Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain harbylary Donbasdaky rus hüjümlerini yzyna serpikdirdi, Polşa Kiýewe "Leopard" iberer


Polşa “Leopard 2” tanklaryny Ukraina, koalisiýa ýurtlarynyň bir bölegi hökmünde, bu tanklary öndürýän ýurtdan olaryň gaýtadan eksport edilmegi üçin rugsat almazdan hem iberip biljekdigini aýtdy.

Ukrain güýçleri gündogarda rus hüjümleriniň täze tolkunyna garşy durmagy başardy diýip, harbylar 23-nji ýanwarda aýtdy, prezident Wolodymyr Zelenski bolsa, Berliniň bu meselede has çeýelik görkezmek alamatlarynyň arasynda, Germaniýanyň Ukraina “Leopard” tanklaryny ibermegi baradaky çagyryşyny gaýtalady. Şu aralykda Polşa 23-nji ýanwarda “Leopard 2” tanklaryny Ukraina, koalisiýa ýurtlarynyň bir bölegi hökmünde, bu tanklary öndürýän Germaniýadan olaryň gaýtadan eksport edilmegi üçin rugsat almazdan hem iberip biljekdigini aýtdy.

Rus güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda üç ugurdan öňe süýşmäge synanyşdy, ýöne yza serpikdirildi diýip, ukrain goşunynyň baş ştaby 23-nji ýanwardaky gündelik hasabatynda aýtdy.

Birnäçe aý bäri Moskwanyň gündogar Ukrainadaky hüjüminiň esasy nyşanasy bolup galýan ýerde, Donetsk sebitiniň Bahmut şäheriniň töwereginde agyr söweşler barýar.

Baş ştab duşmanyň Zaporižýa, Awdiýwka we Liman ugurlarynda "şowsuz hüjüm hereketlerini" edýändiklerini, Kupýanskda, Nowopawlowskda we Hersonda söweşýän ukrain güýçleriniň bolsa "özlerini goraýandyklaryny" aýtdy.

"Duşman Bahmut ugrundaky hüjüm hereketlerini dowam etdirýär” diýip, baş ştab habar berdi.

Ukrain goşuny soňky bir günüň dowamynda Donetsk we Luhansk sebitlerinden durýan Donbasda ruslaryň jemi 11 hüjümini yzyna serpikdirendigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy harbylaryň berýän hasabatlarynda aýdylýan zatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär. Berilýän hasabatlarda pidalar barada maglumat ýok.

Russiýanyň Donbas sebitinde has giň gerimli hüjüme geçmek ähtimallygynyň arasynda, Kiýew günbatarly hyzmatdaşlaryny has kän agyr ýarag, şol sanda häzirki zaman tanklary, hususan-da Germaniýada öndürilen “Leopard” tanklary bilen üpjün etmäge çagyrýar.

Emma Berlin şu wagta çenli Kiýewi bu tanklar bilen üpjün etekden geçen, hatda beýleki ýurtlardaky “Leopard” tanklarynyň hem, üçünji ýurt arkaly Ukraina iberilmegine razy däldigini görkezdi.

Aýdylmagyna görä, Germaniýa bu tanklaryň iberilmezligini Waşingtonyň ABŞ-da öndürilen “Abrams” tanklaryny Ukraina ibermezligi bilen baglanyşdyrýar.

Emma muňa garamazdan, Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok bu meseläniň çözüljekdigini yşarat edip, Berliniň Polşany “Leopard” tanklaryny Ukraina ibermäge ygtyýarly edip biljekdigini aýtdy.

Baerbok Parižde geçirilen fransuz-nemes sammitinden soň LCI telewideniýesine "Eger bizden soralsa, biz onuň ýolunda durmarys" diýdi.

"Biz bu tanklaryň näderejede möhümdigini bilýäris we şu sebäpden şu wagt hyzmatdaşlarymyz bilen pikir alyşýarys. Bize adamlaryň janynyň halas edilmegi we Ukrainanyň territoriýasynyň azat edilmegi gerek” diýip, ol aýtdy.

Zelenski 22-nji ýanwarda Germaniýanyň ARD neşiri bilen geçirilen söhbetdeşlikde Germaniýada öndürilen tanklaryň çäkli mukdarynyň söweş meýdanynda Ukrainanyň peýdasyna deňagramlylygy bozmajakdygyny, ýöne öz goşunlarynyň göwnüni galkyndyrjakdygyny aýtdy.

"Haçanda müň tanky bolan rus goşuny bize garşy durýan wagtynda, başga bir ýurt bize 10, 20 ýa-da 50 sany tank bermek kararyna geleni bilen, meseläni çözüp bilmez" diýip, Zelenski aýtdy.

“Emma olar başga bir möhüm zady edip bilerler, biziň esgerlerimize öz gymmatlyklary üçin söweşmäge ruhy goldaw bererler, sebäbi [şeýle hereket] bütin dünýäniň bizi goldaýandygyny görkezer" diýip, ukrain lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski Germaniýanyň tank ibermek meselesini ABŞ-nyň tanklarynyň Ukraina iberilip-iberilmezligi bilen baglanyşdyrmagyny hem tankyt etdi.

"Siz muny edip bilmersiňiz ... Bu Germaniýa bilen Amerikanyň arasyndaky mesele däl, bu ambisiýa bäsleşigi däl" diýip, Zelenski aýtdy.

"Elbetde, siz ýene bir alty aý gürleşip, öz täsiriňizi ýukaldyp bilersiňiz. Ýöne bu ýerde her gün adamlar ölýär... Ýönekeý edilmeli zat, eger siz “Leopardlary” berip bilseňiz, beriň" diýip, Zelenski ARD neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň agzasy Maýkl MakKol (Respublikan-Tehas) biraz öň, eger-de Germaniýa şeýdilende “Leopard” tanklaryny ibermäge razy bolsa, emele gelen petikden çykmak üçin, ABŞ öz “Abrams” tanklaryny Ukraina ibermäge razylyk bermeli diýdi.

Ol bu tanklaryň simwoliki möçberde iberilmeginiň hem ýewropaly ýaranlaryň bu göreldä eýermegi üçin ýeterlik boljakdygyny belledi.

Latwiýa, Estoniýa we Litwa hem, ýolbaşçylygyny güýçlendirmegi we “Leopard” tanklaryny Ukraina ibermegi üçin, Germaniýa bilelikde ýüz tutup, Kiýew üçin berilýän harby kömegiň tizleşdirilmegi üçin Berline basyş etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG