Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň maglumatlaryndan soň, bilim ministrine berk käýinç berildi. Marynyň mekdeplerinde okuw kitaplary ýetmezçilik edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň bilim pudagyndaky problemalar barada çap eden maglumatlarynyň yz ýany, ýurduň bilim ministrine berk käýinç yglan edildi. Bu habarlaryň arasynda, Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde okuw kitaplarynyň ýetmezçilik edýändigi barada täze maglumatlar gelip gowuşdy. Bu barada Azatlygyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy oktýabrda, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýip, Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa berk käýinç yglan etdi.

Gurbangül Ataýewa bilim ministri wezipesine geçen ýylyň awgustynda bellendi. Asyl hünäri boýunça iňlis dili mugallymy bolan Ataýewa bu wezipä bellenmezinden öň dürli ýyllarda iňlis dili mugallymy, MHM-niň kiçi operatiw işgäri, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglyk we sport boýunça orunbasary, Aýallar birleşiginiň merkezi geňeşiniň başlygy ýaly wezipelerde işledi.

Adatça bolşy ýaly, döwlet emeldaryna berlen berk käýinjiň anyk sebäpleri aýdylmaýar. Ýöne bu waka Azatlygyň Marynyň Ýolöten etrabynyň çetki obalaryndaky orta mekdeplerde hojalyk üpjünçiliginiň pes ýagdaýy we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdeplerinde geçirilen "netijesiz barlaglar" barada taýýarlan maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

10-njy oktýabrda ýolötenli mugallymlar synp otaglaryndaky partalaryň we oturgyçlaryň juda könelişendigini gürrüň berdiler.

Şeýle-de, şu aýyň başynda türkmenbaşyly magaryf işgärleri 10-njy klas okuwçylaryň arasynda harp tanamaýan okuwçylaryň bardygyny we olaryň himiýa, biologiýa, fizika we matematika ýaly çylşyrymly predmetleri asla bilmeýändigini gürrüň berdiler.

Bu habarlaryň arasynda, soňky hepdelerde türkmen häkimiýetleriniň mekdeplerde geçirýän dürli barlag çäreleri, şol sanda telefon barlaglary we ýygnaklary güýçlendi.

Bilim ministrine berlen berk käýinjiň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar bilen baglanyşyklymy ýa däldigini anyklap bolmady.

Bu habarlaryň arasynda, Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde okuw kitaplarynyň ýetmezçilik edýändigi barada täze maglumatlar gelip gowuşýar. Azatlygyň Marydaky habarçysy 17-nji oktýabrda beren maglumatynda Mary şäheriniň 6-12-14-nji mekdeplerinde we Türkmengala etrabynyň 8-21-nji mekdeplerinde okuw kitaplarynyň ýetmezçilik edýändigini aýtdy.

"Esasanam 7-den ýokary synplarda kitap ýetmezçiligi bar. Ähli sapaklar, hususan-da taryh, himiýa, fizika we iňlis dili sapaklary boýunça kitaplar ýetmeýär" diýip, maryly bir mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Mugallymlaryň we ene-atalaryň ençemesiniň sözlerine görä, okuw kitaplarynyň ýetmezçiligi bilim-terbiýeçilik işleriniň hiline ýaramaz täsir edýär. Mugallymlar täze sapagy düşündirmäge we öňki temany okuwçylardan soramaga wagt ýetmeýändigini aýdýarlar.

"Okuwçylarda kitap ýoklugy sebäpli her sapakda täze temany olara diktant ýazdyran ýaly ýazdyrmaly bolýarys. Käte sapagyň ähli minudyny şunuň üçin sarp edýäris. Bu okuwçylaryň bilimine hem täsir ýetirýär. Sebäbi köp okuwçy indiki sapakda-da öňki temanyň soralmajakdygyny bilip, oňa taýýarlyk görmeýär" diýip, mugallym belledi.

Mekdep ýolbaşçylary kitap ýetmezçiligini Bilim ministrligi tarapyndan ýeterlik kitap iberilmezligi bilen düşündirýärler. Ene-atalar gyt kitaplaryň satuwda hem tapdyrmaýandygyny belläp, ýerli bilim bölümlerine edýän şikaýatlarynyň oňyn netije bermeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýat Bilim müdirliginden we agzalýan mekdeplerden resmi kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Azatlyk ýurduň orta mekdeplerinde okuw kitaplarynyň ýiti ýetmezçiliginiň duýulýandygyny, şol sanda täze neşir edilýän kitaplaryň hiliniň pesdigi, mugallymlaryň könelip, tozan kitaplary çatyp-ýamap, çagalara paýlaýandygy barada ençeme gezek habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri okuw kitaplarynyň ýetmezçiligini agzaman, ýurtda kitap-neşir önümleriniň san we görnüş taýdan gitdigiçe köpelýändigi barada wagtal-wagtal hasabat berýärler. Ýöne ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ne häkimiýetler, ne-de resmi metbugat mesele gozgaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG