Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň çetki obalaryndaky orta mekdeplerde SSSR döwründen galan partalar ulanylýar


Mary welaýatynda bir orta mekdebiň derwezesi. Illýustrasiýa suraty.
Mary welaýatynda bir orta mekdebiň derwezesi. Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çet obalaryndaky orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlar mekdepleriň hojalyk üpjünçiliginiň pes ýagdaýyndan şikaýat edýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertlerde gürrüňdeş bolan ýerli mugallymlar synp otaglaryndaky partalaryň we oturgyçlaryň juda könelişendigini, hojalyk üpjünçiliginiň gözgyny ýagdaýynyň bilim-terbiýeçilik işleriniň hiline ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan oba mugallymlary çetki sebitlerdäki mekdepleriň hojalyk üpjünçiliginiň ýagdaýynyň şäher mekdepleri bilen deň derejä çykarylmagyny soraýarlar.

Ýolötenli mugallymlar mekdepleriň hojalyk üpjünçiliginiň ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, partalaryň we oturgyçlaryň täzelenilmegini sorap, mekdep müdirinden Bilim ministrligine ýüz tutmagy sorandyklaryny, ýöne haýyşlarynyň kanagatlandyrylmaýandygyny aýdýarlar.

“Biz öňler her ýyl çagalarymyza oturgyçlaryň we partalaryň ýetmezçilik edýändigini aýdyp, mekdep müdirimizden bu mesele boýunça Bilim ministrligine haýyş bilen ýüz tutmagy soraýardyk. Emma iki ýyl bäri mekdep müdirine şeýle haýyş bilen ýüz tutmagy bes etdik, sebäbi haýyşlarymyz kanagatlandyrylmaýar” diýip, mekdep mugallymlary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýärler.

Çetki obalaryň mugallymlary şäher we oba mekdepleriniň hojalyk üpjünçiligine deň derejede garalmaýandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, ýerli mugallymlar parta we oturgyç üpjünçiligi bilen bagly meseleler boýunça mekdep müdirinden edilýän haýyşlaryň netijesiz tamamlanmagynyň özlerini lapykeç edýändigini aýdýarlar.

“Synp otaglaryna serenjam bermek üçin her ýyl boýag çalýarys. Mekdeplerdäki partalaryň we oturgyçlaryň SSSR döwründen galandygyna meniň özüm şaýat” diýip, bir maryly mugallym howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Men hem şu mekdebi tamamladym” diýip, ýerli mugallym sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň çetki sebitlerinde ýerleşýän orta mekdeplerde parta we oturgyç ýetmezçiligi dowam edýän mahaly, döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we hökümetçi neşirler Türkmenistanda öndürilip, daşary ýurtlara eksport edilýän partalar we oturgyçlar barada habar berýärler.

“Ata Watan – Türkmenistan” neşiri, “Watan” gazetine salgylanyp, awgust aýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän 720 orunlyk bir döwrebap orta mekdebiň Türkmenistanda öndürilen partalar bilen üpjün edilendigini habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, ýerli bir mebel kärhanasy şu ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy boýunça 10 müň sany parta we 20 müň sany oturgyç taýýarlapdyr.

Döwlet metbugaty we hökümetçi neşirler ýurduň çet sebitlerinde ýerleşýän orta mekdepleriň parta we oturgyç ýetmezçiligini agzamaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan oba mugallymlary wagtal-wagtal şäher mekdepleriniň könelişen mebelleriniň, şol sanda partalaryň we oturgyçlaryň oba mekdeplerine iberilýändigini aýdýarlar.

“Çetki etraplaryň orta mekdeplerindäki çagalar hem beýleki çagalar ýaly, oňat partalara we täze oturgyçlara mynasypdyr” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy geçen hepde sebitiň käbir mekdeplerinde welaýat bilim müdirliginiň işgärleri tarapyndan barlaglaryň geçirilendigini, ýöne geçirilen barlaglaryň mekdepleriň kemçilikleriniň üstüni açman, eýsem, olary ýaşyrýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG