Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede türkmen migrantlary iş orunlaryny ‘köpçülikleýin’ ýitirýärler


Stambul
Stambul

Türkiýede türkmen migrantlary, resmi ýaşaýyş rugsadyny düzetmekde duçar bolan kynçlyklary sebäpli, köpçülikleýin iş orunlaryny ýitirýärler. Şeýle-de, zähmet bazaryndaky artan bäsdeşlik, olaryň iş güýjüne bolan talaby azaldýar.

Türkmenistan hökümetiniň Türkiýeden raýatlaryna wiza düzgünini ornaşdyrmagy soramagy, şeýle-de olaryň pasportlaryny bolýan ýurdunda täzeläp bermezligi, köp türkmenleri bikanun ýagdaýda ýaşamaga mejbur etdi.

Azatlygyň Türkiýedäki habarçysy Ahmet Rahmanow munuň netijesinde, iş berijileriň mümkin jerimelerden howatyr edip, ozaldan zähmet çekip gelen bikanun işgärlerini wezipelerinden boşadyp başlandyklaryny gürrüň berýär.

"Türkiýede köp iş beriji bikanun ýagdaýdaky migrantlaryň öz hak-hukuklaryny gorap bilmejekdigini bilýärler we olary az aýlyk töläp işledýärler. Mysal üçin, 5.5 müň lira aýlygyň ýerine 3.5 müň lira berip işledýänleri bilýärin. Emma 2023-nji ýylda ýagdaýlar üýtgedi. Häkimiýetleriň iş ýerlerine barlaglary köpeldi, jerimeleriň bahalary hem artdy. Şol sebäpli, bikanun migrantlary işe almaýarlar, öňden işläp ýörenleri hem çykarýarlar. Geçen ýyl bikanun ýagdaýda işledeni üçin jerime 16 müň 66 lira ($870) bolan bolsa, häzir bu 35 müň 816 ($1 müň 910) lira ýetdi" diýip, habarçymyz Rahmanow aýtdy.

Ol Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň esasan enekelik, tämizçilik, gurluşyk, ofisiantlyk ýaly pudaklarda zähmet çekýändiklerini, bu aralykda uly hünär başarnygyny talap etmeýän işçi güýjüniň artmagy, olaryň iş mümkinçiligini hem azaldandygyny aýdýar.

Bu ýagdaýa ýerli türk metbugaty hem ünsi çekip, soňky döwür enekelik üçin türkmen we özbek raýatlarynyň deregine, has köp Afrikadan we Filippinlerden gelenlere ýykgyn edilýändigini belleýär. Türk mediasynyň maglumatyna görä, soňky alty aýda Afrikadan bolan enekelere talap bäş esse artypdyr.

Türkmen enekeleri 13 müň – 17 müň lira ($700-900) aralygynda zähmet hakyny sorasalar, afrikaly enekeler munuň üçin 10 müň - 13 müň lira aýlyk alýarlar. Mundan başga-da, afrikaly enekeleriň iňlis dilini bilmegi hem, türkmenlere garanyňda olara artykmaçlyk döredýändigi bellenilýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmen zähmet migrantlary Türkmenistandaky dowam edýän agyr ykdysady krizis sebäpli, galýan ýurdundaky çykdajylar bilen birlikde, watanyndaky hossarlaryny hem goldamaly bolýandyklaryny, şol sebäpli-de degişlilikde has köp zähmet hakyny soraýandyklaryny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, türk metbugatynda türkmen migrantlarynyň zähmet çekýän öýlerini talaýandygy baradaky häli-şimdi çykýan habarlaryň arasynda, afrikaly işgärlere has köp ynam bildirilýändigi nygtalýar.

Bu aralykda, Türkiýedäki türkmen migrantlary ozalky agyr ýagdaýlarynyň has hem ýaramazlaşmagy sebäpli, mümkin çykalga hökmünde başga üçünji ýurtlara geçmegi planlaşdyrýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri daşary ýurtlardaky, hususanda Türkiýedäki raýatlarynyň başdan geçirýän kynçylyklary barada maglumat bermeýärler.

Türkiýe, wiza düzgüniniň ornaşdyrylmagyndan ozal, türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alan esasy ugurlarynyň biridi. Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň 2023-nji ýylyň ýanwarynda çap eden soňky sanlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 222 müň 90 raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Emma habarçylarymyz bu ýurtda bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenleriň hem has köpdügini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG