Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident birnäçe häkimligi ýatyryp, wagyz işlerini işjeňleşdirmäge çagyrdy


 Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezident 25-nji noýabrda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgedilmegi netijesinde döreýän üýtgetmeler baradaky karara gol çekdi.

Täze karar esasynda Ahal sebitinde Tejen şäher häkimligi ýatyryldy, Balkan sebitinde Serdar etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Gyzylarbat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy, Serdar, Gumdag we Hazar şäher häkimlikleri, Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrap häkimligi ýatyryldy.

Daşoguz sebitiniň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Daşoguz Şabat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy, Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimlikleri, Köneürgenç şäher häkimligi ýatyryldy.

Lebap welaýatynyň Farap we Döwletli etrap häkimlikleri, Mary welaýatynyň Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy.

2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmek barada Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyryk berlendigi aýdylýar.

Golaýda yglan edilen dolandyryş-çäk üýtgetmeleri netijesinde ýurt boýunça näçe iş ornunyň ýapylýandygy, işini ýitiren adamlaryň başga iş bilen üpjün edilýändigi ýa-da olara degişli öwez pullarynyň tölenip-tölenmeýändigi hakynda hiç bir maglumat berilmeýär.

Nobatdaky dolandyryş-çäk üýtgetmeleri Türkmenistanda saklanyp galýan agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, durmuşyň dowamly gymmatlamagy, öz goşlaryny satýan adamlaryň sanynyň artmagy bilen utgaşdy.

Emma häkimiýetler döwlet serişdelerini adamlaryň iş orunlarynyň hasabyna tygşytlamak üçin geçirilýän üýtgetmeleriň ykdysady meseleleriň çözülmegine nähili netijelilik getirip biljekdigini düşündirmediler.

Täze karar Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren hökümet maslahaty bilen utgaşdy, ýöne mejlisde dolandyryş-çäk üýtgetmeleri netijesinde işini ýitirýän adamlary işe ýerleşdirmek mümkinçiligi, ýurtdaky durmuş kynçylyklary barada hiç zat aýdylmady.

Muňa derek, TDH-nyň ýazmagyna görä, döwlet baştutany "ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-düşündiriş işlerini işjeňleşdirmegiň ähmiýetini" nygtady.

Türkmenistanda wagyz-düşündiriş işlerine her ýyl uly möçberde döwlet serişdeleriniň harçlanýandygy aýdylýar, emma ol serişdeleriň anyk möçberleri nämälim bolup galýar.

Şeýle-de, bu wagyzlar hukuk goraýjylaryň aýtmaklaryna görä, ilatyň, şol sanda okuwçylaryň 'wagtynyň ogurlanmagyna', oba hojalyk işlerinden daşarda hem mejbury zähmete çekilmegine sebäp bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG