Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşynyň desgalarynda prezidentiň portretini we şygaryny asmak işleri batlandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki edara-kärhanalaryň daşynda we içinde prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretini we şygaryny asmak işleri güýçlendirildi. Býujet işgärleri muňa öňki prezidentiň, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işleriň haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirmeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

"Häzir edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň, hassahanalaryň daşyndan öňki prezidentiň portretleri we 'Döwlet adam üçindir' ýaly şygarlary köpçülikleýin aýrylýar. Olara derek täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretleri we şygarlary asylýar. Muňa öňki prezidentiň 22-nji oktýabrda kanun çykaryjylar bilen geçiren duşuşygynda bu işleriň depgininiň pesdigine nägilelik bildirmegi sebäp boldy" diýip, ýagdaýdan habarly balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda, şol sanda Balkanda Serdar Berdimuhamedowyň portretlerini we şygarlaryny edara-kärhanalaryň içinde we daşynda asmak, şeýle-de ony wagyz etmek işlerine şu ýylyň bahar paslynda, onuň 19-njy martda prezidentlik wezipesine kasam etmeginiň yz ýany girişildi. Şonda etraplaryň arasynda gatnaýan hususy taksileriň aýnasyna-da, prezidentiň portretini ýelmemek talap edilipdi.

Habarçymyz bu çärelere garamazdan, döwlet edara-kärhanalarynyň aglabasyna öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretlerini we şygarlaryny saklap galmak barada tabşyryk berlendigini aýdýar.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, bu ýagdaý "halk arasynda täze prezidentiň abraýynyň we meşhurlygynyň pes bolmagyna" getirdi.

"Prezidentiň kakasy mundan habarly bolsa gerek. Şol sebäpli ähli edara-kärhanalardan Serdar Berdimuhamedowyň portretlerini hemme adamyň gözi düşäýjek ýerde asmak talap edildi" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Habarçymyz şu günler döwlet baştutanynyň portretleriniň we şygarlarynyň şäheriň bazarlarynyň, hususy marketleriň we dükanlaryň, toýhanalaryň, jemgyýetçilik awtobuslarynyň, hatda ulaglaryň içine hem köpçülikleýin asylýandygyny habar berýär.

"Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri hem öz öýleriniň töründe prezidentiň 60×40sm ululykdaky portretini asmaly edildi" diýip, balkanly býujet işgäri aýtdy.

Býujetçileriň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, portretleri we şygarlary çalyşmak işleri, adatça bolşy ýaly, edara-kärhanalaryň işgärleriniň maddy serişdeleriniň hasabyna amal edilýär.

"Her bir işgärden 100 manat pul ýygnaldy" diýip, balkanly býujet işgäri sözüne goşdy.

Azatlyk alnyp barylýan bu işler barada welaýat we şäher häkimliklerinden resmi kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda prezidentiň portretlerini we onuň aýdan sözlerinden käbir bölekleri asmak tejribesi ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri dowam edýär. Bu işler býujet işgärleriniň, okuwçylaryň we talyplaryň hasabyna amal edilýär. Ýurtda prezidentiň portretleri azyndan iki gezek çalşylýar. Bu çäräniň dowamynda portretde prezidentiň eşikleriniň ýa-da saçynyň reňki üýtgeýär, käte-de onuň keşbinde üýtgeşiklik bolýar.

Balkandaky edara-kärhanalarda döwlet baştutanyň portretini täzelemek çäresi soňky gezek mundan iki aý öň, sentýabrda amal edilipdi. Şonda edara-kärhanalarda, hususan-da mekdeplerde prezidentiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşyndan bir bölegi asmak hem talap edildi. Şonda bu işler üçin mekdep mugallymlaryndan 50-80 manat aralygynda pul ýygnaldy.

"Adamlar portretleriň üýtgemegine däl-de, durmuş ýagdaýynyň gowulanmagyna, aýlyk haklarynyň köpelmegine, hojalyk hyzmatlarynyň gowulanmagyna, tiz kömek we taksi ulaglarynyň täzelenmegine garaşýarlar. Portretleriň üýtgemegi bilen, adamlaryň ýaşaýşy gowulanmaýar. Netijede, prezidentiň abraýy hem artmaýar" diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG