Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dolandyryş-çäk özgertmeleri sebäpli iş orunlarynyň kemeldiljekdigi duýdurylýar


Türkmen resmileri. Illýustrasiýa suraty
Türkmen resmileri. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dolandyryş-çäk özgertmeleriniň geçiriljekdigi yglan edileninden soň, döwlet kärhanalarynyň ençemesinde eýýäm iş orunlarynyň köpçülikleýin kemeldiljekdigi barada duýduryşlar berilýär.

“[Lebap welaýatynyň] Farap etrabynyň ýatyrylyp, onuň ýerleriniň Çärjew etrabynyň düzümine goşulýandygy yglan edileninden soň, Farap häkimliginiň işgärlerine 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan işlerinden boşadylmagynyň mümkindigi barada duýduryş berildi” diýip, faraply resmileriň biri gürrüň berdi.

Anonimlik şertinde gürleşen söhbetdeşimiz ýolbaşçylaryň entek bu kararyň doly anyk däldigini, emma “islendik ýagdaýa taýýar bolmalydygyny” aýdandyklaryny belledi.

Sebitdäki habarçylarymyz we çeşmelerimiz şular ýaly ýygnaklaryň beýleki döwlet edaralarynda hem geçirilendigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, agyr ykdysady çökgünligiň arasynda, wezipelerinden boşadyljyklaryň täze iş ýerleri bilen üpjün edilmejekdigi barada hem duýdurylandygy bellenilýär.

Göz öňünde tutulýan mümkin ştat kemeltmeleri, býujetçileriň soňky ykbaly barada sebitleriň degişli häkimliklerinden, şeýle-de Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden maglumat almak başartmaýar.

Geçen aýyň aýagynda häkimiýetler ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek planlaryny yglan etdiler.

Munuň netijesinde hem, aýdyňlaşdyrmazdan, 28 mln manadyň tygşytlanjakdygy bellenildi.

Bu planlaryň mälim edilen pursady, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ykdysadyýetçiler, göz öňünde tutulýan ‘tygşytlamanyň’ esasan birikdirilen sebitleriň müňlerçe býujetçilerini işden çykarmagyň hasabyna amal etmek islenýändigini, emma iş ýüzünde munuň has köp zyýana getirjekdigini belläpdiler.

Türkmenistan işsizlik derejesi barada statistika çap etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, soňky ýyllarda iş orunlarynyň yzygiderli azaldylmagy netijesinde on müňlerçe adam işsiz galdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG