Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howanyň temperaturasy Darganatada -15, Aşgabatda -10 gradusa çenli pese gaçýar, ilat ýyladyşdaky näsazlykdan we doňakçylykdan şikaýat edýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Türkmenistana sowuk we çygly howa akymy aralaşýar. Howanyň temperaturasy Darganatada gijelerine -12, -15, gündizlerine -5 gradusa, Aşgabatda gijelerine -10 gradusa çenli pese gaçýar. Ýerli ýaşaýjylar ýyladyş ulgamlarynda döreýän näsazlyklar sebäpli, hem-de doňakçylyk zerarly durmuş desgalarynyň hatardan çykmagy bilen dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar. Bularyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, sowuk howa netijesinde Darganatanyň etrap merkezinde we Lebabyň birnäçe çarwadar posýologynda, şol sanda Halkabatda agyz suw turbalary doňdy. Doňaklyk obalardaky suw arassalaýjy kiçi desgalaryň işine päsgel berýär.

“Ençeme adamlar agyz suwdan kösenýärler. Häzir ýaplaryň suwlary hem kesildi” diýip, lebaply bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçy ilatyň suw üpjünçiliginde suw daşaýjy ulaglaryň, “wodowozlaryň” ulanylýandygyny habar berdi. “Wodowozlar bilen Gabaklydan suw daşap, ilata satýarlar. 20 litr suwuň bahasy käbir obalarda 12 manat, käbir obalarda 15 manat” diýip, bir lebaply aýtdy.

Amyderýanyň kenaryna golaý ýerleşýän Gabakly geňeşligi Dänew etrabynyň çägine girýär.

“Darganatada sowuk howa 20-nji noýabrdan bäri dowam edýär” diýip, bir darganataly gürrüň berdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy darganataly ýaşaýjylaryň sowuk howada odun we mal tezegini ýakyp ýylanmaga çalyşýandyklaryny habar beripdi.

Bu aralykda, Azatlygyň beýleki bir habarçysy paýtagt Aşgabatda howanyň temperaturasynyň gijelerine -10 gradusa çenli pese gaçýandygyny, ýerli ýaşaýjylaryň ýyladyş ulgamlaryndaky näsazlykdan şikaýat edýändigini habar berýär.

Habarçy Aşgabadyň hususan-da köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş batareýalarynyň otaglary kadaly ýylatmaýandygyny habar berdi.

“Birnäçe gezek Jaý dolandyryş edarasyndan gelip, batareýalara seredip gitdiler. Turbalarda suw lykyrdaýar, ýöne ne basyş bar, ne-de ýylylyk” diýip, bir paýtagtly gürrüň berdi.

“Gijelerine temperatura -10 gradusa çenli pese gaçýar. Kondisionerler çydamaýar. Adamlar ýylanmak üçin aşhanadaky gaz plitalaryny ýakyp goýýarlar, ýöne bu zyýan” diýip, beýleki bir aşgabatly aýtdy.

Ol şeýle halatlarda gaz basyşynyň peselýändigini, köp pejiň öçýändigini we munuň bilen zäherlenme hadysalarynyň hem bolandygyny gürrüň berdi.

“Gazyň syzmagy netijesinde ýüze çykan partlamalar barada eşitmedim, ýöne şeýle hadysa ýüze çyksa geň galmaryn” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy sözüne goşdy.

Türkmenistanyň şäher ýerlerinde köp gatly ýaşaýyş jaýlary merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary bilen ýyladylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir ýerli hünärmen Aşgabatda hatda 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda, 2000-nji ýyllaryň ortalarynda gurlan jaýlarda-da infrastrukturanyň sandan çykandygyny gürrüň berdi. Ol paýtagtyň ençeme etraplarynyň ýaşaýjylarynyň köp ýyl bäri her gyş ýyladyş bilen bagly kynçylyklary başdan geçirmeli bolýandyklaryny gürrüň berdi.

“Bizde 20 ýyl bäri ýagdaý şeýle” diýip, ol sözüne goşdy.

Habarçynyň gürrüňdeşi 10 ýyl töweregi mundan ozal turbalaryň plastik turbalar bilen çalşyrylandygyny, ýöne munuň jaýlary ýylatmakda netijesiz synanyşyk bolandygyny aýtdy.

“Ýyladyş batareýalarynda bir zatlar lykyrdaýar. Biz batareýalaryň howasyny çykarýarys, ýöne suwuň ýylylygy pes” diýip, paýtagtly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

3-nji ýanwarda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi ýurduň Gidrometeorologiýa gullugyna salgylanyp, şu hepdäniň dowamynda ýurda demirgazyk günbatardan sowuk we çygly howa akymynyň aralaşýandygyny habar berdi. Resmi howa maglumatyna görä, şu hepde howanyň temperaturasynyň gijelerine Balkanda we Ahalda -9, Maryda -12, Lebapda we Daşoguzda -13, Aşgabatda -7 gradusa çenli pese gaçmagyna garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG