Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bergili hojalyklaryň öý goşlary alynýar, hökümet öz alan karzlaryny 'gaýgy' edýär


Faraply zenanlar. Arhiw suraty

"Öňden bergisi bolan we häzirki tölegleri töläp bilmedik faraply hojalyklaryň 200 çemesiniň öý goşlary hasaplanyp, kazyýetiň karary bilen döwletiň haýryna geçirildi" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary häkimiýetleriň ilata görkezýän töleg basyşlarynyň barha köpelýändigini habar berýärler. Bu habar türkmen hökümetiniň ýene bir gezek ykdysady meseleleri maslahatlaşyp, milliardlarça dollar daşary ýurt karzlaryna gurlan kärhanalaryň we desgalaryň doly kuwwatynda işlemeýändigini, bergileri üzmek möhletini yza süýşürmek aladalaryny tassyklan wagtyna gabat geldi.

Farap etrabynda şu günler ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, adamlaryň bikanun çekilen liniýalar arkaly elektrik toguny, tebigy gazy ulanyp-ulanmaýandygyny barlaýarlar we mart aýy üçin öňünden tebigy gaz, elektrik tölegleriniň tölenmegini talap edýärler diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.

Talap edilýän gaz, tok töleglerini töläp bilmeýän ýaşaýjylaryň gazy-da, togy hem kesilýär. Gazy we togy kesilen maşgalalarda ýaş çagalaryň, garrylaryň, keselli adamlaryň bolup-bolmazlygy bilen hem gyzyklanmaýarlar.

"Öňden bergisi bolan we häzirki tölegleri töläp bilmedik faraply hojalyklaryň 200 çemesiniň öý goşlary hasaplanyp, kazyýetiň karary bilen döwletiň haýryna geçirildi" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, geçen hepdäniň 5-nji güni geçirilen sud diňlenişiklerinde tok we gaz tölegleri boýunça bergidar bolan adamlaryň işine seredilende, adamlaryň işsizligi we beýleki kynçylyklary hiç bir jähtden nazara alynmady.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllarynda ilata mugt ýa-da mugta ýakyn berlip başlanan gaz, tok we suw ýeňillikleri, ozal Ýaşulular, soňra Halk maslahatyna gatnaşan adamlaryň ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň has ýokarlanandygyny biragyzdan tassyklamagy esasynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda ýatyryldy.

Gaz we tok töleglerinden başga, Farapda köçe düzgünlerini bozan sürüjilere salynýan jerimeler hem köpeldildi.

"Ýol polisiýasynyň işgärlerinden şu aýda köçe hereketiniň düzgünlerini bozan adamlara köpräk jerime ýazmak talap edilýär, saýlaw we bag nahallaryny ekmek ýaly çärelere çykarylan çykdajylary, şuňa meňzeş beýleki zyýanlary halkyň hasabyna ýapyp azaltjak bolýarlar, ykdysady çökgünlik agyr geçýär, karantin çäreleri hem urna boldy" diýip, habarçy bilen gürleşen emeldar aýtdy.

Azatlygyň Marydaky habarçysy hem 8-nji martda ilata edilýän polisiýa gözegçiliginiň we ýerli-ýersiz jerime salmagyň görnetin güýçlendirilendigini, ýol polisiýasynyň awtoulag sürüjilerine salýan jerimeleriniň has ýygjamlaşýandygyny habar berdi.

“Olar protokol doldurmak üçin hatda howlularyň aralaryna hem aýlanyp, jerime salar ýaly adam gözleýär” diýip, habarçy bilen gürleşen maryly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyga gowşan maglumatlara görä, häzir Maryda her bir polisiýa işgärinden günde 10-15 sany düzgün bozma hasabatyny talap edýärler.

Şu aralykda türkmen hökümeti nobatdaky mejlisini geçirip, ykdysady meseleleri, hususan-da daşary ýurtlardan alnan karzlary üzmek ýa olaryň tölenmeli möhletlerini yza süýşürmek çärelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda Türkmenistan daşary ýurtlardan milliardlarça dollar karz aldy we çekilen karz serişdelerini bellenilen möhletlerde gaýtarmak üçin kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak zerur.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary soňky ýyllarda uly çykdajy edilen desgalaryň köpüsiniň, şol sanda "Awazanyň", täze howa menzilleriniň, Türkmenbaşy portunyň, kaliý zawodynyň, gazdan benzin öndürýän toplumyň we gurlan demir ýollaryň özüni ödäp bilmejekdigini we olara harçlanan karz pullaryň ahyrynda ýerli ilatyň gerdenine düşjekdigini aýdyp gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG