Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda ýyladyş turbalary yzygiderli hatardan çykýar


Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri hatardan çykan ýyladyş turbalaryny bejerýärler. Arhiw suraty
Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri hatardan çykan ýyladyş turbalaryny bejerýärler. Arhiw suraty

Türkmenistanda ilatyň ýyladyş ulgamyndaky bökdençlikler dowam edýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň etrapçalarynda ýyladyş turbalary yzygiderli hatardan çykýar. Ýaşaýjylaryň ýyladyş ulgamlary ençeme sagatlap işlemeýär.

"Biziň ýaşaýan köp gatly jaýymyzda her hepde azyndan iki gezek ýyladyş ulgamlary ençeme sagatlap işlemeýär. Ýyladyş turbalary yzygiderli ýarylýar. Şu gün ýene ýyladyş ulgamyndaky ýyly suw dolanşygy kesildi" diýip, türkmenbaşyly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde 31-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bökdençlikleriň döremegine geçen asyryň 80-nji ýyllarynda gurnalan çoýun turbalarynyň ýaramlylyk möhletiniň geçip çüýremegi we netijede, onuň deşilip, ýarylmagy sebäp bolýar.

"Howa maýlap başlan bolsa-da, ýyladyş turbalarynyň ençeme sagatlap işlemezligi jaýlaryň içiniň dessine sowamagyna getirýär. Köp adam gaz plitada öýlerini gyzdyrmaga çalyşsa-da, käbir adamlar, saglyk ýagdaýlary sebäpli, mundan saklanýarlar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Ol ýaşaýjylaryň bu barada şäher häkimligine edýän arz-şikaýatlarynyň oňyn netije tapmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Ýanwar aýynyň dowamynda Türkmenistanyň çägine adaty klimat kadalaryndan aşa sowuk howa aralaşdy. Aýazly howada ýaşaýyş we durmuş maksatly binalaryň köpüsinde ýyladyş turbalary ýarylyp, hatardan çykdy.

Hünärmenler ýyladyş ulgamyndaky näsazlyklara esasan turbalaryň köne bolmagynyň we olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri turbalarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmän, olary elde ýasalan serişdeler bilen wagtlaýyn "bejerýärler". Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinden ençeme gezek maglumat berdiler.

Türkmenbaşyly ýaşaýjylar ýyladyş turbalaryny abatlaýan şäheriň jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň işlerini doly ýerine ýetirmeýändiginden hem şikaýat edýärler.

"Işgärler turbalary çalyşmak üçin köp gatly jaýlaryň töweregindäki asfalt ýollary gazyp, olardaky beton örtgüleri aýyrýarlar. Ýöne olar iş gutarandan soň, ýollardaky beton örtgüleri kadaly örtmeýärler. Bular birnäçe aýlap, käte ýyllap uly çukur, oýuk bolmagynda galýar. Olary asfalt bilen örtmeýärler. Bu bolsa, hereket howpuny emele getirýär" diýip, türkmenbaşyly başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şeýle ýagdaýlara diňe Türkmenbaşyda däl, welaýatyň beýleki şäherdir etraplarynda hem synlasa bolýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada şäher häkimliginden we jemagat hojalygy müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, habarçymyz Türkmenbaşynyň ýaşaýjylarynyň agyz suwy bilen bagly meseleleriniň hem saklanyp galýandygyny hem aýtdy.

"Ilata bir gije-gündiziň dowamynda diňe bir sagat agyz suwunyň berilmegi adaty ýagdaýa öwrüldi" diýip, ol belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG