Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki prezident aýlyklaryň 10% ýokarlandylmagynyň 'ýeterlikdigini' sorag astyna aldy, býujet taslamasyny yzyna gaýtardy


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl üçin döwlet býujeti hakyndaky kanunyň taslamasyna gaýtadan seretmegi teklip etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Şeýle-de onuň öz prezident bolan ýyllarynda çylşyrymlaşan maliýe, aýlyk haklary meselelerine biraz başgaça garap başlandygy, aýlyklaryň juda azdygyny gytaklaýyn we bölekleýin ýagdaýda birinji gezek tassyklandygy aýdylýar.

Bu habar ýurtda mejbury zähmetiň iň bir agyr görnüşleriniň biriniň, sowuk howada adamlaryň pagta ýygmaga çekilmeginiň dowam etdirilýän wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 23-nji noýabrda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin döwlet býujeti hakyndaky» kanunyň taslamasyna seredildi we onuň bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen kanun taslamasyna birnäçe bellik etdi diýip, TDH anyklaşdyrmazdan habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, edilen bellikleriň ählisini göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalaryň geçirilmegi üçin, geljek ýylyň döwlet býujeti hakyndaky kanun taslamasy yzyna gaýtaryldy we ol täzeden işlenip, Halk Maslahatyna gaýtadan hödürlenmeli edildi.

Şeýle-de, öňki prezidentiň milli puly daşary ýurt puluna öwürmekde döredilýän emeli kynçylyklar, “Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmagyň” ýeterlikdigini sorag astyna alandygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garaşylýan netijeleri bermeýändigi barada mesele gozgandygy habar berilýär.

“...ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň we banklarynyň önümçilik kärhanalaryna goldaw bermegi baradaky sorag ilkinji nobatdaky möhüm wezipe bolup durýar" diýip, G.Berdimuhamedow aýtdy we anyklaşdyrman milli puly "erkin ýörgünli daşary ýurt puluna öwürmekde emeli usulda kynçylyklaryň döredilýändigini" öňe sürdi.

Türkmen hökümeti ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklary, milli puluň hümmetiniň gaçmagy bilen bagly ýagdaýlary, ilatyň garyplaşmagyny, azyk önümleriniň we durmuşyň 10% köpeldilýän aýlyklardan onlarça esse gymmatlaýandygyny, işsizligiň derejesini resmi taýdan boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG