Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 12-nji noýabrda Moskwany ukrain gallasynyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň iberilmegini saklamak arkaly, dünýä bilen “açlyk oýunlaryny” oýnamakda aýyplady.
Munuň bilen bir wagtda, ol Ukrainanyň Russiýa garşy alyp barýan söweşinde syýasy we maddy goldaw bermegi üçin günorta-gündogar Aziýa ýurtlaryna basyş etdi.
Ukrain daşary işler ministri Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary assosiasiýasynyň sammitiniň çäginde žurnalistlere beren maglumatynda, ukrain önümleriniň Afrikada we Aziýada möhüm ähmiýete eýedigini hem aýtdy.
Kuleba Ukrainanyň däne we dökün eksportyna rugsat berýän şertnamanyň möhletiniň 19-njy noýabrda tamamlanýandygyny belläp, dünýä ýurtlarynyň Russiýanyň bu şertnamanyň uzaldylmagyna garşy çykmazlygy üçin Moskwa basyş etmelidigini aýtdy.
BMG-niň araçylyk etmeginde baglaşylan “däne şertnamasy” dünýäniň çörek üpjünçileriniň biri bolan Ukrainanyň Gara deňiz portlary arkaly galla we beýleki azyk önümlerini eksport etmegine mümkinçilik döredýär.
Russiýa Ukrainany 29-njy oktýabrda özüniň Sewastopolyň golaýyndaky Gara deňiz flotuna 16 pilotsyz uçar bilen hüjüm etmekde aýyplanyndan soň, “däne şertnamasyna” gatnaşygyny togtadýandygyny yglan etdi.