Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda otly hadysasynda bir adam "öldi"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden ugran otly, Bahar etrapçasynyň golaýynda, demir ýoldan pyýada geçip barýan bir ýaşaýjyny basyp geçdi. 30 ýaşly adam wakanyň bolan ýerinde aradan çykdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan maglumat berdi.

Şaýatlaryň habarçymyza aýtmagyna görä, waka 10-njy iýunda irden sagat 10:20 töwereginde boldy. Türkmenabadyň demirýol menzilinden Zerger wokzalyna tarap ugran otly Bahar etrapçasynyň golaýyna ýetende, demir ýoluň bir tarapyndan beýleki tarapyna geçip barýan adamy kakdy.

"Wakanyň bolan pursady ýaşaýjy Bahar etrapçasynda ýerleşýän 66-njy bazardan azyk önümlerini satyn alyp, welosipedli Çärjew etrabynyň Iliç obasyna barýardy. Demir ýoluň birinji böleginden geçmegi başaran adam onuň ikinji şahasyndan geçjek bolanda, demir ýoldan wagtynda geçip bilmeýär. Ol demir ýol şahasynyň ortasynda galdy. Adamyň welosipediniň yzky bagažyndaky azyk önümlerini salar ýaly plasmassa gara guty uçup gidipdir" diýip, waka şaýat bolan lebaplylaryň biri anonimlik şertinde 13-nji iýunda gürrüň berdi.

Ol ýokary tizlik bilen barýan ýöriteleşdirilen awtokranly otlynyň pyýada ýaşaýjyny kakyp, 60 metr töweregi aralygy geçenden soňra durandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, merhumyň geçen ýerinde pyýadalaryň demir ýoldan geçmegi üçin niýetlenen ýörite geçelge ýok. Ýöne şähere pyýada ýa-da tigirli gidýän etrap we oba ýaşaýjylary köplenç demir ýoluň şu böleginden geçýärler.

Habarçymyz merhumyň şahsyýetini anyklap bilmedi. Azatlyga bu waka barada Türkmenabadyň demirýol menzilinden we polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak hem başartmady. Waka barada ýurduň metbugat serişdelerinde-de habar berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri adam pidalaryna getirýän tebigy, tehniki hadysalar we köçe-ýol, otly betbagtçylyklary bilen bagly statistiki maglumatlary halk köpçüligine aýan etmeýärler. Ýurduň köpçülikleýin media serişdelerinde köçe-ýol heläkçilikleri barada wideo reportažlar görkezilmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary ýurtda bolýan tebigy we ýol hadysalary barada ýygy-ýygydan habar berýärler.

Maýyň başyndaTürkmenabadyň aeroportunda traktordaky näsazlygy bejerýän bir işgär onuň tekeriniň ýarylmagy netijesinde agyr ýaralandy. Şonda Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ygtybarly çeşmelerimiz işgäriň iş wagtynda ýaralanmagyna ýolbaşçylaryň "geleňsizliginiň" sebäp bolandygyny aýtdylar.

Geçen ýylyň sentýabrynda, ýol howpsuzlygynyň biraýlygynda Lebapda adam pidaly azyndan 31 sany ýol hadysasynyň hasaba alnandygyny, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndaky (PÝGG) çeşmelerimiz habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG