuldy we Medwedewiň kömekçisi syýasatçynyň sahypasynyň döwlendigini aýtdy.

Medwedewiň hasabynda peýda bolan ýazgydan soň, Gazagystanyň häkimiýetleri öz raýatlaryna "rus ýerleri" barada gürleýänleriň jogapkärçiligini ýatlatmak isleýän ýaly, iki aý ozal Petropawlowskdan bir maşgalanyň garşysyna geçirilen kazyýet işi barada habar ýaýratdy. Ol är-aýal Ukrainadan bolan blogçy bilen wideo söhbetdeşlikde, Demirgazyk Gazagystanyň Russiýa birikdirilmegine çagyryş etdiler. Kazyýet olary "separatizme çagyrandygy üçin" bäş ýyl azatlykdan mahrum etdi. "Separatist işjeňlik" maddasy Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmeginden gysga wagt soň, 2015-nji ýylda Gazagystanyň jenaýat kodeksine girizildi. Bu madda laýyklykda, iň ýokary jeza 15 ýyl türme tussaglygy we graždanlykdan mahrum etmek çäresini göz öňünde tutýar.

Pýotr TROSENKO, Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG