Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etraplaryň arasynda gatnaýan hususy taksileriň aýnasyna täze prezidentiň suraty ýelmenmeli edildi


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanda 12-nji martda prezident çalyşdy. Prezident çalyşansoň, ýurt boýunça prezidentiň portretleri hem çalşylýar. Portret talaby edara-kärhanalar bilen bir hatarda hususy taksilere-de baryp ýetdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynda etraplaryň arasynda gatnap, taksiçilik bilen meşgullanýan hususy awtoulag eýelerinden öz ulaglarynyň öň tarapdaky aýnasyna Serdar Berdimuhamedowyň portret suratynyň asylmagynyň talap edilýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, öňki wise-premýer Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda prezident wezipesine kasam kabul etdi. Täze prezidentiň işe girişmeginiň yz ýany, ýurt boýunça prezident portretleri täzelenýär.

Türkmenistanda taksiçilik bilen meşgullanmak üçin ýörite ygtyýarnama gerek. Ygtyýarnamasyz hususy awtoulag sürüjilerine adam gatnatmak gadagan edilýär. Marynyň ýol polisiýasy etraplara ýolagçy gatnadyp, taksiçilik bilen meşgullanýan hususy awtoulag sürüjilerinden öz ulaglarynyň aýnasyna prezidentiň portretini ýelmemegi talap edýärler.

“Hususy awtoulaglara taksi bellik goýmak gadagan. Şol sebäpden, siziň ulagyňyzyň taksidigi belli bolar ýaly, ulagyňyzyň öň tarapdaky aýnasyna täze prezidentimiziň, Serdaryň suratyny assaňyz gowy bolar. Hem adamlar siziň ulagyňyzyň taksidigini biler” diýip, polisiýa işgärleri taksiçilik bilen meşgullanýan hususy awtoulag eýelerine aýdýarlar.

Sürüjileriň sözlerine görä, Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri öz talaplaryny mälim edenden soňra, prezident Serdar Berdimuhamedowyň ini 74 mm, boýy 210 mm bolan portret suratyny bäş manatdan sürüjilere satypdyrlar.

“Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri bir standart liste Serdaryň dört suratyny ýerleşdiripdirler...Kserokopiýadan çykarylan suratlaryň her birini 5 manatdan satdylar” diýip, maryly sürüjiler aýdýarlar.

“Bize satanlarynda hatda A4 kagyzyna kserokopiýa edilen dört suraty aýry-aýrylykda ýeke-ýekeden gyrkmandyrlar” diýip, sürüjiler aýdýarlar.

Täze prezidentiň reňkli kserokopiýadan çykarylan suratlaryny pul goşup satyn almaga mejbur bolan adamlar her bir standart listdäki dört suraty özleriniň paýlaşmaly bolandyklaryny aýdýarlar.

“Özüňiz dört bölege bölüň diýdiler!” diýip, bir sürüji polisiýa işgäriniň beren tabşyrygyna salgylanýar.

“Ulag sürüjileriniň ýanlarynda gaýçylary bolmansoň, suratlar gyşyk-gaýşyk ýyrtylsa-da, olary adamlaryň özleri bölüşmeli boldy” diýip, bir taksi sürüjisi belleýär.

Galyberse-de, hususy awtoulag sürüjileri Serdar Berdimuhamedowyň reňkli kserokopiýadan geçirilen suratynyň gymmatdygyny belleýärler.

Ulag sürüjileri welaýat merkezinden etraplara, şol sanda Ýolöten, Baýramaly, Sakarçäge etraplaryna we Şatlyk şäherçesine gatnaýan hususy taksi sürüjilerine Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň dürli bahanalar bilen jerime ýazmak işleriniň ýygjamlaşandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy şu günler edara-kärhanalara-da Serdar Berdimuhamedowyň portrediniň asylyp başlanandygyny habar berýär. Şol bir wagtda ýollarda “Arkadagly Serdar” şygary asylýar.

Türkmenistanda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady Arkadag diýlip tutulýar. Ýurduň medeniýet we sungat işgärleri ýaňy-ýakynda wezipä girişen prezidentiň ogluna-da “Arkadagly Serdar” diýip, at dakdylar.

Galyberse-de, Türkmenistanda 2022-nji ýyl “Arkadagly zamana” atlandyryldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň raýatlary, resmi metbugata görä, “Arkadagly zamanada” “Arkadagly serdarly” boldy.

Prezident çalyşansoň, çalşylýan portretler býujet işgärlerine agram salýar. Habarçymyz täze portretleri we şygarlary satyn almak üçin býujet işgärlerinden adam başyna 30-50 manat aralygynda pul toplanýandygyny habar berýär. Bu maksat bilen, çagalar baglarynda we mekdeplerde okuwçylardan hem adam başyna bäş manatdan pul çöplenýär. Şeýlelikde, diňe býujet işgärleri däl, eýsem, býujet edaralarynda işleýän we işlemeýän ähli ene-atalar hem täze prezidentiň portretleri üçin mejbur çykdajy etmeli bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy portretleriň töweregindäki başga bir detala ünsi çekýär. Onuň maglumatlaryna görä, hassahanalarda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak halatly düşen portretini saklap galmak meýilleşdirilýär.

Keselhanalarda täze prezidentiň suratyny onuň ak halatly kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň suratynyň gapdalyndan asmak meýilleşdirilýär. Bu detal Gurbanguly Berdimuhamedowyň asyl käriniň diş lukmany bolandygy bilen düşündirilýär. Uly Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde syýasy sahnadaky irki ýyllarynda ýurduň saglyk ministri, saglyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer wezipelerini eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG