Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Otly hadysasynda hatardan çykan köpriniň bejerilmezligi ilatyň durmuşyny bökdeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjylary mundan iki hepde çemesi ozal bolan otly hadysasy sebäpli hatardan çykan köprüde abatlaýyş işleriniň geçirilip başlanmandygyna nägilelik bildirýärler. Ýaşaýjylar köpriniň ulag hereketine ýapylandygyny belläp, munuň ilat üçin dürli kynçylyklary döredýändigini aýdýarlar. Olar bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 13-nji awgustda demir ýol wokzalyndan gelýän ýük otlusy Atabaýew köçesinde ýerleşýän köpriniň aşaky bölegini ýumurýar. Muňa otly köpriniň aşagyndan geçende, işgärleriň otlynyň depesindäki ýük düşürmek üçin niýetlenen agyr tehnikany aşak düşürmezliginiň sebäp bolandygy aýdylýar.

"Bu waka bilen bagly derňew işleri dowam edýär. Otlyny dolandyran sürüji işden çykaryldy. Ol serhoş halda otlyny dolandyrmakda aýyplanýar. Waka bilen bagly derňew işi Aşgabada geçirildi" diýip, ýerli kanun goraýjy edaralaryň birindäki ygtybarly çeşme 26-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, şol hadysadan soňra häkimiýetler ilat arasynda "Gorbatyý most" diýlip hem tanalýan bu köprüde abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigini aýdyp, ony ulag hereketine ýapdylar.

Ýöne ýaşaýjylar aradan iki hepdäniň geçendigine garamazdan, onda abatlaýyş işleriniň heniz-de başlanmandygyndan şikaýat edip, onuň ýapyk galmagynyň ilat üçin dürli kynçylyklary döredýändigini aýdýarlar.

"Bu köpri gaty köp awtoulagy özünde jemläp, köpriniň aňyrsyna we bärsine gatnawy üpjün ederdi. Munuň ýapyklygy köpriniň iki tarapyndaky ilata, hususan-da Baýramhan we Işan Garagöz köçeleriniň we töwereginiň ýaşaýjylaryna, şol sanda telekeçilere agyr täsir ýetirýär. Şeýle-de, Ýeňşiň 50 ýyllygy köçesiniň, Iskra we Peşanaly obalarynyň ýaşaýjylarynyň şähere girmegini hem kynlaşdyrdy. Ulaglar ýollaryny uzaldyp, aýlaw edip, beýleki taraplardan şähere girmeli bolýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý, şeýle-de bu ugur boýunça jemgyýetçilik transport serişdeleriniň ýola goýulmazlygy we döwlet taksileriniň düýbünden ýoklugy, hususy taksileriň bahasynyň üç esse gymmatlamagyna hem getirdi.

"Taksi sürüjileri aýlawly ýollar sebäpli iki esse köp ýol geçmeli bolýandyklaryny we şol ýollaryň hatardan çykandygyny aýdyp, iki esse köp ýol kireý alýarlar. Mysal üçin, köpri abat wagty, bir ýaşaýjy Atabaýew köçesiniň beýleki tarapyna geçmek üçin üç manat tölän bolsa, indi 10 manat tölemeli bolýar. Gök bazardan Baza şäherçesine gitjek ýolagçylaryň her birinden bolsa, 10 manatdan 15 manada çenli töleg soralýar. Öň hususy taksiler bu aralyk üçin 3 manat kireý alýardylar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran başga bir ýaşaýjy belledi.

Köp ýaşaýjy işleýän edaralaryna baryp gelmek ýa-da şäherdäki zerurlyklaryny amala etmek üçin her gün taksä pul tölemäge maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdyp, köpriniň aşagyndan pyýada geçmäge mejbur bolýandygyny belleýär. Ýöne olar köpriniň aşagynda pyýadalar üçin niýetlenen geçelgeleriň ýokdugy sebäpli, polisiýa işgärleriniň özlerine yzygiderli jerime salýandygyny ýa-da para alýandygyny belleýärler.

"Polisiýa köpriniň bozuklygyndan peýdalanýar. Olar diňe irden we giçlik, adamlaryň işe gidip gelýän wagtynda köpriniň aşagynda durýarlar. Olar adamlara 50 manat jerime ýazýarlar ýa-da olardan 10 manat para alýarlar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk otly hadysasy we munuň netijesinde ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada Marynyň häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden we demir ýol wokzalyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýurtda bolýan ýol hadysalary, tebigy betbagtçylyklar ýa-da ýangynlar, olaryň ilata ýetiren täsirleri barada köpçülige aç-açan maglumat bermeýärler. Ýöne Azatlygyň habarçylary ýurtda ýüze çykýan betbagtçylyklar we olaryň ilata ýetiren täsirleri barada dowamly maglumat berýärler.

Galyberse-de, habarçylarymyz täze gurluşyklara millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde sarp edilýän mahaly, ilatyň gatnawly köçeleriniň we köprüleriniň ençemesinde abatlaýyş işleriniň ýyllarboýy geçirilmeýändigini, hatardan çykan infrastruktura desgalarynyň ençeme aýlap bejerilmeýändigini hem habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri bu habarlara resmi derejede reaksiýa bildirmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG