Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda býujet işgärleriniň hasabyna şugundyr we kartoşka ýygnalýar


Ekin meýdany. Türkmenistan (arhiw suraty)
Ekin meýdany. Türkmenistan (arhiw suraty)

Maryda oba hojalyk önümleriniň hasyly ýene-de býujet işgärleriniň hasabyna ýygnalýar. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, ekin meýdanlarynda işleýän hakyna tutulan adamlar üçin pul döwlet edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýygnalýar.

Welaýatda şu günler şugundyr we kartoşka ýygnalýar. Şu sebäpden her bir ýerli edara-kärhananyň ekin meýdanlaryna azyndan 10 sany işgär ugratmaga mejbur edilendigini ýerli habarçymyz aýdýar. Bu talaby ýerine ýetirmek üçin edaralar adam tutup, olaryň zähmet hakyny tölemek üçin puly işgärlerden ýygnaýar.

Habarçymyz, şeýlelikde, döwlet edaralaryň işgärleriniň oba hojalyk önümçiligi üçin tabşyrmaga mejbur edilýän pulunyň möçberiniň ýene-de artandygyny aýdýar.

"Bu ekinleri ýygnaýan adamlary hakyna tutmak üçin pullary hemişekisi ýaly býujet işgärlerinden ýygnaýarlar. Pagta möwsümi üçin pul çöplenýän mahaly kartoşka we şugundyr üçin ýygnalýan pul artykmaç gelýär. Her býujet işgäri öz gezeginde 30 manat mukdarda hakyna tutma işgariň pulyny bermeli bolýar" diýip, ýerli kärhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri bilen gürrüňdeş bolan habarçymyz aýdýar.

Şeýle-de, şu günler hasyl ýygnamak boýunça işler pagta meýdanlarynda-da dowam edýär. Pagta ýygmak üçin hem býujet işgärleri pul tabşyrmagyny dowam etdirýärler.

"Her gün ir sagat 6:30-da her edara 10-15 sany hakyna tutulan adamy jemläp ugradýar. Býujet işgärlerinden pul ýygnamak adat bolup galdy" diýip, ýerli edara başlyklarynyň biri gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli işgärler öz zähmet haklaryndan esli puluň dürli maksatlar üçin yzygiderli saklanyp galmagyna nägilelik bildirýärler.

"Adam işe öz hojalygyny eklemek üçin girýär. Olaryň alýan aýlyklaryndan onsuzam edilýän dürli tutumlardan soň, oba hojalyk işleri üçin hem alynýar. Şeýdip, aýlyklaryň aglabasy ýene döwletiň işlerine gidýär" diýip, maryly býujet işgäri aýtdy.

Bu aralykda Marynyň çagalar baglaryna iýmit üçin berlen kartoşkanyň tagamynyň ajy bolmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykdy. Bu barada maglumat berýän habarçymyz aşpezlere salgylanyp, olaryň kartoşkany bişirende şeker goşup, ajysyny ýapmaga synanyşýandygyny aýdýar.

Türkmenistanda oba hojalyk önümçiliginde býujet işgärleriniň mejbury zähmet güýji hökmünde ulanylmagy we olardan pul toplanmagy ýaly ýagdaýlaryň dowam edýän wagtynda, pudakda işleýän daýhanlar tutuş möwsümde çeken agyr zähmetine garamazdan, girdeji görmegiň ýerine döwlete bergili bolup çykýar.

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri kärende ýerlerinden pagta hasylyny doly ýygnap alan daýhanlar bilen hasyl üçin hasaplaşyk işlerini geçirip başlansoň, köp kärendeçiniň döwlete bergili bolup çykandygy anyklandy. Bu barada Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň günbatar regionyndan 17-nji noýabrda maglumat berdiler.

Häkimiýetler oba hojalyk önümçiligindäki problemalary agzamaýarlar. Resmiler garaşsyz habar çeşmeleriniň we halkara guramalarynyň mejbury zähmetiň yzygiderli ulanylmagy barada berýän habarlaryna üns bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG