Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan dünýäde iň kän tussagly ikinji ýurt


Türkmen türmeleri halkara gözegçileriniň, garaşsyz synçylaryň baryp we görüp bilmeýän ýerleri bolmagynda galýar.

Türkmenistan ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän dünýädäki ikinji ýurt diýip, World Prison Brief internet neşiriniň sanawynda bellenilýär.

Sanawda iň köp tussagly ýurtlaryň bäşliginiň başyny ABŞ, Türkmenistan, El Salwador, Rwanda we Kuba çekýär. Tussaglaryň sany boýunça Türkmenistanda her 100 müň adama 576 bendi düşýär.

Türkmenistan türmelerinde saklanýan bendileriň, sud edilýän we boşadylýan adamlaryň sanyny çap etmeýär. Türkmenistanda tussaglaryň ýitirim edilmegi problemasy hem saklanyp galýar.

Şu ýylyň fewralynda Merkezi Aziýa boýunça analitiki merkeziň çeşmesi häzir türkmen türmelerinde 35 müňe ýakyn tussagyň saklanylýandygyny, munuň ýurtda bendiler üçin niýetlenen türmeleriň kabul edip biljeginden üç esse kändigini aýdypdy.

Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, häzirki wagtda türkmen türmelerinde saklanýanlaryň sany 51 müňden hem geçýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň ilatynyň sany baradaky maglumatlar boýunça hem soraglar saklanyp galýar. Mundan öň, Azatlygyň çeşmeleri Türkmenistanyň ilatynyň 3 milliondan hem azdygyny aýdypdylar. Eger-de çeşmelerimiziň maglumaty hakyky ýagdaýy suratlandyrýan bolsa, onda türkmen türmelerinde ilatyň jan başyna düşýän bendileriň sany World Prison Brief neşiriniň getirýän görkezijilerinden hem ýokary bolup biler.

Hukuk guramalarynyň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen türmeleri halkara gözegçileriniň, garaşsyz synçylaryň baryp we görüp bilmeýän ýerleri bolmagynda galýar.

Halkara hukuk guramalarynyň hasabatlarynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan ýöňkelýän günäni boýun aldyrmak, adamy özüne we başgalara garşy görkezme bermäge mejbur etmek üçin ulanylýan ýowuz gynag, basyş praktikalarynyň iň giň ulanylýan ýurtlarynyň biri bolup durýar. Azatlyk Radiosy türkmen türmelerinde bendileriň gynamalara sezewar edilýändigi barada hem maglumatlary beripdi.

Adam hukuklary boýunça geçirilýän halkara ýygnaklarda türkmen resmileri Türkmenistanyň türmelerinde tussaglaryň gynalmaýandygyny olara wagtly-wagtynda nahar berlip, olaryň saglygyna seredilýändigini öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG