Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bitaraplyk güni mynasybetli 308 bendiniň günäsi geçildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda Bitaraplyk güni mynasybetli 308 adamyň günäsi geçildi. Bu baradaky degişli karara 9-njy dekabrda prezident Serdar Berdimuhamedow gol goýdy.

Günäsi geçilen raýatlaryň hatarynda syýasy tussaglaryň bardygy ýa-da ýokdugy mälim edilmeýär. Türkmenistanyň döwlet metbugaty günäsi geçilen raýatlaryň sanawyny çap etmeýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda yglan edilýän köpçülikleýin günä geçişlik ýylyň dowamynda 3-4 gezek geçirilýär we köplenç döwlet baýramçylyklaryna gabat getirilýär.

Türkmenistan dünýäde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň hataryna girýär.

Halkara hukuk guramalarynyň hasabatlarynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan ýöňkelýän günäni boýun aldyrmak, adamy özüne we başgalara garşy görkezme bermäge mejbur etmek üçin ulanylýan ýowuz gynag, basyş praktikalarynyň iň giň ulanylýan ýurtlarynyň biri bolup durýar.

Azatlyk Radiosy türkmen türmelerinde bendileriň gynamalara sezewar edilýändigi barada hem maglumatlary beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG