Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Mukamlar köşgünde" Aşgabatdan Pariže aýdym-saz "syýahaty" boldy


"Pariž, söýgim meniň!" atly konsertde Kakajan Hudaýberdiýew saksofonda "Fallen leaves" eserini ýerine ýetirýär. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 29-njy maýy

Aşgabatda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky sazandalar toparynyň ýene bir konserti geçirildi. Aýdym-saz çäresi 28-nji we 29-njy maýda Mukamlar köşgüniň uly zalynda bolup, köpçülige konserte tomaşa etmäge mümkinçilik berdi. Konserte Azatlyk Radiosynyň habarçysy hem bardy.

Tahyr Ataýewiň orkestriniň zehinli döredijilikli topary tomaşaçylara ýene bir aýdym-saz sowgadyny etdi.

Koronawirus karantini sebäpli yza tesdirilen we 10-njy, 11-nji fewralda geçirilmegine garaşylan “Pariž, söýgim meniň!” atly konserti 28-nji we 29-njy maýda döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň uly zalynda yzly-yzyna iki gün dowam etdi.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi

Görnüşi ýaly, aýdym-saz çäreleri indi bu abraýly ýerde geçiriler, bu gowy habar we has köp tomaşaçynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikdir.

Bahram Dollyýew. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 29-njy maýy
Bahram Dollyýew. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 29-njy maýy

Wepaly saz muşdaklary, köpden bäri garaşylýan bu çärä baýramçylyk we döredijilikli sýurpriz teşleniligi bilen gelipdir.

Bu gezek konsert garaşylyşyndan hem has täsirli boldy.

Bu diňe bir konsert bolman, eýsem her bir jikme-jiklige oýlanyşykly üns berlip, söýgi we hyýal bilen düzülen tagamly, ýaş fransuz çakyry ýaly ýeňil we ajaýyp döredijilik wakasy boldy.

Konsertiň biletler Pariže uçar biletleri görnüşinde ýerine ýetirilipdir.

Çäräniň programmasynyň "MERCI Paris!" ýazgyly çap görnüşli tertibi bolsa tomaşaçylarda olar entek zala girmänkä bagtly syýahatyň wizual atmosferasyny döretdi. Inçe tagamlary wada berýän restoran menýusy görnüşinde çap edilen programmanyň ýüzüne çekilen "uçup barýan" şekiller binagärlik eserlerinden başlap, ajaýyp ýerleriň, nepislikleriň we hadysalaryň, şol sanda fransuzlar tarapyndan gowy görülýän pişigiň we itiň şekillerini öz içine aldy.

Konsert programmasy
Konsert programmasy

Programmanyň ters tarapynda, fransuz aýdymçylaryny we 15 aýdymy öz içine alýan sanaw ýerleşdirildi, olaryň arasynda aýdymçylar Edith Piaf, Jo Dassin, Lara Fabian, şeýle hem "Oýnawaç", "La Boum", "Professional" ýaly filmlerden alnan sazlaryň atlary görkezilýär.

Gynansagam, programmanyň çap görnüşli tertibinde bu konserti ýerine ýetirijileriň sanawy ýokdy. Eserleri ýerine ýetiren aýdymçylaryň atlary diňe konsertiň ahyrynda ekranda peýda boldy. Bu gaty gowy, ýöne ýeterlik bolmady.

Tomaşaçylar zalyň içine girenlerinde, sahnadaky oturgyçlarda we polda saz gurallaryny, ortasynda ak pianony we arka tarapynda boş ýeri gördüler.

Edil sagat 19: 00-da ekranda aeroportyň zalynyň şekili peýda boldy we eli goşly “ýolagçylar” sahnanyň aňyrsynda hereket edip başlady.

Soň bolsa sazandalar peýda bolup, ýerlerine geçip oturdylar.

Gyzlar deňizçileriň gök-ak çyzykly "matroska" diýilýän içgi köýneklerini, ýubkalary, gyzyl beretleri geýip, galstuk dakynyp çykypdyr. Oglanlar bolsa, gara eşikli we boýnuna gyzyk ýaglyk dakynyp çykdylar. "Uçar komandiri" Tahyr Ataýew "uçuşyň" başlandygyny habar berdi.

Tutuş konsertiň dowamynda Parižiň görnüşleri, film bölekleri we beýleki kompozisiýalar, reňkli şekiller görkezildi.

Kirişli saz gurallaryndan başga-da, Kakajan Hudaýberdiýewiň saksafonda, Hijran Joragulyýewiň we Öwezali Nazarowyň akkordeonda, Şayslam Homidjanowyň pianoda ýerine ýetiren eserleri ýaňlandy.

Tahyr Ataýew zehinleri tapmakda we olara ýol açmakda ussatlyk görkezýär. Şeýlelikde, Swetlana Nobatowa tomaşaçylar üçin haýran galdyryjy açyş boldy. Aýdym-saz töwereklerinde konsertmeýster we mugallym hökmünde tanalýan Nobatowa zehinli aýdymçydygyny görkezdi we ilkinji gezek köpçüligiň öňünde eden bu çykyşynda üstünlik gazandy.

Swetlana Nurbatowa (merkezde eli gülli). Aşgabat, 2022-nji ýylyň maý aýy
Swetlana Nurbatowa (merkezde eli gülli). Aşgabat, 2022-nji ýylyň maý aýy

Özboluşly ses owazyna eýe bolan aýdymçy beýik Edit Piafyň repertuaryndan üç aýdymy, ýagny "Gülüň durmuşy" ("Lavie en rose"), "Ýok, hiç zada ökünemok" ("Non je regretto") we "Millord" eserlerini ajaýyp ýerine ýetirdi.

Swetlana Nobatowa fortepianoda saz çaldy. Konsertiň ahyrynda Tahyr Ataýewiň aýdyşy ýaly, aýdymçy programmany düzmäge-de işjeň gatnaşypdyr.

Orkestriň gyjakçysy Oguldursun Saparmuradowa aýdymçy hökmünde mundan ozal hem çykyş edipdi. Bu gezek ol Lara Fabianyň "Je t'aim" aýdymyny üstünlikli ýerine ýetirdi.

Oguldursun Saparmyradowa
Oguldursun Saparmyradowa

"Özi örän kiçijik, ýöne nähili güýçli sesi bar" -diýip, zalda oturan nätanyş bir tomaşaçy aýtdy.

Köpler üçin Mansur Şaripow tarapyndan ýerine ýetirilen Jo Dassiniň "Sen bolmadyk bolsaň" ("Et si tu n 'existais pas"), "Champs Elysees" we "Belle" (Notre Dame de Pari Paris) atly aýdymlaryň ajaýyp ýerine ýetirilmegi ýakymly bir açyş boldy.

Mansur Şaripow
Mansur Şaripow

Hemişe bolşy ýaly, Bahram Dollyýew bu konsertde "Tango de Roksanne" ("Moulin Rouge") we "Oturylyşyk" ("La Boum") filminden Temany ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Konsert Jan Pol Belmandonyň gatnaşmagyndaky “Professional” atly meşjur filminden saz bilen tamamlandy. Tomaşaçylaryň haýyşy boýunça bu eser ýene bir gezek gaýtalandy. Soňra tomaşaçylar Parižden Aşgabat şäherine "gaýdyp geldiler".

"Şeýle konsertlerden soň ýurtdan gitmek islämok" -diýip, konserte gatnaşan tomaşaçylaryň biri özünden galan täsiri paýlaşdy.

Aprel we mart aýlarynda Aşgabatda geçirilen birnäçe konsert koronawirusyň ýaýramagynda ýurtda girizilen çäklendirmeler sebäpli birnäçe aýlyk yza süýşürilipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG