Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Gündogarda agyr söweşler barýar, ruslar meşhur Mariupol teatryny ýykdylar


Rus çozuşynyň başlarynda 600 adam, şol sanda köp sanly çagalar üçin, bomba hüjümlerinden goranyş penahanasyna öwrülen taryhy ýadygärlik bolan teatr, parahat ilat üçin bosgun ýeri diýlip, aç-açan goýlan bellige garamazdan, rus howa zarbalary tarapyndan gaýta-gaýta nyşana alyndy.
Rus çozuşynyň başlarynda 600 adam, şol sanda köp sanly çagalar üçin, bomba hüjümlerinden goranyş penahanasyna öwrülen taryhy ýadygärlik bolan teatr, parahat ilat üçin bosgun ýeri diýlip, aç-açan goýlan bellige garamazdan, rus howa zarbalary tarapyndan gaýta-gaýta nyşana alyndy.

Gündogarda dartgynly söweşler barýar, Moskwanyň hüjümleri Donetsk sebitinde Bahmut we Awdiýewka şäherlerine gönükdirilýär diýip, Ukrainanyň Baş ştaby hasabat berýär. Bir sebit resmisi ruslaryň günorta Mariupol şäherindäki meşhur teatry ýer bilen ýegsan edendigini habar berdi.

Donetsk sebitiniň soňky aýlarda iň gazaply söweşler barýan Bahmut we Awdiýewka şäherleriniň üznüksiz topa tutulmagy bilen bir hatarda, ruslar beýleki üç sebitde – Sumyda, Harkowda we Luhanskda – harby we raýat ýerlerine zarba urmagy dowam etdirdi diýip, Baş ştab mälim etdi we ukrain güýçleriniň soňky 24 sagadyň dowamynda jemi 19 hüjümi yza serpikdirendigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, ol rus goşunlarynyň agyr ýitgiler zerarly, Berdýansk we Zaporižýa sebitlerinde meýdan hassahanasyny gurnandygyny, birnäçe syýahatçylyk şypahanalaryny bolsa, harbylar öýüne öwrendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Baş ştab Ukrainanyň Krym sebitiniň demirgazygynda rus goşunlarynyň, görnüşinden, ukrain güýçleriniň hüjüm ähtimallyklary sebäpli, goranyş pozisiýasyna geçýän ýaly bolup görünýändiklerini habar berdi.

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow bolsa, Ukrainadaky front çyzygynda ýagdaýlaryň durnuklydygyny we rus güýçleriniň Donetski “azat etmek işlerini tamamlamaga” üns gönükdirýändiklerini aýtdy.

Ukrain güýçleriniň birnäçe aý dowam etdiren garşylygyndan soň, şu ýyl synan Marioupol şäherinde rus güýçleri 22-nji dekabrda Donetsk sebitiniň Akademiki drama teatryny ýykyp başlady diýip, şäher häkiminiň geňeşçisi Petro Andrýuşçenko Telegramda aýtdy.

Rus çozuşynyň başlarynda 600 adam, şol sanda köp sanly çagalar üçin, bomba hüjümlerinden goranyş penahanasyna öwrülen taryhy ýadygärlik bolan teatr, parahat ilat üçin bosgun ýeri diýlip, aç-açan goýlan bellige garamazdan, rus howa zarbalary tarapyndan gaýta-gaýta nyşana alyndy.

“Bu ýykyş urşuň şu tapgyrynyň başyndan bäri ukrainlaryň ruslar tarapyndan iň bir bilkastlaýyn we bir wagtda öldürilmegine degişli fiziki subutnamany hemişelik ýaşyrmak synanyşygydyr” diýip, Andrýuşçenko aýtdy we teatryň, görnüşinden, geljekki rekonstruksiýa esas hökmünde, diňe öň tarapynyň abat galandygyny aýtdy.

“Associated Press” (AP) tarapyndan geçirilen derňewler söweşleriň dowamynda tas doly diýen ýaly ýer bilen ýegsan edilen Mariupolda 10 müňden gowrak täze mazaryň ýüze çykandygyny, hem-de has ozal azyndan 25 müň adam hökmünde çak edilen adam ýitgileriniň aslynda üç esse ýokary bolmagynyň ahmaldygyny anyklady.

Galyberse-de, ruslar 50 müňden gowrak öýi ýykmagy meýilleşdirýär diýip, AP çaklady.

Bu aralykda, ukrain goşuny 22-nji dekabrda ruslaryň Donbasda köp sanly hüjümlere girişýändigini, Zaporižýe hassahanasyny bomabalaýandygyny aýdýar.

Ukrain güýçleri Moskwanyň goşunlarynyň birnäçe hüjümini yza serpikdirdi, geçen 24 sagadyň dowamynda ruslar Zaporižýe hassahanasyny artilleriýa hüjümleri toplary bilen nyşana aldy diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby 22-nji dekabrda aýtdy.

Rus güýçleri Zaporižýa sebitiniň Hulýaipol şäherinde bir hassahana zarba urdy diýip, ukrain goşuny aýtdy, ýöne adam ýitgileri barada bada-bat habar bolmady.

Ukrain goşuny rus pozisiýalaryna söweş uçarlary we artilleriýa bilen zarba urýar diýip, Baş ştab 22-nji dekabrda aýtdy we özleriniň üç sany rus dronyny urup ýykandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlary Russiýanyň deňiz güýçlerine degişli edaralara garşy sanksiýa girizýär.

Birleşen Ştatlar ukrain portlaryna gönükdirilen rus operasiýalary sebäpli rus deňiz güýçleriniň 10 edarasyna garşy sanksiýa girizýär diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti 22-nji dekabrda aýtdy. Waşington Moskwanyň Ukraina çozany üçin, oňa garşy basyşy artdyrýar.

Bu hereket ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň ABŞ prezidenti Jo Baýden bilen Waşingtonda duşuşyp, Kongresde söz sözlemeginden bir gün soň ýerine ýetirildi. Zelenski çaknyşykda Ukraina berýän goldawy üçin Birleşen Ştatlara minnetdarlyk bildirdi we has köp ýarag sorady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG