Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen, türk we azeri liderleri Awazada duşuşdy


Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew (çepde), Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (ortada) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan (sagda)
Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew (çepde), Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (ortada) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan (sagda)

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlary 14-nji dekabrda Awaza kurort şäherçesinde üçtaraplaýyn sammit geçirdi. Sammitiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara we bilelikdäki beýannama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşan sammitinde liderler energetika hyzmatdaşlygy, gümrük hyzmatdaşlygy we ulaglar hyzmatdaşlygy babatynda özara düşünişmek memorandumlaryna gol çekdiler.

Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça üç ýurduň arasynda Konsultatiw topary döretmek barada üçtaraplaýyn ähtnama gol çekildi.

Şeýle-de, energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda “Türkmengaz” we azeri hem-de türk energetika ministrlikleriniň arasynda ähtnama gol goýuldy.

"Anadolu" agentliginiň habaryna görä, türk prezidenti sammitde eden çykyşynda türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegi babatynda Türkiýäniň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Sammitiň öň ýany, Bloomberg neşiri türk lideri Rejep Taýýip Erdoganyň duşuşygyň dowamynda türkmen gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermegiň meselelerini gozgajakdygyny habar beripdi.

Bloomberg bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýokary derejeli türk resmileri türkmen gazynyň ilki gämiler bilen Azerbaýjana daşalmagy, ondan aňry Azerbaýjany Gürjüstanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa birikdirýän Günorta gaz koridory gaz geçirijisine iberilmegi baradaky pikirleriň öňe sürüljekdigini aýdypdylar.

Türkmen resmileri sammitiň öň ýany onuň gün tertibi barada metbugatda çykyş etmediler.

Dünýäde we sebitde dowam edýän energetika üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň arasynda, türkmen gazynyň Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä iberilmegine degişli taslamalar sebit liderleri tarapyndan gün tertibine getirilip başlandy.

Türkmenistanyň hökümeti bu taslamanyň töweregindäki meýilnamalary barada beýanat bilen çykyş etmeýär.

Mundan ozal, iýulyň başlarynda Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşan ýokary derejeli türk resmileri türkmen gazyny Türkiýä eltmegiň üç ugrunyň işlenilip düzülýändigini mälim etdiler. Bu üç alternatiwanyň hatarynda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy; Türkiýäni, Azerbaýjany, Türkmenistany we Eýrany öz içine alýan gaz swap ylalaşygy; ýa-da türkmen gazynyň suwuklandyrylan görnüşde gämiler arkaly Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, ondan aňry gaz geçirijiler arkaly Türkiýä eltilmegi baradaky teklipler agzaldy.

Ýokary derejeli türk resmileriniň soňky metbugat çykyşlary bilen, üçünji alternatiwa, ýagny türkmen gazynyň gämiler bilen Azerbaýjana daşalmagy baradaky teklipler goldaw tapýan ýaly bolup görünýär.

Energetika bilermenleri suwuklandyrylan türkmen gazyny Hazar deňziniň üsti bilen gämiler arkaly Azerbaýjana ibermegiň hem pul tygşytlylygy babatynda hem-de wagt tygşytlylygy babatynda netijesizdigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG