Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda klasiki aýdym-saz konserti geçirildi


Döwlet simfoniki orkestriniň Mukamlar köşgünde geçirilen konserti. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 28-nji awgusty.
Döwlet simfoniki orkestriniň Mukamlar köşgünde geçirilen konserti. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 28-nji awgusty.

Aşgabatda nobatdaky klasiki aýdym-saz konserti Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guran bu medeni çäresine gatnaşan tomaşaçylaryň köpüsi konserwatoriýanyň studentleridi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan gürrüň berýär.

Tomsuň soňunda - 28-nji awgustda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Mukamlar köşgünde guran çäresinde Resul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri çykyş etdi. Gelenleriň arasynda hemişeki tomaşaçylar azdy, zalda konserwatoriýanyň okuwçylary köplük edýärdi.

Konsertiň programmasy umumy görnüşde yglan edildi we onuň çap görnüşli tertibi ýokdy. Şol sebäpden, aýdym-saz konsertiniň garaşylmadyk başlangyjy örän täsirli boldy - orkestr iki sany meşhur eseri Türkmenistanyň Döwlet hory bilen bilelikde ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň döwlet hory. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 28-nji awgusty
Türkmenistanyň döwlet hory. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 28-nji awgusty

Birinjisi, meşhur nemes kompozitory Karl Orfyň (1895-1982) "Carmina Burana" kantatasyny soňlaýan "O Fortuna" eseri boldy. Adamyň üýtgeýän ykbaly barada tragiki seslenýän bu eser demoniki gutulgysyzlyk we mistiki dabaralanma duýgularyny döredýär. Karl Orfyň öz eserlerinde "aýdym-sazyň we teatryň simbiozyny" döretmek başarnygy üçin ol bawariýaly synagçy adyna eýe bolupdy.

Horuň orkestr bilen ýerine ýetiren ikinji eseri, häzirki zaman grek kompozitory Wangelisiň (1943-2022) 1992-nji ýylda döredilen Kristofer Kolumb barada "1492. Jennetiň ýeňilmegi" atly filmde ulanylan sazdy. Güýçli, epiki sazyň ýerine ýetirilmegi 17-nji maýda koronawirusdan aradan çykan beýik kompozitoryň hormatynyň beýanyna öwrüldi.

Ewangelos Odysseus Popatanasiou - bu Wangeliusyň doly ady - elektron aýdym-sazyň ilkinji awtorlaryndan we ýerine ýetirijilerinden biri hasaplanýar. Şeýle hem ol "El Greko", "Aleksandr", "Ajy Aý" we beýleki meşhur filmlerdäki aýdym-sazlaryň awtory.

Döwlet simfoniki orkestri we döwlet hory. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 28-nji awgusty
Döwlet simfoniki orkestri we döwlet hory. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 28-nji awgusty

Zal orkestre we ilkinji nobatda ajaýyp hora joşgunly el çarpyşma bilen minnetdarlyk bildirdi.

Konsertde çykyş eden hor türkmen dilinde iki aýdymy ýerine ýetirdi. Resul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky sazandar toparlarynyň çykyşlaryna yzygiderli gelýän tomaşaçylar üçin Türkmenistanyň döwlet horunyň çykyşy "programmanyň iň esasy pursaty", garaşylmadyk sowgady boldy we täze konsertlere güýçli isleg döretdi.

Konsertde solist aýdymçylar Selbiniýaz Annadurdyýewa, Leýli Okdirowa we Gurbanmyrat Jumanyýazow çykyş etdi.

Selbiniýaz Annadurdyýewa. Döwlet simfoniki orkestri we döwlet hory. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 28-nji awgusty
Selbiniýaz Annadurdyýewa. Döwlet simfoniki orkestri we döwlet hory. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 28-nji awgusty

Günbatar klassiklerinden D.Puççiniň we D.Werdiniň iki ariýasy ýerine ýetirildi. Ondan soň ýerine ýetirlen eserleriň Nury Muhatowyň “Gel, Türkmenistan” filminden başga ählisi meşhur kompozitor Rejep Rejepowyň eserleridi. Rejepow hem Wangelis ýaly geçen ýylyň ýanwar aýynda aradan çykdy. Ussatlaryň eserleriniň ýerine ýetirilmegi sazandalaryň hormatyna bildirlen minnetdarlyk boldy.

Sazanda Resul Glyjow bilen Rejep Rejepowyň arasynda aýratyn gatnaşyk bardy. Kompozitor özüniň 75 ýaş toýy mynasybetli geçirilen ýubileý konsertinde ýaş kärdeşine eserini bagyşlapdy. Bu uly hormatyň nyşanydy. Kompozitoryň aýal dogany, onuň aradan çykmagyndan soň, Resul Glyjowa Rejepowyň Moskwanyň Çaýkowskiý konserwatoriýasynda geçiren student ýyllaryndan bäri ýygnan saz plastinkalarynyň seýrek ýygyndysyny gowşurdy.

Tutuş konsertiň dowamynda ekranda kinofilmlerde pursatlar görkezildi.

Döwlet simfoniki orkestri. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 28-nji awgusty
Döwlet simfoniki orkestri. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 28-nji awgusty

Ömrüniň dowamynda klassige öwrülen türkmen kompozitorynyň döreden eserleriniň ekranda görkezilen ak-gara filmlerden alnan pursatlar bilen bilelikde ýerine ýetirilmegi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Köplerde şol filmleri gaýtadan görmäge isleg döredi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG