Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär


Ýangyç guýujy beket. Türkmenistan.
Ýangyç guýujy beket. Türkmenistan.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýangyç guýujy beketleriniň aglabasynda awtobenziniň gytçylygy dowam edýär, beketleriň öňünde awtoulag nobatlary emele gelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji oktýabrda sebitden habar berdi.

Sürüjiler käbir ýangyç guýujy stansiýalarda nobata garaşyp, A-80 benzinini satyn almagyň mümkindigini, ýöne A-95 markaly benziniň asla tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.

“Benziniň nobaty birnäçe sagada çekýär. Adamlar ýangyç beketlerine awtoulaglaryny süýräp eltýärler. Käbir sürüjiler daňdan nobat az bolýar diýip, gije sagat 3-de zaprawkalara baryp, nobata garaşýarlar. Bu ýagdaý eýýäm birnäçe gün bäri dowam edýär” diýip, bir maryly sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň dürli sebitlerinde emele gelen benzin gytçylygyny ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýarym resmi neşirler ýurtda dowam edýän ýangyç gytçylygy barada habar bermeýärler.

“Ýollardaky awtoulaglaryň sany göz-görtele azaldy. Benzin gytçylygy haçana çenli dowam eder, belli däl. Nobata durup, A-80 benzini alyp bolýar” diýip, bir ýer ýerli sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maryly sürüjileriň ençemesi ýangyç guýujy beketlere A-95 benzini getirilýänçä awtoulaglaryny sürmejediklerini aýdýarlar.

Mary welaýatynda 30-njy sentýabrdan bäri benziniň gytçylygy dowam edýär. Azatlygyň habarçysy 2-nji oktýabrda giçlik welaýatyň administratiw merkezinde ýerleşýän ýangyç guýujy beketlerde ýangyç gytçylygynyň emele gelendigini habar berdi.

Munuň yz ýany, Azatlygyň habarçylary ýurduň gündogar Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde hem benzin gytçylygynyň ýüze çykandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary iýul we awgust aýlarynyň ortalarynda Balkan welaýatynda yzly-yzyna emele gelen ýangyç gytçylygy barada habar berdiler.

Türkmenistan ýangyç serişdelerine baý döwlet bolup, British Petroleumyň 2021-nji ýyl boýunça çap eden hasabatyna görä, ýurduň 600 million barrele barabar subut edilen nebit gorlary bar.

Şol bir wagtda, soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda benzin gytçylygy yzygiderli häsiýetde ýüze çykýar, nobatlar döreýär, benzin çäkli satylýar, käbir halatlarda satuwdan aýrylýar.

Galyberse-de, döwletiň gözegçiligindäki media bu nogsanlyklar barada dymyp, daşary ýurtlara eksport edilýän ulag ýangyjy barada habar berýärler.

Ýarym-resmi hökümetçi neşir özbek metbugatyna salgylanyp, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň goňşy Özbegistana 11,7 million litr benzin eksport edendigini habar berdi. Munuň bilen, Türkmenistan Özbegistana benzin eksport etmekde Russiýadan soň ikinji orunda gelýär.

Maryda emele gelen ýangyç gytçylygy, Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagynyň arasynda, tutuş dünýäde, hususan-da Ýewropada ýangyç-energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýiti derejede gymmatlan wagtyna gabat geldi.

Bu aralykda, hökümetçi türkmen neşirleri Türkmenistandaky benziniň arzan bahasy barada habar berýärler.

Turkmenportal.com geçen aý GlobalPetrolPrices internet neşirine salgylanyp, Türkmenistanyň benziniň bahasynyň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji ýediligine girendigini habar berdi.

Motor ýangyjynyň dünýä boýunça bahalaryny çap edýän internet neşirine görä, Türkmenistanda bir litr A-95 benziniň bahasy 0,429 dollara barabardyr. Neşire görä, dünýäde beziniň iň arzan satylýan ýurtlaryň ilkinji ýediligine Wenesualla, Liwiýa, Eýran, Alžir, Kuweýt, Angola we Türkmenistan girýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG