Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogarda gazaply söweş barýar, Zelenski dolandyryşy ogurlykdan saplajakdygyny aýdýar


Bezeg suraty. Polýak "Leopardy" ot açýar.
Bezeg suraty. Polýak "Leopardy" ot açýar.

Ýurduň gündogarynda gije-gündiz dowam edýän gazaply söweşleriň arasynda, ýokary derejeli ogurlyk galmagaly bilen ýüzbe-ýüz bolup, prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň dolandyryşyny korrupsiýadan saplamagy wada berdi. Prezidentiň ýokary derejeli geňeşçileriniň biri 24-nji ýanwar güni irden işden çekildi.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 24-nji ýanwarda beren hasabatynda ruslaryň Donetsk we Luhansk sebitleriniň 11 ýerinde eden hüjümleriniň yzyna serpikdirilendigi, duşman odunyň esasan Bahmut we Awdiýiwka ugurlaryna, aldym-berdimli söweşleriň indi birnäçe aýa çeken ýerlerine gönükdirilendigi aýdylýar.

Rus güýçleri Zaporižýadaky, Hersondaky we Limandaky ukrain pozisiýalaryny topa tutmaklaryny hem dowam etdirdi diýip, baş ştab aýtdy.

Iki tarapdan hem agyr ýitgileriň çekilýändigi baradaky habarlara, Russiýanyň üznüksiz bombalamalaryna garamazdan, öň hatarlardaky ýagdaý umuman alnanda iki aý bäri üýtgemeýär.

"Duşmanyň topa tutmalary we hüjümleri gije-gündiziň dowamynda kesilmeýär" diýip, Zelenski 23-nji ýanwarda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

"Emma Donbas ugrundaky söweş dowam edýär. Günorta ugrundaky söweş hem dowam edýär. Biz Russiýanyň öz güýçlerini nädip bir ýere toplaýandygyny görýäris we olara nähili gaýtawul bermelidigini bilýäris" diýip, Zelenski aýtdy.

Şu aralykda, 24-nji ýanwarda prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Kirilo Timoşenko Zelenskä işinden çekilmek barada arza berendigini aýtdy.

"Men Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä [bildiren] ynamy we her gün we her minutda gowy iş etmek üçin döreden mümkinçiligi üçin sag bolsun aýdýaryn" diýip, Timoşenko özüniň telegram sahypasynda ýazdy. “Biziň ýurdumyzy halas edýän we goraýan Ýaragly güýçlerimiz sag bolsun” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Timoşenkonyň işden çekilmeginiň sebäbi bada-bat anyk bolmady.

Onuň işden çekilmegi Zelenskiniň Russiýa ýurda çozaly bäri ýüze çykan iň uly korrupsiýa aýyplamalarynyň arasynda, ýokary we aşaky derejelerdäki resmileri täzelejekdigini aýdan wagtyna gabat geldi.

"Ministrliklerde we beýleki merkezi hökümet gurluşlarynda, şeýle-de sebitlerde we hukuk goraýjy edaralarda dürli derejede işleýän resmiler babatda aýdylanda, olaryň arasynda eýýäm şahsy karara gelenler bar, käbiri şu gün, käbiri ertir [işden çekiler]" diýip, Zelenski gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.

Zelenski çalşyljak wezipeli adamlaryň anyk atlaryny aýtmady.

Ukrainanyň infrastruktura ministriniň orunbasary 22-nji ýanwarda sentýabr aýyndaky generator importy bilen baglylykda 400,000 dollar para almakda güman edilip, korrupsiýa garşy häkimiýetler tarapyndan tussag edildi, emma ministr bu aýyplamany ret edýär.

Mundan başga, derňew gazetleriniň biri Goranmak ministrligini goşuny azyk önümleri bilen üpjün edijilere aşa köp töleg tölemekde aýyplady. Üpjün ediji bu aýyplama tehniki ýalňyşlygyň sebäp bolandygyny, hakykatda özlerine azyk üçin goşmaça töleg tölenmändigini aýtdy.

Bu galmagal ýewropaly ýaranlar Ukraina Germaniýada öndürilen “Leopard 2” tanklaryny bermek baradaky meseläni çekişýän wagtynda ýüze çykdy, Kiýew bu tanklaryň özüne rus liniýalaryny böwüsmek we giderilen territoriýany yzyna almak üçin zerurdygyny aýdýar.

Germaniýa başda bu tanklary Kiýewe özüniň-de, “Leopard” tanklary bolan beýleki ýurtlaryň-da bermegini islemeýändigini bildirdi.

Emma Berlin, haýal etmän pozisiýasyny üýtgetmegi we “Leopardyň” eksportyna rugsat bermegi üçin, Ukrainanyň we birnäçe NATO ýaranynyň güýçli basyşyna sezewar boldy.

Polşa 23-nji ýanwarda, bu tankyň gaýtadan eksport edilmegi üçin Berliniň, öndüriji ýurduň razylygyny almazdan, ýurtlaryň koalisiýasynyň bir bölegi hökmünde, özünde bar bolan “Leopard 2” tanklaryny Ukraina iberip biljekdigini aýtdy.

Germaniýanyň goranyş topary “Rheinmetall” 23-nji ýanwarda, zerur bolsa, 139 sany “Leopard” söweş tankyny Ukraina iberip biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de “Rheinmetall” aprel ýa-da maý aýlaryna çenli 29 sany “Leopard 2A4” tankyny we ýylyň ahyrynda ýa-da 2024-nji ýylyň başynda şol bir modeliň ýene 22-sini Ukraina iberip biljekdigini aýtdy.

Mundan başga, german goranyş topary Ukraina 88 sany köne “Leopard 1” tankyny iberip biler diýip, Rheinmetallyň metbugat sekretary bu tanklaryň eltilip beriljek wagtyny anyklaşdyrmazdan aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG