Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukmanyň maslahaty: özüňi dümewden nädip goramaly


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Geçen aýyň dowamynda, Täjigistanda dümew we dem alyş ýollaryndaky agyr keselleri bilen kesellänleriň şikaýatlary birden artdy. Näsaglaryň käbiri bu gezek dümewiň öňkülerden has agyr geçýändigini aýdýarlar. Häzirki dörän ýagdaýda özüňi dümewden nädip goramaly?

Duşanbe şäherindäki ýokanç keselleri hassahanasynyň lukmany Saýýora Ýorowanyň aýtmagyna görä, her ýyl güýz-gyş möwsümlerinde we ýazyň başynda dümew, şeýle hem dem alyş ýollarynyň agyr ýokançly görnüşleri bilen keselleýänleriň sany artýar.

Dekabr aýynyň başyndan bäri dümew we dem alyş ýollarynyň keselleri baradaky şikaýatlar köpeldi. Näsaglaryň bellemegine görä, bu keseliň alamatlary COWID-19 alamatlaryna meňzeş bolup, "onuň bejergisi hem şeýle çylşyrymly we uzaga çekýär".

Täjigistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri ýurtda "COVID-19" keseliniň täze ýüze çykmasynyň tassyklanmandygyna kepil geçýärler hem ýurtda häzirki ýagdaýda "möwsümleýin dümew" barada gürrüň gidýändigini nygtaýarlar.

Ýokanç keseller boýunça wraç Saýýora Ýorowa dümew we dem alyş ýollarynyň agyr ýokançlyklaryna duşýanlaryň köpüsiniň çagalar we garrylardygyny aýtdy.

Saýora Ýorowa
Saýora Ýorowa

"Dümewiň ýa-da dem alyş ýollarynyň agyr ýokançlygyny bejermekdäki kynçylygyň bir sebäbi immunitetiň gowşaklygydyr. Daşky gurşawyň ýaramaz täsiri, örän ýakymsyz howa şertleri, şeýle hem ýeterlik derejede sagdyn bolmadyk iýmitlenmek adamyň immunitetini peseldip bilýär" diýip, Saýýora Ýorowa belleýär.

Emma käbir şäherliler başgaça pikir edýärler. Olaryň pikirine görä, dümewiň agyr gelip geçmegi, bu COWID-19-yň netijesinden bolmaly.

Duşanbe şäheriniň ýaşaýjysy Adham Kodirow özüniň iki hepdä golaý wagt bäri dümew sebäpli bejergi alýandygyny aýtdy.

"Öňki ýyllarda-da adamlar dümewe ýolugardy, ýöne däri-derman alansoňlar, derrew sagalardy. Ýöne şu ýyl men iki hepdä golaý damja sanjymynyň aşagynda ýatdym, keselçilik barada hat almaly boldum. Ähli bogunlarym döwlüp barýar” diýip, biziň gürrüňdeşimiz aýdýar.

Saýýora Ýorowa dümewiň we dem alyş ýollarynyň ýokançly keselleriň öňüni almak üçin, ýaşaýjylara lukmançylyk maskasyny dakynmagy hem-de immunitet derejäňi ýokarlandyrmaga çalyşmagy maslahat berýär.

"Eger siz şonda-da dümewe ýoluksaňyz, maşgala wraçyna ýüz tutmaly, her niçigem bolsa, hiç bir ýagdaýda öz-özüňi bejermäge girişmeli däl. Syrkaw adam aýry otagda wagtlaýyn ýeke galmaly hem şol ýerde bejergi almaly. Näsag ýokançlygy özünde saklaýandygy üçin, ol hökman maska dakynmaly we

başgalar bilen fiziki aralyk saklamaly. Näsaglar keselden doly gutulýança, myhmançylyga gitmekden, jemgyýetçilik ýerlerine, şol sanda bazarlara, metjitlere barmakdan saklanmagy başarmaly, onuň başgalara kesel ýokuşdyrmagy mümkin” diýip, wraç Saýýora Ýorowa sözüne goşdy.

Makala Nigora Fazliddin Mullorajab Ýusufzoda tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG