Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýeke-täk hökümdarlygyny täzeden dikeltdi”


 “Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýeke-täk hökümdarlygyny täzeden dikeltdi”
please wait

No media source currently available

0:00 0:08:34 0:00

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýene-de üýtgedilip, iki palataly parlament (Milli Geňeş) ýeke palataly boldy hem Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmen halkynyň milli lideri" diýlip yglan edildi, şeýle-de oňa we onuň maşgala agzalaryna eldegrilmesizlik hukugy berildi. Bu gezek beýle öwrülişigi amala aşyrmak üçin, 21-nji ýanwarda parlamentiň ýokary we aşaky palatalarynyň bilelikdäki mejlisiniň maslahaty bary-ýogy birnäçe sagat dowam etdi. Parlamenti özgertmek teklibi golaýda, 11-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan teklip edildi, ol şol döwürde parlamentiň ýokarky palatasy Halk Maslahatyna baştutanlyk edýärdi. Şeýlelikde, şenbe güni geçirilen ýygnakda, parlamentiň ýokary palatasy ýatyryldy, Halk Maslahaty öňki prezidentiň ýolbaşçylygyndaky häkimiýetiň aýratyn organy hökmünde täzeden döredildi.

XS
SM
MD
LG