Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda temmäki önümleri we spirtli içgileri satylýan hususy dükanlara reýd geçirilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly we Ýolöten etrap bazarlarynda temmäki önümleri we spirtli içgileri satylýan hususy dükanlara köpçülikleýin reýd geçirilýär. Reýdlerde telekeçileriň ygtyýarnamalary barlanýar.

Ygtyýarnamasyz söwda edýän telekeçileriň temmäki önümleri we spirtli içgileri döwletiň haýryna geçirilip, olara müňlerçe manat möçberinde jerime salynýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

"Häzir bazarlarda temmäki önümlerini satýan dükanlara köne egin-eşikli adamlar girip, mahorka, nas ýa spirtli içgi soraýarlar. Eger-de "bar" diýip, olara temmäki ýa-da spirtli içgi satsaň, onda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri dükana girip, ygtyýarnamalarymyzy barlaýarlar. Ygtyýarnamaň ýok bolsa, onda olar temmäki we spirtli önümleriň ählisini alyp, yzyna gaýtaryp bermeýärler. Üstesine-de, 6 müň manat jerime salýarlar" diýip, baýramalyly telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Ol özi ýaly başga-da ençeme telekeçiniň ygtyýarnamasyz işleýändigini, muňa ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeleriň girizilmeginiň sebäp bolandygyny aýdýar.

Telekeçiler bu çäklendirmelere garamazdan, özleriniň howpsuzlyk gulluklarynyň käbir işgärlerine para berip işländiklerini, ýöne soňky reýdlerde olaryň käbiriniň işden boşadylandygyny, käbiriniň-de tussag edilendigini aýdýarlar.

"Mundan birnäçe gün öň howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri bazarlara aýlanyp, öz tanyş telekeçilerine mahorka satmagyň gadagandygyny duýdurdylar. Ilkibada olar gizläp satyň diýdiler. Soňra-da olar witrinalardaky ähli temmäki we spirtli önümleri aýyrmagy tabşyrdylar. Olar 'tutulsaňyz, biz jogap berip bilmeýäris' diýdiler" diýip, telekeçi belledi.

Onuň sözlerine görä, howpsuzlyk gulluklarynyň käbir işgärleri bu tabşyryklarynyň sebäbini Aşgabadyň prokuratura edarasyndan barlagçylaryň gelýändigi bilen düşündirdiler.

"Barlaglaryň anyk sebäbi aýdylmaýar. Ýöne şeýle barlaglar uly baýramçylyklaryň öň ýanynda ýa-da ýylyň ahyrynda geçirilýär. Häzir Bitaraplyk baýramçylygyna az wagt galdy" diýip, başga bir ýerli telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk barlaglar barada agzalýan etraplaryň häkimliklerinden, söwda edaralaryndan we polisiýa bölümlerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Maryda şuňa meňzeş barlaglar soňky gezek şu ýylyň sentýabrynda, Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilipdi.

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden azat etmek ugrunda tagalla edýändigini aýdýar. Munuň çäginde, şu ýylyň fewralynda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. Türkmenistanda temmäki önümlerine salynýan salgydyň möçberi hem şu ýylyň aprelinde artdyryldy.

Türkmenistan 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşuldy. 2016-njy ýylyň martynda ýurtda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda karar kabul edildi. Şonda Türkmenistanda çilim söwdasynyň ähli ygtyýarlyklary ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi. Şondan soňra hususy dükanlarda temmäki önümleriň söwdasy doly diýen ýaly gadagan edilip, döwlet dükanlarynda käte çäkli möçberde ýola goýuldy. Bu gadagançylyk wagtyň geçmegi bilen gowşan bolsa-da, wagtal-wagtal güýçlendirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG