Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň ýaranlary maslahat geçirýär, Kiýew Germaniýadan tanklary soraýar


ABŞ-nyň Goranmak sekretary Lloýd Austin we Baş harby ştabyň ýolbaşçysy general Mark Milleý

Ukrainanyň Günbatar ýaranlarynyň goranmak ministrleri 20-nji ýanwarda Germaniýada duşuşyp, Kiýew üçin nobatdaky harby hemaýaty maslahat edýärler. Bu aralykda, ukrain liderleri, Russiýanyň ýurduň gündogaryndaky hüjümlerine garşy durmak üçin, Germaniýa döwrebap tanklary ibermek barada çagyryş edýärler.

Germaniýa Ukraina üçin “Leopard 2” kysymly tanklary ibermek boýunça basyşlar güýçlenýär. Ýa-da, iň bolmanyn-da, Berline Polşa ýaly beýleki ýaranlaryna öz ammarlaryndan Germaniýada öndürilen tanklary ibermegine rugsat bermegine çagyrylýar.

ABŞ-nyň Goranmak sekretary Lloýd Austin we Baş harby ştabyň ýolbaşçysy general Mark Milleý Germaniýanyň Ramştaýn şäherindäki Birleşen Ştatlaryň harby howa bazasynda Ukrainanyň Goranmak Kontakt Toparynyň duşuşygyny geçirýärler.

Onuň dowamynda Birleşen Ştatlaryň 19-njy ýanwarda yglan eden $2,5 milliardlyk soňky harby hemaýatyny maslahat edilmegine garaşylýar. Soňky kömek bukjasynyň içine ikinji gezek “Stryker” söweş ulaglary hem goşuldy. Emma onuň düzüminde tanklar ýok.

19-njy ýanwarda prezident Wolodymyr Zelenski “Leopard” tanklarynyň berilmegi üçin Berline basyş etdi. Zelenski ARD neşirine beren interwýusynda Germaniýanyň liderlerine ýüzlenip: “Sada dilde aýdylanda, siz bize Leopardlary iberip bilýäňizmi ýa ýok? Onda olary ýollaň!” diýip, aýtdy.

Zelenski Ramştaýndaky maslahatyň netijeleri boýunça “berk kararlaryň” kabul ediljekdigine garaşýandygyny hem sözüne goşdy.

Waşington eýýäm ençeme wagt bäri özüniň “M1 Abrams” tanklaryny Ukraina ibermekden saklanyp gelýär. Waşington muny tanklara berilmeli çylşyrymly hyzmat mätäçligi we uly logistika meseleleri bilen düşündirýär.

Birleşen Ştatlar ýaranlaryň köpüsiniň harbylarynyň eýýäm ulanýan “Leopard” tanklarynyň iberilmeginiň has netijeli boljakdygyny aýdýar.

Amerikanlar has köp we çylşyrymly türgenleşigi talap edýän “Abramslar” bilen deňeşdirilende ukrainalylaryň “Leopardlary” has ýeňillik bilen özleşdirjekdiklerini nygtaýar.

Austin Ramştaýndaky duşuşygyň öňýany, 20-nji ýanwarda Germaniýanyň täze bellenen goranmak ministri Boris Pistorius bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda tanklar meselesiniň maslahat edilip-edilmändigi aýdyň däl.

Emma Pistoriusyň ARD neşirine aýtmagyna görä, ol “tanklar meselesi babatyndaky kararyň ýakyn günlerde yglan ediljekdigine ynamly, emma şu günki gün onuň nähili boljakdygyny aýdyp bilmeýär”.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz, Moskwany öjükdirmek howatyrlaryna salgylanyp, “Leopard” tanklarynyň iberilmegine garşy çykýar. Russiýa eger-de Günbatar Kiýewe uzak aralyga niýetlenen ýaraglary berse, onda munuň ýagdaýlary “juda howply” derejede özgertjekdigini duýdurdy.

Zelenskiýiň ýokary derejeli maslahatçysy Myhaýlo Podolýak Germaniýanyň meselä çemeleşişi barada özüniň Twitter hasabynda: “Hakyky liderlik bu başgalara göz aýlamak däl-de, özüňi mysal edip görkezmekdir. Bu babatda hiç hili gadagançylyk ýok. Waşingtondan Londona, Parižden Warşawa çenli araklykda diňe bir zat aýdylýar: Ukraina tanklar gerek. Tanklar bilen urşy ykjam tamamlap bolýar. [Rus prezidenti Wladimir] Putiniň öňünde titräp durmagyň wagty geçdi, indi aýgytly hereket etmeli” diýdi.

Geçen hepde Britaniýa Ukraina “Çalenjer 2” tanklaryny iberýändigini mälim etdi.

Pentagonyň metbugat wekili Sabrina Singiň 19-njy ýanwardaky brifingde aýtmagyna görä, “Abrams” tanklary dolandyrmak “Leopardlara” we “Çelenjerlere” garanyňda has çylşyrymly, şol sebäpli olary bir hatarda deňeşdirip bolmaýar.

ABŞ-nyň soňky kömek bukjasyna girýän ok-däri ABŞ-nyň iberen HIMARS artilleriýa ulgamlaryny, NASAMS howa goragy ulgamlaryny, Bredliniň 25 millimetrlik topuny we Bradliniň tanka garşy ýaraglary üçin ýüzlerçe raketany öz içine alýar.

Günbatar ýaranlarynyň ençemesi Ukraina döwrebap agyr ýaraglaryň iberilmegini goldaýandygyny yglan etdiler.

20-nji ýanwarda Polşanyň daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Jablonski eger-de Germaniýa “Leopard 2” tanklaryny Ukraina iberilmegine garşy çyksa, onda “adaty bolmadyk” ädimi etmäge taýýardygyny aýtdy.

19-njy ýanwarda dokuz ýurduň wekilleri umumy beýanat bilen çykyş edip, Ukrainanyň özüni gorap bilmegi üçin söweş tanklaryny, agyr artilleriýa toplumlaryny, howa hüjüminden goranyş ulgamlaryny, ok-därileri dagy ibermek ugrunda tagalla etmäge ygrarlydygyny aýtdylar.

Beýanat Tallinde Britaniýanyň, Estoniýanyň, Polşanyň, Latwiýanyň we Litwanyň goranmak ministrleriniň, şeýle-de Daniýanyň, Çehiýa Respublikasynyň, Niderlandlaryň we Slowakiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen duşuşygyň jemleri boýunça kabul edildi.

Bu aralykda, Ukrainanyň Baş harby ştabynyň 20-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, ukrain harbylary Donetesk, Luhansk we Zaporižýa regionlarda rus güýçleriniň 16 hüjümini yza tesdiripdirler.

Forum

XS
SM
MD
LG