Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň sapary Türkmenabatdaky 'durmuşy duruzdy'


Ata kesbini dowam etdirýän ogul. Arhiw suraty
Ata kesbini dowam etdirýän ogul. Arhiw suraty

Serdar Berdimuhamedow şu gün Lebap sebitiniň paýtagtyna geldi, häzir "Bitarap Türkmenistan” şaýoly ýapyk diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Şeýle-de, habarçynyň maglumatyna görä, prezidentiň sapary sebäpli Türkmenabatda 6 bazar ýapyldy, berk hereket çäklendirmeleri girizildi, halanmaýan reňkdäki awtoulaglar saklanyp, 'jeza' meýdançasyna alnyp gidildi.

Ozalky prezident saparlarynda bolşy ýaly, S.Berdimuhamedowy garşylamak üçin, Türkmenabadyň uçar menzilinden tä "Prezident köşgüne" çenli, 25 km uzynlygyndaky aralyk petiklendi diýip, habarçy aýtdy.

Ýokary derejeli resminiň saparyna görülýän taýýarlyk, adatça bolşy ýaly, öňräginden başlandy we 27-nj awgustda "Bitarap Türkmenistan“ ýoluna çykan polisiýa gözegçileri onlarça gara, gök, ýaşyl, gyzyl reňkli ýeňil awtoulaglary saklap, jerime meýdançalaryna alyp gitdi.

Ýöne bu gün edara-kärhanalaryň işgärleri pagta ýygmaga gitmekden boşadyldy, netijede adamlaryň bir topary, 1 gün dynç alyp bilýäris diýip, bazarlyk işlerini bitirmekçi boldular. Emma olaryň bu niýetleri başa barmady. Sebäbi olar Türkmenabatdaky 6 bazaryň ýapykdygyny eşitdiler. Ol bazarlaryň üçüsi geýim-eşik bazary bolsa, galanlary azyk önümleriniň satylýan bazarlarydy diýip, habarçy aýtdy.

Şäherde ýene iki sany kiçiräk bazar bar, olardan gök-bakja önümlerini alyp bolýar. Ýöne şu gün hiç bazar işlemedi, hemme ýerde, hemme dükan ýapyklygyna galdy diýip, habarçy şäherdäki durmuşyň tasdan doly duruzylandygyny belledi.

Ýöne bir üýtgeşik waka hem boldy, şu gün tomus paslynda bir gün hem işlemedik fontan, çüwdürimler toplumy işläp başlady.

Nyýazow şaýoly bilen Gurbansoltan eje köçesiniň çatrygyndaky seýilgähde ýerleşýän fontanyň işläp duranyny gördüm, ol düýn geçemde hem işlemän durdy diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de ol S.Berdimuhamedowyň eýýäm şäheriň ýokarsyndan dikuçarly gezim edendigini aýtdy.

Habarçy bir gün öň bu sapara görülýän 'uly taýýarlyklar' hakynda habar berdi.

"Ýene-de ýollar ýuwulýar, köçeleriň gyrasyndaky beton erňekler tämizlenýär, ýol çyralarynyň sütünleri ýuwulýar, "Bitarap Türkmenistan” köçesiniň ugrunda ýerleşýän heýkeller suwa düşürilýär” diýip, habarçy ýazdy.

Habarçynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedowyň Türkmenabadyň günortasynda ýerleşýän täze awtomenziliň gurluşygyna baryp görmegi meýilleşdirildi.

Täze awtomenzile barýan Magtymguly şaýoly hem ýudulyp-ardyldy, iki ýerde depe bolup ýatan gurluşyk galyndylaryny aýyrmak üçin jemagat hojalygynyň işgärleri kän azap çekdiler.

"Bitarap Türkmenistan“ we Magtymgyly şaýolynyň çatyrygyndaki aýlawda ýerleşýän Oguzhan heýkeli ýuwuldy, aýlawyň içindäki guran gülleri goparyp, ornuna täze gülleri oturtdylar; pagta çykarylýan adamlary köpçülikleýin ýowara çykardylar diýip, habarçy bir gün öň beren habarynda aýtdy.

Şeýle-de, bu taýýarlyk üçin sebitiň beýleki etraplaryndan toplanan kömekçi işgärleriň, goşmaça tehnikanyň getirilendigi aýdylýar.

Türkmenistanda prezidentiň iş saparlary sebäpli görülýän taýýarlyk işleri, ýollaryň we bazarlaryň ýapylmagy uzak ýyllar bäri dowam edýär. Ýöne indi ýurtda ýene bir resminiň, şol bir wagtda prezidentiň kakasynyň edýän saparlary hem raýatlary köp rahatsyz edýär.

Öňki prezident "Awaza" gelip, işlere serenjam berdi.
Öňki prezident "Awaza" gelip, işlere serenjam berdi.

Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Awaza" eden saparynyň bir gün yz ýanyndan amala aşyryldy. "Ýokary derejede garşylamaly adam, öňünde tans etmeli emeldar ozal bir bolan bolsa, indi iki boldy, ýaş prezident geleni bilen, türkmen aganyň ýagdaýy gowulaşmady, erbetleşdi" diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG