Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar ýurda dolanmak üçin $3000-e çenli 'para bermeli bolýar'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

"Türkmenistan" awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilip başlanýandygyny yglan edensoň, şu aýyň başynda Türkmenistan Dubaý we Kazan ugurlary boýunça dowamly uçarlary ýola goýdy. Ýöne türkmen raýatlarynyň ençemesi bu uçar gatnawlary boýunça Türkmenistana dolanmak üçin bir müňden üç müň amerikan dollaryna çenli para bermeli bolýandyklaryny aýdýar.

Bu barada Azatlyk Radiosyna gürrüň beren türkmenistanlylar para bermedik raýatlaryň uçar biletlerini satyn alyp bilmeýändigini, şeýlelikde, watana dolanmak umytlarynyň puja çykýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk 27-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinden uçup, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine gonan uçardaky ýolagçylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.

"Türkmenistan" howaýollary kompaniýasynyň uçary 27-nji iýunda sagat 15:00 töwereginde Dubaýdan Türkmenistana ugrady. Sagat 20:00 töwereginde Türkmenabadyň aeroportuna gonduk. Uçarda 157 ýolagçy bardy. Şol ýolagçylaryň 100-den gowragyna Stambuldan Dubaýa, soňra Dubaýdan Türkmenabada gelmek başartdy. Ýöne bu ýol, has dogrusy watana dolanmak gaty çykdajyly boldy" diýip, Türkiýeden Türkmenistana dolanan türkmen raýaty anonimlik şertinde 29-njy iýunda gürrüň berdi.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 30-njy maýdan Dubaýa (BAE) we 1-nji iýundan Kazana (Russiýa) yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeltdi. Türkmenistandan Dubaýa uçýan uçaryň bir taraplaýyn biletiniň bahasy 6700 manat, Kazana uçmak üçin bolsa 8020 manat tölemeli. Bilet tölegleri milli walýutada kabul edilýär. Bahalar resmi kursda $1900-$2300, gara bazaryň nyrhynda $370-$450 deňdir.

Türkmenistanlylaryň sözlerine görä, Dubaý-Türkmenabat aralygy üçin BAE-nde bilet satylmaýar. "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçar gatnawlary arkaly Türkmenistandan ýurduň daşyna uçmak ýa-da daşary döwletlerden watana dolanmak üçin biletleri diňe ýurduň içindäki awiakassalardan satyn alyp bolýar. Biletleri awiakompaniýanyň websaýtyndan hem satyn alyp bolmaýar.

"Men Dubaýyň aeroportundan Türkmenabada bilet satyn alyp bolmaýandygyny öňünden öwrendim. Biletleri öňünden Türkmenistanda bron etdirip, satyn almaly. Dubaý-Türkmenabat aralygyna 6 müň 500 manat töledim. Ol bilediň üstüne ýene 750 dollar para bermeli boldum. Ony dollarda töledim. Umuman, Stambul-Dubaý we Dubaý-Türkmenabat aralygy üçin biletlerime 1 müň 750 dollar çykdajy etmeli boldum. Parany bermeseň, bilet satyn alyp bolmaýar" diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.

Pandemiýanyň başyndan bäri öz çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistan, wirus sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ähli halkara uçuşlary ýatyrypdy.

Şondan soň müňlerçe türkmen raýatynyň watanyna dolanyp bilmän, dürli ýurtlarda 'agyr ýagdaýda galandygy', türkmen wekilleriniň hem olara hemaýat etmeýändigi barada habarlar gelip gowuşdy.

"Türkiýede raýatlarymyz maşgalalary üçin gazanç edýärler. Türkmen ýolbaşçylary bolsa, kürsüde oturan ýerinden, olaryň gara der döküp, gazanan pullaryny para hökmünde alýarlar" diýip, türkmen raýaty belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada "Türkmenistan" awiakompaniýasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Mundan başga-da, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan başga-da dört türkmenistanly pandemiýa sebäpli Türkiýede galandyklaryny, käte gurnalýan uçar gatnawlaryna bilet tapdyrmaýandygyny gürrüň berdi. Şol bir wagtda, olar Stambuldaky türkmen konsulhanasyndaky bir adamyň, Türkmenistana dolanmaga kömek etmek üçin, özlerinden 2 müň amerikan dollary möçberinde para soraýandygyny aýtdylar.

"Türkmen konsulhanasyna baryp, ýurda dolanmaga kömek etmegi soranymyzda, şol ýerdäki işgärleriň biri her adam başyna 2 müň dollar para berseň, onda Türkmenistana bilet alyp berip biljekdigini aýtdy. Bu para bilediň bahasyny öz içine almaýar" diýip, Stambuldaky türkmen raýatlarynyň biri anonimlik şertinde Azatlyga gürrüň berdi.

Türkmen konsulhanasynyň käbir işgärleriniň ýurda dolanmak isleýän türkmenistanlylardan para soraýandygy barada Azatlyga mundan ozal hem maglumatlar gelip gowşupdy. Bu "hyzmat" üçin türkmen konsulhanasynyň işgäriniň özünden 3 müň dollar para sorandygy barada türkmen raýaty mundan birnäçe aý ozal gürrüň beripdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin Stambuldaky türkmen konsulhanasy bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 29-njy iýunda ýerli wagt bilen sagat 11:00-16:00 aralygynda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlary türkmen hökümetiniň guraýan ýörite uçarlaryna münmek üçin ilçihanalaryň üsti bilen düzülýän sanawlara ýazylmaly bolýarlar. Hususan-da, Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlary konsullygyň üsti bilen ýazylan sanawlardaky nobatlarynyň bir ýylyň dowamynda öňe süýşmeýändigini aýdýarlar.

Türkmen hökümetiniň ýurduň daşynda galan raýatlar üçin 2020-nji ýylyň awgustyndan bäri guraýan ýörite uçarlary bir-iki aýda bir gezek gatnaýar we bar bolan islegleri kanagatlandyrmaýar.

11-nji iýunda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow “ýakyn wagtda” beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy. Ýöne resmi habarda munuň haçan ýola goýuljakdygy aýdyňlaşdyrylmady.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň sany baradaky statistikany köpçülige äşgär etmeýär. Döwlet metbugaty hem, ýurt raýatlarynyň daşary döwletlerde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG