Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportunda zenan raýatlaryň ýurtdan çykmagyna ýardam berýän araçylar peýda bolýar


Aşgabadyň Halkara aeroporty.
Aşgabadyň Halkara aeroporty.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde daşary ýurtlara barýan zenan raýatlara Migrasiýa gullugynyň barlagyndan päsgelçiliksiz geçmäge ýardam berýän araçylar peýda bolup başlady diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji ýanwarda maglumat berdi.

Türkmenistanda daşary ýurt döwletlerine barýan raýatlaryň zerur bolan ähli resminamalary, şol sanda wizalary düzüw bolan halatynda hem, bu ýagdaý kä halatlarda raýatyň daşary ýurt döwletine syýahat etmegine türkmen häkimiýetleri tarapyndan rugsat beriljekdigini aňlatman bilýär. Türkmen häkimiýetleri wagtal-wagtal hiç hili düşündiriş bermezden raýatlaryň daşary ýurt döwletine syýahat etmeginiň öňüni baglap bilýär.

Mümkin bolan şeýle päsgelçilikleriň arasynda Aşgabadyň halkara aeroportunda daşary ýurt döwletine barýan raýatlaryň Migrasiýa barlagyndan kynçylyksyz geçmegine ýardam berýän araçylar peýda bolup başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe türkmenistanly raýat paýtagtyň howa menziliniň halkara uçuşlar terminalynda “orta ýaşly iki zenan maşgalanyň türkmen häkimiýetleri bilen bikanun hyzmatdaşlyk edip, para beren raýatlaryň ýurtdan çykmagyna ýardam berýändigini” aýdýarlar.

Habarçymyzyň ýakyn wagtda daşary ýurtlara çykmagy meýilleşdirýän söhbetdeşleri aeroportdaky iki zenan maşgalanyň häkimiýetler bilen raýatlaryň arasynda araçylyk hyzmatyny hödürleýändiklerini we bu hyzmatlar üçin raýatlardan para alýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy raýatlardan para almakda we araçylykda aýyplanýan iki zenan maşgalanyň şahsy maglumatlaryny aýan etmekden saklanýar.

Habarçymyzyň söhbetdeşleri aeroportdaky araçylaryň esasan diňe 18-25 ýaş aralygyndaky aýal-gyzlaryň 10 müň manat para bilen Aşgabadyň aeroportundan Türkiýä gitmegine rugsat berilmegine ýardam berýändiklerini aýdýarlar. Şeýle-de, habarçymyz häzirki wagtda häkimiýetleriň 40 ýaşa ýetmedik aýal-gyzlaryň ýurtdan çykmagyna päsgelçilik döredýändiklerini habar berýär.

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen, eklenç gözleginde daşary ýurtlara, hususan-da ozallar türkmen raýatlaryndan wiza talap etmedik Türkiýe respublikasyna gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sany artdy. Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň ýanwarda täzelän sanlaryna görä, häzirki wagtda 222 müň 90 türkmenistanly kanuny ýaşaýyş rugsady bilen Türkiýede ýaşaýar. Bu ýurtda bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň resmi sanlardan birnäçe esse köpdügi çaklanýar. Gazanç gözleginde Türkiýä barýan türkmen zenanlarynyň kä halatlarda adam gaçakçylygynyň pidasy bolýan halatlary hem bolýar.

Ýatlasak, maý aýynda Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn iki çeşmesi ýurtdaky zenan raýatlaryň daşary ýurtlara çykmagyna doly gadaganlyk girizmek bilen bagly meseleleriň döwlet ýolbaşçylary derejesinde çynlakaý ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar beripdi. Şonda Azatlyk Radiosy bu maglumaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýa-da Migrasiýa edarasyna tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Azatlygyň söhbetdeşleri aeroportdaky araçy zenanlary häkimiýetler bilen dildüwşük etmekde aýyplaýarlar.

“Bu iki zenan howa menziliniň halkara uçuşlar terminalynda göni hukuk goraýjylaryň ýanyna baryp, para beren gelin-gyzlaryň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmelidigini tabşyrýarlar. Ol ýerde oturan ofiserler olaryň päsgelçiliksiz uçara goýberilmegine rugsat berýärler” diýip, para geleşiginden habarly bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bulardan başga-da, habarçymyzyň söhbetdeşleri araçylaryň üsti bilen Aşgabat – Stambul uçar gatnawlarynyň onlaýn satuwda elýetersiz bolan peteklerini hakyky bahasyndan birnäçe esse gymmat bahadan tapyp bolýandygyny aýdýarlar.

“Araçy zenanlaryň üsti bilen Aşgabat – Stambul uçar biledini 9 müň manada satyn alyp bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Aşgabat – Stambul ugry boýunça türk we türkmen howa ýollary kompaniýalarynyň uçarlary gatnaýar.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary tomus aýlarynda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçar petekleriniň töweregindäki para dawalary barada habar berdi.

Şeýle habarlaryň fonunda dekabr aýynda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçar petekleriniň bikanun söwdasy bilen bagly jenaýatlarda aýyplanyp, tussag edilen resmileri we raýatlary görkezdi.

Milli daşaýjy duşenbe, sişenbe, penşenbe we şenbe günleri hepdede dört gezek Aşgabat – Stambul ugry boýunça uçuşlary amala aşyrýar.

Türkiýe sentýabrda Aşgabadyň haýyşy boýunça türkmen raýatlary üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Munuň yz ýany, türkmen raýatlarynyň Türkiýä syýahat etmek mümkinçilikleri has-da kynlaşdy.

Häzirki wagtda, Aşgabatdaky türk konsullygyndan Türkiýe respublikasyna wiza açdyrmak üçin, ýüz tutulýan wizanyň görnüşine görä, 18 töweregi resminama talap edilýär. Bu resminamalaryň sany wizanyň görnüşine laýyklykda üýtgäp bilýär.

Ýöne türkmen raýatlary üçin türk wizasyny, ýa-da islendik ýurduň wizasyny almak diýmeklik elmydama ýurtdan päsgelçiliksiz çykylmagyna rugsat beriljekdigini aňlatmaýar. Ýurduň güýç edaralary wagtal-wagtal düşündiriş bermezden raýatlaryň ýurtdan çykmagyny eden-etdilikli gadagan edip bilýär.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň aerportunda ýolagçylardan para almakda aýyplanýan we häkimiýetler bilen halkyň arasynda ‘bikanun araçylyk hyzmatyny hödürleýän’ raýatlar barada Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistan korrupsiýanyň derejesi boýunça halkara hasabatlarda yzdaky orunlary eýeleýär, türkmen jemgyýeti köpýyllyklaryň dowamynda para almak, para bermek, döwlet wezipesinden hyýanatly peýdalanmak we garyndaşparazlyk ýaly korrupsiýanyň ençeme görnüşinden ejir çekýär.

Türkmenistanyň jenaýat kodeksi para almak-bermekde aradan durulmagyny jenaýat hökmünde kesgitleýär, dellalçylyk boýunça höküm çykarylan adamlar iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär.

Ýöne para almakda ýa-da para bermekde aradan duran adamlar bu ýagdaý barada jenaýat işini gozgamaga hukugy bolan edaralara, ýa-da wezipeli adamlara meýletin habar berseler jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG