Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Interneti çäklendirýän Türkmenistan “€29,4 millionlyk kiberhowpsuzlyk enjamlary sargady”


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Internet we söz azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan türkmen häkimiýetleri ýurduň Kiberhowpsuzlyk gullugy üçin 29,4 million ýewrolyk ýörite enjamlary sargandygy barada maglumatlar peýda boldy. Bu barada turkmen.news neşiri özüne elýeterli bolan prezidentiň gol goýandygy aýdylýan dokumente salgylanyp habar berýär. Bellesek, Azatlyk öz çeşmelerine we habarçylaryna bu dokumentiň asyldygyny häzirlikçe tassykladyp bilmedi.

Şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde kabul edendigi aýdylýan kararynda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Agentligiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy üçin ýörite enjamlary we programma üpjünçiliklerini satyn almak, getirmek, gurnamak we hünärmenleri okatmak barada Rumyniýanyň “NTT DATA Romania S.A” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berilýändigi aýdylýar. Şertnamada bu serişdeleriň we hyzmatlaryň bahasynyň, goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda, 29,401,506 ýewro deňdigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, bu hyzmatlaryň we serişdeleriň Internet üpjünçiligini göz-görtele çäklendirýän, garaşsyz habar saýtlaryny, sosial torlary petiklenýän we VPN hyzmatlarynyň dagy öňüni alýan türkmen häkimiýetleriniň anyk haýsy maksatlar üçin ulanjakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Turkmen.news neşiri Rumyniýanyň gürrüňi gidýän kärhanasyna şertnamadaky serişdeleri Türkmenistana ugradyp-ugratmandygy, şeýle-de bularyň interneti petiklemek we söz azatlygyny çäklendirmek üçin ulanylyp-ulanylmajakdygy baradaky soraglar bilen ugradan hatynyň jogapsyz galandygyny belleýär.

Türkmenistanda internet döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar. Internet hyzmatlary ýeke-täk döwlet prowaýdery tarapyndan üpjün edilýär. Azatlyga mälim bolşy ýaly, “Turkmentelecom” kompaniýasy ulanyjylara gözegçilik etmek we aragatnaşygy petiklemek üçin täze enjamlary edinmek bilen tehniki bazasyny yzygiderli täzelemek işini alyp barýar.

Azatlyk Radiosynyň 2019-njy ýylda geçiren derňewi türkmen häkimiýetleriniň ýurtda Interneti çäklendirmek üçin “Rohde&Schwarz” nemes kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eden bolmak ähtimallygyny ýüze çykardy. Has ozal, türkmen häkimiýetleriniň başga daşary ýurt kompaniýalary bilen bu ugurda gizlin hyzmatdaşlyk edendigi 2015-nji ýyldan çap edilen derňewlerde tassyk boldy.

Her ýyl halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we internet azatlygy görkezijilerinde iň soňky setirleri eýeleýän Türkmenistanyň häkimiýetleri bu baradaky maglumatlara hiç hili reaksiýa bildirmeýärler.

Bellemeli ýeri, ýanwarda geçiren giňişleýin howpsuzlyk mejlisinde Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli howpsuzlyk resmilerine ýurduň çäginde Internet ulgamyndaky maglumat çeşmelerini çäklendirmek işlerini kämilleşdirmegi tabşyrmagynyň yz ýany, ýurtda Internet üpjünçiligi has-da çäklendirildi, kähalatlarda uzakly gün elýetersiz boldy.

VPN Türkmenistanda internete kadaly girmek we websahypalara, şol sanda petiklenen maglumat çeşmelerine girmek üçin ýeke-täk mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda, soňky döwürden bäri türkmen howpsuzlyk gulluklary VPN ulanýanlara we ony gurnap berýän ussalara hem basyşlaryny artdyrdy.

Türkmenistan dünýäde iň haýal we iň gymmat internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG