Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň polisiýasy döwlet belgisiniň öňi onluk san bilen başlanýan ulaglary 'awlaýar'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri döwlet belgisiniň öňi onluk san bilen başlanýan ýa-da islendik böleginde gara reňkdäki detallary bolan ulaglary "awlaýarlar". Raýatlar bu çäreleri häkimiýetleriň ilaty "talamagynyň ýene bir usuly" häsiýetlendirýärler.

"Maryda ýol polisiýasy reýd geçirýär. Polisiýa işgärleri gara reňkdäki detallary bolan ýa-da döwlet belgisiniň öňi onluk, ýagny 10, 20, 30, 40 tä 90-a çenli san bilen başlanýan ulaglary dessine polisiýanyň duralgasyna alyp gidýärler. Olar 2010-njy ýyldan soň öndürilen ulaglara bu döwlet belgilerini dakmagyň gadagandygyny aýdýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýagdaýdan habarly ulag eýesi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa awtoulaglarda zawoddan çykarylanda goýlan gara detallary söküp aýyrmagy ýa-da ak reňke boýamagy hem talap edýärler.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň 22-nji noýabrda beren maglumatlaryna görä, polisiýa bu çäklendirmeleri esaslandyrýan resminamany görkezmeýär.

Galyberse-de, polisiýa duralgasyna ýerleşdirilen ulaglaryň eýelerine awtoulagyň gara detallaryny we döwlet belgisini çalyşmak üçin zerur bolan resminamalar dessine berilmeýär.

"Polisiýa işgärleri ulag eýelerinden aç-açan 1000 manat para soraýarlar. Eger-de 'pulum ýok' diýseň, onda olar ulagyň 10 gün jerime duralgasynda saklanjakdygyny aýdýarlar. Şeýlelikde, ulag eýesi 10 gün garaşyp, soňra ulagyň gara detallaryny ýa döwlet belgisini çalyşmaly bolýar. Bu bolsa, kireý edýän ulag eýeleriniň azyndan 10-15 gün gazançsyz galjakdygyny aňladýar. Netijede, polisiýa işgärleri adamlary ulaglaryny çykarmak üçin para bermäge mejbur edýärler" diýip, sürüji belledi.

Sürüjiler muny ilatdan pul çürkemegiň nobatdaky tapgyry atlandyrýarlar. Olaryň sözlerine görä, sürüjiler ulagyň gara detallaryny ak reňke boýamak üçin 200-300 manat, döwlet belgisini çalyşmak üçin 100 manat sarp etmeli bolýarlar.

"Meniňki ýaly ýüzlerçe awtoulag bar. Öňi onluk bilen başlanýan ulagyň näme zyýany bar?! Ilki paýladylar, indi yzyna bermeli we başga nomer üçin täzeden kassa pul tölemeli. Üstesine-de, bu işleri amal etmek üçin uzak günüňi nobatlarda durup geçirmeli bolýar" diýip, maryly sürüji aýtdy.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada sebitdäki Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy ulaglarynyň daşky keşbi, öndürilen senesi, ýurda goýberilýän awtoulag brendleri bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler. Bu çäklendirmeleriň käbiri dilden, käbiri-de resmi karar esasynda ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýa-da Döwlet gümrük gullugy raýatlaryň şahsy ulaglaryna degişli gadagançylyklar barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG