Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan sebitde we dünýäde iň haýal internetli ýurtlaryň biri boldy 


Cable.co.uk neşiriniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylyň Global tizlik tablisasynda Türkmenistan internet tizligi boýunça dünýäniň synag geçirilen ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky hatarlaryň birini eýeleýär.

Dünýäniň 224 ýurdunda, 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli 12 aýda geçirilen 1,1 milliarddan gowrak tizlik synagyndan alnan global tizlik tablisasy internet tizligi boýunça, reňkler bilen kodlanan dünýä kartasyny taýýarlady we kartdaky ýurtlaryň üstüne gelip, olardaky internet ýagdaýyny görüp bolýar.

Reňkler bilen belgilenen karta Günbatar Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlarynyň ýokary internet tizlikli ýurtlaryň arasynda görer göze hem agdyk edýändigini görkezýär. Emma Afrika kontinenti, Günorta Amerika, Ýakyn Gündogar we Aziýa, uly ýer böleklerine eýe bolsalar-da, internet tizligi boýunça iň haýal tizlik maglumatlaryny görkezýän ýurtlary öz içine alýar.

Kartada aýry-aýry ýurtlaryň üstüne gelip, olar bilen baglanyşykly maglumatlary, ýurduň adyny, synag geçirilen 224 ýurduň arasyndaky reýtingini, ortaça ýükläp almak, indirmek tizligini, synalan özboluşly IP adresleriniň sanyny, synaglaryň umumy sanyny we 5 Gb ululykdaky HD filmini indirmek üçin näçe wagt gerekdigini görüp bolýar.

Mundan başga, Cable.co.uk ýylda 200-den gowrak ýurtda 1 Gb mobil maglumatlaryň we 200-den gowrak ýurtda giň zolakly paketleriň bahasyny öz içine alýan barlag işlerini geçirýär. 2020-nji ýylyň awgust aýynda bolsa, biz COVID-19 sebäpli girizilen petikleme döwürleriniň global ulgam tizligine nähili täsir edendigi barada jikme-jik hasabat çap etdik diýip, neşir belleýär.

GDA-nyň öňki SSSR-e giren 11 ýurdunyň köpüsini tablisanyň oartlaryndan aşakda tapyp bolýar. Bu sebitde ortaça tizlik 12.87 Mbit/s diýlip bellenipdir.

Sebitdäki iň ýokary tizlikli üç ýurt Russiýa Federasiýasyndan (35,73 Mbit/s, 66-njy), Ukrainadan (25,26 Mbit/s, 77-nji) we Belarusdan (19.86 Mbit/sek, 92-nji) ybarat bolupdyr.

Sebitde internet tizligi boýunça iň haýal ýurtlar Türkmenistandan (dünýäde iň haýal - 0,50 Mbit/sek, 224-nji ýer), Täjigistandan (1.82 Mbit/sek, 211-nji ýer) we Gazagystandan ybarat (5.83 Mbit/sek, 173-nji ýer) bolupdyr.

Şeýle-de, Täjigistan bilen Türkmenistan dünýäniň internet tizligi boýunça iň haýal ýurtlarynyň onlugyna girýär.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurduň ýörite gulluklary VPN ulanyp, petikli internet saýtlaryna girýän raýatlara, şol sanda VPN ussalaryna garşy ‘barlyşyksyz söweş’ alyp barýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG