Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marylylar gaz bökdençlikleriniň çözülmegi üçin ýaşululardan haraý gözleýärler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Soňky günlerde Mary welaýatynda ýaşaýjylar gaz üpjünçiliginiň ýaramazlygyna nägilelik bildirip, ýerli gaz edaralaryna yzygiderli arz-şikaýat bilen ýüzlenýärler. Şikaýatlary kanagatlandyrylmaýan ýaşaýjylar bu meseläniň çözülmegi üçin ýaşululardan haraý gözleýärler.

"Her güni ençeme adam üýşüp, topar-topar bolup ýerli gaz edaralaryna barýar. Olar aýazly howada gazyň basyşynyň güýçlendirilmegini talap edýärler. Emma gaz edaralarynyň işgärleri özleriniň bar gazy doly güýjünde akdyrýandyklaryny, ondan artykmaç hiç zat edip bilmeýändiklerini aýdýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji ýanwarda aýtdy.

Ýaşaýjylar etrap häkimliklerine hem ýüzlenýärler. Bu ýaşaýjylaryň aglabasy zenanlar bolup, olaryň hem gazyň basyşynyň artdyrylmagy baradaky talaplary kanagatlandyrylmaýar. Häkimiýetlerden umydyny üzen ilat bu meseläniň çözülmegi üçin ýaşululardan haraý soraýar.

"Etrap ýaşaýjylary öz geňeşliginiň ýaşulularynyň ýanyna barýarlar we kyn günde özleriniň ýanynda bolup, özleriniň öňüne düşüp, häkimiýetlerden gazyň basyşyny güýçlendirmegi soramagy haýyş edýärler. Emma ýaşulular biziň baranymyz bilen iş çözülmeýär diýip, 'öňler ata-babalarymyz toksuz, gazsyz, buzy eredip, suw edip hem ýaşapdyrlar' diýýärler" diýip, ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde aýtdy.

Köp ýaşaýjy ýaşulularyň jogabyna gahar-gazap bildirip, olaryň özlerini ruhdan düşürendigini aýdýar. Şeýle-de, olar ýaşululardan mundan beýläk, hamana, adamlaryň bähbidini goldaýan ýaly mekdeplerde we beýleki resmi çärelerde çykyş etmezligi talap etdiler.

"Siz ýaşuly bolup, mekdeplerde, edara-kärhanalarda, şeýle-de resmi çärelerde geçirilýän ýygnaklara gatnaşyp, çagalaryň we halkyň aladasy edilýär diýýärsiňiz. Siz gerek bolanda öz goňşyňyzyň, geňeşligiňiziň adamlarynyň öňüne düşüp, häkimlige çykyp bilmeýärsiňiz. Toýlarda, ýaslarda, sadakalarda ilkinji size hormat goýulýar, naharyň ýüzüniň ýagly ýeri size hödürlenýär. Siz bolsa, adamlar goldawa mätäç wagty, olary ýeke goýýarsyňyz" diýip, başga bir ýaşaýjy ýaşululara aýdan sözüni tekrarlady.

Geçen hepdäniň başyndan bäri dowam edýän aýazly howanyň arasynda, sebit ilatynyň suw, gaz we elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikleri dowam edýär. Ilat ýylynmakda kynçylyk çekýär.

Welaýatyň dürli künjeginde ilatyň suw turbalary doňdy. Käbir sebitleriň ýaşaýjylary 4-5 gün bäri suwsuz otyr. Köp etrapdyr obada gaz üpjünçiligi pesligi ýa-da düýbünden ýoklugy sebäpli adamlar sowuk howada daşarda odun ýakyp, nahar bişirýärler we çaý demleýärler.

"Köp hojalykda odun hem ýokdugy sebäpli olar goňşusynyň ýakan odundan galan odun közüne nahar bişirýär" diýip, habarçy aýtdy.

Ilatyň gaz üpjünçiligindäki problemalaryň arasynda, etraplardaky gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanalara gaz doly güýjünde berilýär. Ýerli ýaşaýjylar ýyladyşhanalaryň eýelerinden munuň sebäplerini öwrenmäge çalyşýarlar.

"Siziň ýyladyşhanaňyz biziň öýümiziň içinden-de ýyly diýip, olaryň eýelerinden gaz sorujy nasoslaryny wagtlaýyn öçürmegi soradyk. Olar bize 'gaz edara bizden şu ýylky ýakjak gazymyň tölegini artykmajy bilen aldy' diýip jogap berdiler" diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Köp etrapda elektrik üpjünçiligi hem kesildi. Elektrik edaralarynyň işgärleri ýaşaýjylara beren maglumatlarynda munuň sebäbini howanyň aşa sowukdygy we simleriň sowuga dartylyp üzülýändigi bilen düşündirýärler.

"Transformatorlar hem gyzyp, hatardan çykýar. Indi şu sowuk howa geçmese, elimizden geljek zat ýok" diýip, ýaşaýjy elektrik hünärmeniniň sözlerini sitirledi.

Mary şäherinde we etrap merkezlerinde bolsa, köp gatly jaýlaryň ençemesinde merkezleşdirilen ýyladyş turbalary doňup, hatardan çykdy. Bu ýagdaý, ýaşaýjylaryň ýylynmak üçin elektrik peçlerini köpçülikleýin satyn alyp başlamagyna we olaryň bahasynyň birden iki esse gymmatlamagyna getirdi.

"Mundan bir hepde ozal 1 müň 200 manat bahalanýan tok peçler 2 müň manada gymmatlady. Adamlaryň puly bolmansoň, köp adam pasportlaryny girewine goýup, dilhat ýazyp, peçleri karzyna alyp gaýdýarlar. Bu adamlar ýene 500 manat bermeli bolýarlar, ýagny olar üçin peç 2 müň 500 manada düşýär" diýip, habarçy aýtdy.

Aýazly howada ulaglar, şol sanda jemgyýetçilik awtobuslary hem ýygy-ýygydan hatardan çykýar. 17-nji ýanwarda irden Mary-Baýramaly aralygyna gatnaýan awtobus hatardan çykdy. Onlarça ýolagçy birnäçe sagat garaşyp, barjak ýerlerine özbaşdak aşmaly boldy.

"Uly ýoluň üstünde iki-üç sagatlap garaşyp, dürli ulaglara münüp gelmeli bolduk. Gulagym doňupdyr. Biziň aramyzda ýaş çagaly zenanlar hem bardy. Biz ilkinji olary ulaga mündirip goýberdik" diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren baýramalyly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýangyç-energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň sowuk howanyň arasynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç zat aýtman gelýärler. Azatlygyň bu barada Marynyň häkimliginden we gaz, elektrik edaralaryndan kommentariýa almak synanyşygy hem başa barmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG