Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda bir maşgaladan dört agza gazdan zäherlenip öldi


Ýaşaýjylar hojalyk gaz balonyny alyp barýar. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Ýaşaýjylar hojalyk gaz balonyny alyp barýar. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň gündogar sebitiniň dolandyryş merkezinde bir maşgaladan dört adam heläk boldy. Bu ýagdaý barada habar berýän "Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, olar gazdan zäherlenipdir. Şu günler saklanýan adatdan daşary sowuk howada adamlar ýylynmak kynçylygyny başdan geçirýärler.

Neşiriň habaryna görä, betbagtçylyk Türkmenabat şäheriniň Urgenji etrabynda bolupdyr, bir maşgalanyň dört agzasy, iki gyz çaga we olaryň ene-atasy hojalyk gazyndan zäherlenip ölüpdir. Maşgalanyň diri galan ýekeje agzasy şol wagt öýünde bolmandyr.

"Maşgalanyň heläkçilige uçran takyk wagty belli däl. 4-nji dekabrda, şenbe güni irden, Derýa kollejiniň iňlis dili mugallymy Jahan Annageldiýewa işdedi. Şondan bir gün geçensoň zenan, adamsy we iki gyzy Selbi we Dünýägözel bilen bilelikde öýünde öli tapyldy. Olaryň ogly 11 klasda okaýan Öwez dynç günlerinde Aşgabatdaky sport çäresine gatnaşýardy. Şol sebäpli ýetginjek diri galypdyr" diýip Turkmen. news ýazýar.

Maglumatda jaýy ýyladýan peçiň gaz üpjünçilik ulgamyndaky basyşyň üýtgemegi zerarly öçüp, soň ýene kadalaşan wagtynda syzyp başlan gazyň uklap ýatan adamlaryň zäherlenmegine sebäp bolmagynyň ähtimaldygy bellenýär.

Türkmenistanda şu günler howa sebit üçin adatdan daşary pes derejelere çenli sowaýar. Dekabr aýynyň başyndan bäri ýurduň demirgazygynda termometr - 22 gradusa çenli pes derejeleri görkezdi. Aýazly howada şäher ilaty ýaşaýyş jaýlaryny elektrik enjamlary, gaz peçleri, şeýle hem aşhanalardaky hojalyk gaz plitalary bilen gyzdyrýar. Oba ýerlerinde ilat ýaşaýyş jaýlaryny gaz, odun we tezek bilen gyzdyrýar. Enjamlardaky näsazlyklar, şol sanda hojalyk gazynyň syzmagy heläkçilige sebäp bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary dekabryň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde ýyladyş ulgamynda näsazlyklaryň dörändigini, adamlaryň sowukda jaýlaryny kynçylyk bilen gyzdyrýandygyny, ýylylyksyz galýandygyny habar berdiler. 12-nji dekabrda Aşgabatda ýyladyşdan başga-da birnäçe etrabyň ýaşaýjylary uzak gün suwsuz galdy.

"Turkmen.news"-yň habar berişi ýaly, gaz geçirijisindäki basyşyň üýtgemegi Lebap welaýatynda we oba ýerlerinde köp ýüze çykýar. Neşir 2-3-nji dekabrda näbelli sebäplere görä, tutuş Türkmenabatda gazyň ysynyň duýlandygyny we gaz ýataklarynyň birinde gazyň syzan bolmagynyň çak edilýändigini habar berdi.

Neşiriň türkmenabatdaky heläkçilik barada çap eden maglumatynda, neresse maşgala agzalary barada käbir jikme-jik maglumatlary berýär.

Jahan Annageldiýewa Türkmenabatdaky 2-nji mekdepde işläpdir. Ol 2012-nji ýylda ABŞ-nyň mugallymçylyk ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça programmasynyň (TEA) finalisti bolupdyr. Amerikan programmasy dünýäniň dürli künjeklerinden gelen mugallymlara ABŞ-da alty hepde tälim almaga mümkinçilik berýär.

"Türkmen häkimiýetleri beýle maksatnamalara gatnaşmagy resmi taýdan gadagan etmeýär, ýöne Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri beýleki amerikan alyş-çalyş programmasyna gatnaşyjylar babatynda edişi ýaly, resmi däl ýagdaýda Annageldiýewany "gepleşik" üçin çagyrdy. Işden aýrylmagy barada haýbat atyp, ony gitmezlige ündedi. Mundan soň diňe az sanly adam pikirini üýtgetmeýär. Emma Jahan Annageldiýewa gorkmady. Ol ABŞ-dan gaýdyp gelensoň, hakykatdanam mekdepden kowuldy. Emma soňra Türkmenabadyň derýa kollejinde hünäri boýunça iş tapdy" diýip, Türkmen news ýazýar.

Şeýle-de, maglumatda merhum mugallymanyň uç aýlap Kaliforniýa döwlet uniwersitetinde öwrenen okatmak usullaryny iş ýüzünde ulanandygyny we Derýa kollejiniň okuwçylaryna iňlis dilini hakykatdanam gowy derejede öwrenmek mümkinçiligini berendigi bellenýär. Mugallymyň uly gyzy Selbi pedagogika institutynda ikinji kursda okaýardy, kiçi gyzy Dünýägözel mekdep okuwçysydy. Annageldiýewanyň adamsy döwlet gullugynda işleýärdi.

Maşgala 6-njy dekabrda jaýlandy diýip, Türkmen.news ýazýar.

Howanyň aşa sowuklygynda hojalyk enjamlarynda döreýän näsazlyklar zerarly adam ýitgileri goňşy Özbegistanda hem bolýar. Bu ýurtda şu ýylyň 1-nji noýabryndan bäri ýüze çykan we ýerli metbugatda habar berlen ýagdaýlarda kömürturşy gazdan zäherlenen adamlaryň sany 20-den geçdi. Heläkçilige gyş paslynda elektrik we tebigy gaz üpjünçiliginiň kesilmegi sebäp bolýar. Häkimiýetler, adamlaryň ölümine ýyladyş enjamlaryny ulanmakda howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdyp, raýatlaryň özlerini günäkärleýär.

Türkmenistanyň döwlet mediasy aşa sowuk howa zerarly ilatyň duçar bolýan kynçylyklary, şol sanda heläkçilikli ýagdaýlar barada habar bermeýär.

Türkmen hökümetinden tapawutlylykda adatdan daşary aýazly howada energiýa krizisini başdan geçirýändigini boýun alýan Özbegistan Türkmenistandan satyn alýan elektrik togunuň mukdaryny artdyrandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG