Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň häkimiýetleri itler üçin kapasalary ýok etdi, ýaşaýjylar bilen duşuşmagy wada berdi


"Her gün itleriň çyňsaýşyny eşidýäris". "Kararyňyz işlemeýär, hormatly prezident!"
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:03 0:00

"Her gün itleriň çyňsaýşyny eşidýäris". "Kararyňyz işlemeýär, hormatly prezident!"

Türkmenabatda itlere görkezilýän zulum barada ençeme maglumatyň we wideolaryň çap edilmeginden soň şäher häkimligi käbir çäreleri görüp başlady we haýwanlara rehim edýän ýaşaýjylar bilen duşuşmagy wada berdi. Bu barada 25-nji awgustda Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berdiler.

Soňky aýlarda Türkmenabadyň ýaşaýjylary köçelerde itleriň köpçülikleýin ýok edilmegine mejbury şaýat boldular. Haýwanlary tutýan gullugyň we jemagat hyzmatlarynyň işgärleri haýwanlary tutup, ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde köçelerde urup öldürdiler, soň jan beren ýa-da ölüm halyndaky diri haýwanlary ýörite ulaglara ýükläp, alyp gitdiler. Şeýle aýylganç pursatlaryň käbirini ýerli ýaşaýjylar tarapyndan düşürilen wideolarda görmek bolýar.

В Туркменабаде очередное массовое убийство собак
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:50 0:00

25-nji awgustda Türkmenistanda haýwanlary goraýjylar Türkmenabat şäherinde turulan itleriň saklanýan ýerzeminlerinde girelgelerdäki demor gözenekleriň aýrylandygyny habar berdiler.

Geçen hepde ýaýradylan wideo ýazgydan görnüşi ýaly, tutulan haýwanlar şol ýerzeminlerde galyň plastik haltalara salnyp saklanýardy. Şol kapasalaryň girelgelerinde demir gözenekler oturdylypdy. Habarçylar selofan bilen örtülen diri itleriň demigip, ýuwaş-ýuwaşdan jan berýändigini, ölen itleriň maslygynyň çüýreýändigini habar berýärler. Bu ýeriň daş-töwereginde ýaşaýanlar gije-gündiz itleriň çyňsamagyny eşidip, elhenç ysy alýandygyny gürrüň berdiler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aktiwistler demir gözenekleriň aýrylmagy bu ýagdaýy köpçülige paş edýän maglumatlaryň çap edilmeginiň netijesi diýip, hasap edýärler, emma häkimiýetleriň reaksiýasynyň şu wagt munuň bilen çäklenendigini belleýärler.

"Gözenekler aýryldy we ol ýerde haltadaky itler indi ýok. Nirä eltilendigi belli däl. Ýaşaýjylar itleriň birnäçesini halas etdiler. Elbetde, bu çap edilen maglumatlara reaksiýa" - diýip, haýwanlary goraýjy aktiwist Aşgabatdan habar berdi.

Bu aralykda, habarçylaryň sözlerine görä, idegsiz haýwanlar üçin penahana döretmek haýyşy bilen administrasiýa ýüz tutan Türkmenabadyň ýaşaýjylaryna häkimlikden jaň edilip, olar bilen duşuşmak wada berlipdir. Duşuşyk 8-nji sentýabra planlaşdyrylypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenabadyň häkmliginiň wekilleri bilen gürleşmek boýunça eden synanyşygy başa barmady.

Aktiwistler jemgyýetiň ünsüni çekmek itlere zalymlygy azaltmaga kömek eder diýip hasaplaýarlar we haýwanlara rehimsizligiň çagalaryň terbiýesine ýaramaz täsir edýändigini belleýärler. Bolýan zatlara jemgyýetäki umumy biperwaýlygyň fonunda köplenç çagalar hem zulumly hereketlere baş goşýarlar.

Azatlygyň habarçylary çagalaryň irleri tutmak işine çekilmegine degişli birnäçe wakalary habar berdiler. Tutulan haýwan üçin maddy peşgeş berilmegi çagalary itleri tutmaga höweslendirýär. “Çagalar 5 manat üçin itleri we pişikleri gyrmak işine gatnaşýarlar. Olar ellerine halta we taýak alyp aýlanýarlar. Olary 30-njy etrapçanyň, 2-nji seýilgähiň we sirkiň golaýynda görüp bolýar. Umuman aýdylanda, bu işler şäheriň hemme ýerinde çalt depginde alnyp barylýar. Adamlar muňa gaty alada bildirýärler "-diýip, öýünde it saklaýan aşgabatly ýaşaýjy Azatlyga gürrüň beripdi.

Ýaňy-ýakynda ýurtda "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanun kabul edildi, aktiwistler ony ikiýüzlilik diýip atlandyrdylar.

Täze kanunda eýesiz we ýabanylaşan itleriň tutulmagynyň zyýansyzlandyrma işlerini, öňüni alyş sanjymlaryny, weterinariýa gözegçiligini geçirmek we öňki ýaşaýan ýerine gaýtaryp getirmek ýa-da saklawhanalara ýerleşdirilmek maksady bilen amal edilip bilinjekdigi bellenýär. Şeýle-de, kanunda ilatly nokatlaryň çäklerinde eýesiz we ýabanylaşan itleri tutmak işiniň diňe ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň çözgüdi esasynda döredilýän topar tarapyndan amala aşyrylyp bilinýändigi aýdylýar.

"Itleri köpeltmek we kinologiki işler baradaky kanun" itlere rehimsizligi gadagan edýär.

Kanunyň 24-nji maddasynda, itleri bikanun hereketleriň ýa-da sowuk-sala seretmegiň netijesinde bilkastlaýyn öldürmek ýa-da olara şikes, howply zyýan ýa-da saglygyna beýleki agyr zyýanlary ýetirmek itlere rehimsizlik hökmünde ykrar edilýär diýilýär. Kanunyň 41-nji maddasynda bu kanunçylygyň bozulmagynda günäkär şahslaryň "Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýändigi" aýdylýar, ýöne jeza çäreleriniň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG