Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen edebiýatynda öý haýwanlarynyň şöhlelendirilişi


Illýustrasiýa suraty. Garagum çöli.
Illýustrasiýa suraty. Garagum çöli.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen edebiýatynda öý haýwanlarynyň şöhlelenişini öwrenýär.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda itlere gazaply çemeleşilmegini gadagan edýän kanun kabul edildi. Bu kanunyň öň ýany hem, yz ýany hem Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda itlere, hususan-da eýesiz itlere gazaply çemeleşilýändigini habar berdiler.

17-nji awgustda hökümetçi Turkmenportal.com neşiri ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Tebigaty goramak jemgyýeti we meýletinçiler topary bilen bilelikde penahanalarda saklanýan jandarlara azyk we derman gowşurandygyny habar berdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda haýwanlaryň hukuklaryna goldaw bermek maksady bilen geçiren “10 günlük söýgi we hoşniýetlilik” kampaniýasynyň jemi jemlendi. Bu çäre Türkmenistanda itlere gazaply çemeleşilmegini gadagan edýän kanunyň çap edilen wagtyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary ozalky ýyllarda hem ýurtda haýwan hukuklarynyň agyr ýagdaýy barada habar berip gelýärler. Halklaryň öý haýwanlaryna çemeleşmeleri belli bir derejede döredijilik işlerinde, edebiýatda we sungatda öz beýanyny tapýar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen edebiýatynda öý haýwanlarynyň şöhlelenişini öwrenýär. Gepleşigimize türkmen edebiýatçysy, ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

Türkmen edebiýatynda öý haýwanlarynyň şöhlelendirilişi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG