Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awaza sammitinde türkmen gazynyň Ýewropa eksport edilmeginiň 'maslahatlaşylmagyna garaşylýar'


Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portundan bir görnüş. Illýustrasiýa.
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portundan bir görnüş. Illýustrasiýa.

13-14-nji dekabrda Hazaryň ýakasyndaky Awaza kurort şäherçesinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň prezidentleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçer. Bloomberg neşiri, ýokary derejeli türk resmilerine salgylanyp, gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna iberilmegi baradaky pikiri öňe sürjekdigini habar berýär.

Bloomberg bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýokary derejeli türk resmileri türkmen gazynyň ilki gämiler bilen Azerbaýjana daşalmagy, ondan aňry Azerbaýjany Gürjüstanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa birikdirýän Günorta gaz koridory gaz geçirijisine iberilmegi baradaky pikirleriň öňe sürüljekdigini aýdýarlar.

Türkmen resmileri sammitiň gün tertibi barasynda metbugatda çykyş etmeýärler.

Türkiýäniň türkmen gazyna isleg beýan etmegi we üstaşyr mümkinçiliklerini hödürlemek baradaky tekliplerini ara alyp maslahatlaşmagy Ýewropanyň rus gazyna alternatiwa gözleýän wagtlaryna gabat gelýär.

Ýewropa Bileleşigi özüniň umumy gaz importynyň 45 göterimini Russiýadan üpjün edýärdi. Ýöne, Russiýanyň Ukraina goşun girizmeginiň yz ýany, geçen döwrüň dowamynda, Halkara energiýa agentliginiň sanlaryna görä, Ýewropa rus energiýa serişdeleriniň importynyň möçberlerini azaldýar.

Türkmen gazynyň Ýewropa bazarlaryna iberilmegi baradaky taslamalar ençeme ýyllardan bäri energiýa ekspertleriniň arasynda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şol bir wagtda, Türkiýäniň türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagy bilen bagly teklipleri öňe sürmegi Russiýanyň öz gazyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksport etmegi teklip edýän wagtlaryna gabat gelýär. Ýaňy-ýakynda Russiýa sebitde Gazagystany we Özbegistany hem öz içine alýan “Gaz bileleşigini” döretmegi teklip etdi.

Mundan ozal, iýulyň başlarynda Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşan ýokary derejeli türk resmileri türkmen gazyny Türkiýä eltmegiň üç ugrunyň işlenilip düzülýändigini mälim etdiler. Bu üç alternatiwanyň hatarynda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy; Türkiýäni, Azerbaýjany, Türkmenistany we Eýrany öz içine alýan gaz swap ylalaşygy; ýa-da türkmen gazynyň suwuklandyrylan görnüşde gämiler arkaly Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, ondan aňry gaz geçirijiler arkaly Türkiýä eltilmegi baradaky teklipler agzaldy.

Ýokary derejeli türk resmileriniň soňky metbugat çykyşlary bilen, üçünji alternatiwa, ýagny türkmen gazynyň gämiler bilen Azerbaýjana daşalmagy baradaky teklipler goldaw tapýan ýaly bolup görünýär.

Energetika howpsuzlygy boýunça britaniýaly bilermen Jon Roberts 12-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda mawy ýangyjyň gaz daşaýjy ýörite gämiler bilen Hazar deňziniň üstünden Azerbaýjana daşalmagynyň mümkinçiliklerine syn berdi.

“Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjana [gämiler bilen] daşamak we ol ýerden Günorta gaz koridoryna akdyrmak tehniki taýdan mümkin, ýöne täjirçilik jähtden, bu düýbünden manysyz. Munuň iki sebäbi bar. Birinji sebäp – onuň bahasy. 2010-njy ýylda Halkara energiýa agentligi gysylan tebigy gazy daşamagyň mümkinçiliklerini seljerdi. Olar şonda gazy deňiz üsti bilen daşamagyň, gaz geçiriji bilen deňeşdirilende, tas iki esse gymmada düşýändigi barada netijä geldiler. Şol döwürlerde men käbir täjirçilik kompaniýalary bilen söhbetdeş bolanymda, olar maňa, gazy geçirijiler arkaly ibermekligiň onuň gämiler bilen daşalmagyndan tas dört esse töweregi arzan düşýändigini aýtdylar” diýip, energiýa bilermeni aýtdy.

Ekspertiň pikiriçe, mawy ýangyjyň gämiler bilen daşalmagyny ýola goýmak, onuň üçin zerur bolan gämiçilik desgalaryny gurup, olary işe girizmek köp wagt talap edýär.

“Ikinjilik bilen, bu wagt talap edýär. Munuň üçin siz ilki bilen türkmen tarapynda gazy gysyjy desgalary gurmaly. Ondan soňra, siz ýa gysylan gazy daşap biljek ýörite gämileri gurmaly bolarsyňyz, ýa-da baržalary, ýagny motorsyz ýük gämilerini we gysylan gaza niýetlenen we edil konteýnerler ýaly aňsat baržalara ýüklenilýän ýörite gaz balonlaryny ýasamaly bolarsyňyz. Başgaça aýdylanda, bu zatlaryň ählisini ýerine ýetirmeklik bir topar ýyla çeker. Bu zatlary birnäçe aýyň dowamynda ýerine ýetirip bolmaýar. Beýleki tarapdan, gaz geçirijini örän tiz wagtda gurup bolýar. Galyberse-de, gysylan gazyň daşalmagy, aňry gitse, 4-5 milliard kub metr gazy daşamak üçin işe ýarap biler, ýöne bu möçberden aňry geçse, bu ykdysady taýdan örän amatsyz bolýar”diýip, ekspert aýtdy.

Bilermene görä, meselem barmasy kyn bolan sebitlere, uzak adalara, ýa-da arhipelaglara gaz daşamak üçin gämiler amatly bolup biler, ýöne Türkmenistan bilen Azerbaýjan arada mawy ýangyjy Hazaryň üstünden gämi bilen yzygiderli daşamak örän amatsyz bolup durýar.

Şeýle-de, Roberts gysylan gazy daşamak üçin zerur bolan äpet gämileri – eger olary ýurt içinde ýasap bolmasa – bu gämileri Hazar deňziniň türkmen tarapyna diňe Wolga-Don derýa ulgamlarynyň üsti bilen getirip bolýandygyny, muňa bolsa Russiýanyň rugsadynyň zerur bolup durýandygyny aýtdy. Şeýlelikde, bilermen tebigy gazy Hazar üstünden gämi bilen daşamagyň örän köp tagalla, zähmet we wagt talap edýändigini nygtady.

“Şonuň üçin, iň möhüm ýagdaý – gaz gysyjy we ony daşaýjy ulgamlary dessine ýasap, gysga wagtyň içinde işe girizip bolmaýar. Bu senagaty ornaşdyrmaklyk, şol sanda gazy bir tarapdan beýleki tarapa daşajak gämileriň gurluşyk işleri, 3-4 ýyla çeker. Üstesine, bu ulgam gaz geçirijiniň bahasy bilen deňeşdirilende azyndan iki esse, belki-de dört esse has gymmada düşer” diýip, ekspert aýtdy.

BP-niň maglumatlaryna görä, Türkmenistan tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň iň esasy tebigy gaz müşderisi Hytaýdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG