Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy arzanlady


Türkmenbaşy şäheriniň etrapçalarynyň biri. Arhiw suraty
Türkmenbaşy şäheriniň etrapçalarynyň biri. Arhiw suraty

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gozgalmaýan emläk söwdasy çürt-kesik pese gaçdy. Bu ýagdaý ýaşaýyş jaýlarynyň nyrhynyň ep-esli arzanlamagyna we gozgalmaýan emläk söwdasy bilen meşgullanýan birnäçe firmanyň öz işini bes etmegine getirdi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy maglumat berdi.

"Türkmenbaşyda gozgalmaýan emläk söwdasy iň pes derejesine ýetdi. Geçen ýylyň ahyrynda we şu ýylyň ýanwarynda satlyga goýlan jaýlaryň heniz hem alyjysy ýok. Adatça jaýlar satlyga goýlandan bir-iki, uzaga çekse üç-dört aý soňra satylýar" diýip, emläk söwdasy bilen meşgullanýan hünärmen anonimlik şertinde 29-njy awgustda gürrüň berdi.

Habarçymyz söwdanyň pes bolmagynyň şäherdäki iri rieltor firmalarynyň dört sanysyndan üçüsiniň ýapylmagyna getirendigini hem aýdýar.

"Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenbaşyda kwartira we howly jaýlaryň bary-ýogy alty sanysy satyldy. Bu bolsa firmamyzyň banktrot bolmagyna getirdi. Satlyga goýulýan jaýlaryň sany ýüzlerçe bolsa-da, söwda düýbünden durdy" diýip, öňki hünärmen anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Emläk söwdasy bilen meşgullanýan hünärmenleriň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, söwdanyň pesligi sebäpli emläk eýeleriniň tas ählisi jaýlarynyň bahasyny azyndan 30 göterim arzanlatdy. Ýöne bu arzanladyş hem söwdanyň janlanmagyna kömek etmedi.

"Bir müşderimiz Nyýazow köçesiniň ugrunda, ikinji gatda ýerleşýän iki otagly jaýyny ýanwar aýynda satlyga goýdy. Şonda onuň bahasy 20 müň amerikan dollaryna deňdi. Ony maý aýyna çenli soran adam hem bolmady. Maý aýynda müşderi bu jaýyň bahasyny 16 müň dollara arzanlatdy. Şondan soň iki sany hyrydar sorady, ýöne netije bolmady. Ine, indi sentýabr aýy ýetip geldi, ýöne bu jaýyň hyrydary heniz-de ýok. Bu satlyga goýlan ýüzlerçe jaýyň diňe biri" diýip, hünärmen belledi.

Hünärmenler ýurtda ilatyň ykdysady şertleriniň barha ýaramazlaşýandygyny aýdyp, Türkmenbaşyda ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy 30 göterim däl-de, 80 göterim arzanladylsa-da, emläk söwdasynyň janlanmagyna kömek etmejekdigini belleýärler.

"Häzirki ykdysady krizis şertlerinde adamlarda jaý satyn almaga pul ýok. Adamlaryň ykdysady durmuşyny gowulandyrman, jaýlaryň bahasyny arzanlatmagyň peýdasy hem ýok. Adamlarda ipoteka jaý satyn almaga hem höwes ýok. Sebäbi Türkmenistanda ipoteka jaý satyn alan adamlar jaýyň iki-üç essesi möçberinde pul tölemeli bolýarlar, ýagny 20 müň dollarlyk jaýlar 40-60 müňe düşýär. Köp maşgala ipoteka töleglerini töläp bilmän, jaýlaryndan çykarylýar" diýip, hünärmen belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli gozgalmaýan emlägi hasaba alýan döwlet edarasyndan we salgyt gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenbaşyda emläk söwdasynyň pese gaçandygy baradaky habarlar, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, azyk gymmatçylygynyň we gytçylygynyň arasynda, ilatyň güzeran eklenjiniň barha agyrlaşýandygy barada habarlaryň gowuşýan mahalyna gabat gelýär. Habarçylarymyz ilat arasynda elektrik energiýasy, gaz we suw ýaly hojalyk hyzmatlary üçin töleglerini töläp bilmeýän, zir-zibil dörýän, dilegçilik edýän raýatlaryň köpelýändigini hem habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň netijelerini aç-açan boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG