Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Her iki kilometrden polisiýa barlaýar'. Türkmenabatda polisiýa gözegçiligi güýçlendi


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenabat şäherinde we Çärjew etrabynda ýol gözegçilik polisiýasy sürüjilere gözegçiligini artdyrdy. Uly ýollaryň ugrunda ýygy-ýygydan duran polisiýa işgärleri awtoulaglary köpçülikleýin saklaýar we sürüjileri üns bilen barlaýar.

Polisiýanyň awtoulaglary köpçülikleýin saklap, sürüjileriň alkogol içip-içmändigini anyklajak bolýandygyny Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 27-nji ýanwarda habar berdi.

"Türkmenabadyň 10 kilometr uzynlygy bolan Azatlyk köçesiniň ugrunda her gün 20-ä golaý polisiýa reýd geçirýär. Köçäniň ugrunda we onyň çatryklarynda 3-4 sany polisiýa işgäri irden tas heme awtoulagy saklap alkogol içip-içmändigini barlaýar we sürüjileriň agzyny ysgaýar" diýip, habarçymyz gürrüň berdi. Ol Azatlyk köçesiniň ugrunda şäher ýol gözegçilik polisiýasynyň hem ýerleşýändigini belleýär.

Türkmenabadyň merkezinden başlanýan Azatlyk köçesi Zergär şäherçesinde gutarýar we soň Türkmenabat-Mary awtoulag ýoly bilen sepleşýär.

Habarçymyzyň sözlerine görä, ýaşaýjylar Türkmenabadyň merkezinden awtoulagly Zergär etrapçasyna barýança 10-15 gezek ýol gözegçilik gullugynyň wekiline duş gelýär.

"Biri saklamady diýseň, hökman köçäniň ikinji çatrygynda awtoulagy saklap, 'içdiňmi', diýip irden sürüjileriň agzyny ysgaýarlar. Olar irden awtoulaglary has köp saklaýarlar. Şeýle-sürüjilerden hatda düýn içip-içmändigini soraýarlar" diýip habarymyz aýdýar.

Ýol gözegçilik polisiýasynyň barlagyna duş gelen habarçymyz polisiýanyň sürüjiniň içip-içmändigini anyklamak üçin ulanýan usullary barada şeýle gürrüň berdi: "Bu ýol gözegçilik gullugy sürüjileriň agzyna iki eliniň aýasyny aýlap, şuňa üfle diýýär. Sürüji sol polisiýanyň iki eliniň aýasyna üflemeli, soňra polisiýa elini goýbermän burnuna getrip, ýanky eliniň aýasyny ysgaýar. Şeýdip, sürüjiniň içip-içmändigi barada netije çykarýar".

Habarçynyň sözlerine görä, sürüjileriň "içginiň ysy bar" diýip, narkologiýa keselhanasyna ugradylyp, ýörite barlagdan geçmäge mejbur edilýän halatlary hem seýrek däl. Şeýle ýagdaýa düşen sürüjileriň narkologiýa barlagyndan sypmagy üçin çykalga hökmünde para berip bolýar.

Şeýle-de, häzirki wagtda polisiýa barlagy diňe bir ýolda duran polisiýa işgärleri bilen çäklenmeýär, eýsem awtoulagly aýlanýan polisiýa tarapyndan hem barlag geçirilýär. Olar ýoldan barýan islendik awtoulagyň arkasyndan sürüp, ony belli bir pursatda saklaýar we resminamalaryny barlap başlaýar.

Habarçymyz polisiýa barlagyndan gaçmaga synanyşýan sürüjileriň hem bardygyny we munuň netijesinde betbagtçylykly hadysalaryň hem bolýandygyny belledi.

"25-nji ýanwarda sagat 19:00 töwereginde bir şürüji polisiýa awtoulagyndan gaçyp Azatlyk köçesiniň ugrundaky uly ýabyň haýatyny döwüp ýaba düşdi. Polisiýa awtoulagy Türkmenabadyň Himik mikroraýony diýilýän etrapçanyň gabadyndan demir ýoluň ugry bilen gelýärdi" diýip habarçy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, köçäniň Amul köçesi bilen birleşýän ýerindäki çatrygynda polisiýa bu awtoulagy saklap başlapdyr, sürüji bolsa polisiýanyň awtoulagyndan gaçjak bolup Türkmenabadyň Himiýa zawodynyň golaýyndaky ýabyň içine ýykylypdyr. Ony sowuk suwdan çykarmak üçin awtokran ulanmaly bolupdyr we ýerli ýaşaýjylar hem kömege gelipdir. Sürüjä zyýan ýetmändir.

Azatlyk Radiosy sürüjiniň soňky ykbalyny anyklap bilmedi. Türkmenabadyň ýol gözegçilik polisiýa gullugyndan resmi maglumat alyp bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG