Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýer titremesinde heläk bolan türkmen raýatlary anyklandy

Türkiýede alnyp barylan halas ediş işleri
Türkiýede alnyp barylan halas ediş işleri

Türkiýede şu hepde bolan weýrançylykly ýer titremesinde heläk bolan ilkinji türkmen raýatlary barada maglumatlar gowuşýar. Türkmen häkimiýetleri ýer sarsgynynda ejir çekenleriň arasynda öz raýatlarynyň bardygyny boýun alsalar-da, olaryň sany barada açyk maglumat bermeýär. Bu aralykda, heläkçilikli tebigy hadysa Türkiýede ýaşaýan we zähmet çekýän türkmenleriň arasynda raýdaşlygy, birek-birege bolan hemaýaty artdyrdy.

Türk häkimiýetleriniň 10-njy fewralda beren maglumatyna görä, ýer titremesinde heläk bolanlaryň sany 19 müňe golaýlady, ýaralananlaryň sany hem 75 müňden aşdy.

8-nji fewralda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda türkmenistanlylaryň hem bardygyny aýtdy. Emma türkmen häkimiýetleri heläk bolan we şikeslenen raýatlarynyň sany barada maglumat bermeýär.

Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy hem özünde bu ýagdaýlar barada entek “doly maglumatynyň ýokdugyny” aýdyp, Azatlyga takyk sanlary bermekden saklandy.

Bu aralykda, Azatlygyň Türkiýedäki habarçylary ýer sarsgynynda ýogalan türkmen raýatlary barada ilkinji maglumatlaryň peýda bolandygyny aýdýarlar.

Garaşsyz turkmen.news neşiriniň hem paýlaşan habaryna görä, ýer sarsgynyndan ejir çeken Kahramanmaraş şäherinde Türkmenistanyň azyndan dört raýaty heläk bolupdyr. Neşir olaryň jesetleriniň türkmen hökümetiniň hasabyna watanyna iberilendigini ýazýar.

Turkmen.news olaryň biriniň adyny hem anyklady. Aýmyrat Geldiýew Kahramanmaraşdaky uniwersitetleriň biriniň dördünji ýyl talyby eken. Ol Türkiýede ejesi bilen ýaşaýardy. Eje oglunyň jesedini anyklamaga gelen pursady, onuň içki geýimde bolandygyny görýär. Bu oňa perzendiniň ukuda heläk bolan bolmagynyň mümkindigi barada çaklamaga esas berýär.

Mundan başga-da, sosial torlarda ýer titremesinde heläk bolan türkmenistanlylar barada tassyklanmadyk ýene maglumatlar paýlaşylýar. Häzirlikçe bularyň takyklygyny resmi we näresmi ýagdaýda anyklap bolmady.

Şol bir wagtda, ýer titremäniň netijesinde 6 müňden hem köp binanyň ýumrulmagy sebäpli öýsüz-öwzarsyz galan on müňlerçe adamyň arasynda, türkmenleriň hem köpdügi bellenilýär.

“Men ýer yranyp başlan pursady, jaýymyz ýer-ýegsan bolmazyndan ozal, daş çykyp ýetişdim. Çagalarym bilen köçede galdym. Soňra tanyşlarymyzyň üsti bilen galmaga ýer we iýmäge çörek tapdyk. Emma köçede galan başga-da köp adam, şol sanda türkmenlerem bar” diýip, ejir çeken türkmenistanlylaryň biri gürrüň berdi.

Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesiniň yzlary

Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Diýarbakir şäherinde 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolan ýer titremede, diri galanlar gözlenýän wagtynda, bir ýaşaýjy başyny tutup otyr. Türkiýäniň günorta-gündogarynda Kahramanmaraş welaýatynda 7,4 bally ýer titreme boldy. Sarsgyn goňşy ýurtlarda-da duýuldy. Müňlerçe jaý ýykyldy.
1/18 Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Diýarbakir şäherinde 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolan ýer titremede, diri galanlar gözlenýän wagtynda, bir ýaşaýjy başyny tutup otyr. Türkiýäniň günorta-gündogarynda Kahramanmaraş welaýatynda 7,4 bally ýer titreme boldy. Sarsgyn goňşy ýurtlarda-da duýuldy. Müňlerçe jaý ýykyldy.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Türkiýäniň Adana şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýynyň üçüsi doly ýykyldy. Suratda halas edijiler harabaçylyklaryň aşagyndan, şäheriň diri galan ýaşaýjylaryny çykarýarlar.
2/18 Türkiýäniň Adana şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýynyň üçüsi doly ýykyldy. Suratda halas edijiler harabaçylyklaryň aşagyndan, şäheriň diri galan ýaşaýjylaryny çykarýarlar.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Seýsmologlar munuň Türkiýede soňky döwürde bolan iň weýran ediji ýer titremeleriň biri bolmagynyň mümkindigini belleýärler. Ýerasty sarsgyn birnäçe sebitlerde: Adanada, Ankarada, Antalýada, Gaziantepde, Kaýseride, Mersinde, Trabzonda, Urfada, şeýle hem Siriýada, Liwanda, Yrakda, Müsürde, Gresiýada, Kiprde, Ermenistanda we Ysraýylda duýuldy. Müňlerçe adam öldi. Siriýanyň Azaz şäherinde wideoýazgylardan alnan surat – halas ediji jaýyň harabaçylygynyň aşagynda galan çagany alyp barýar.
3/18 Seýsmologlar munuň Türkiýede soňky döwürde bolan iň weýran ediji ýer titremeleriň biri bolmagynyň mümkindigini belleýärler. Ýerasty sarsgyn birnäçe sebitlerde: Adanada, Ankarada, Antalýada, Gaziantepde, Kaýseride, Mersinde, Trabzonda, Urfada, şeýle hem Siriýada, Liwanda, Yrakda, Müsürde, Gresiýada, Kiprde, Ermenistanda we Ysraýylda duýuldy. Müňlerçe adam öldi. Siriýanyň Azaz şäherinde wideoýazgylardan alnan surat – halas ediji jaýyň harabaçylygynyň aşagynda galan çagany alyp barýar.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Siriýanyň Jandaris şäheriniň köçesinde.
4/18 Siriýanyň Jandaris şäheriniň köçesinde.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan ýurtda müňlerçe adamyň ýogalandygyny, köp adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 2,8 müňe golaý jaý weýran boldy.
5/18 Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan ýurtda müňlerçe adamyň ýogalandygyny, köp adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 2,8 müňe golaý jaý weýran boldy.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Suratda Türkiýäniň Diýarbakir şäherinde bolan heläkçiligiň netijeleri görünýär. Bu ýerde ýer titreme wagtynda, 8 gatly jaý ýykyldy.
6/18 Suratda Türkiýäniň Diýarbakir şäherinde bolan heläkçiligiň netijeleri görünýär. Bu ýerde ýer titreme wagtynda, 8 gatly jaý ýykyldy.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Suratda Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Adana şäherinde bolan heläkçilik.
7/18 Suratda Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Adana şäherinde bolan heläkçilik.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Türkiýäniň Kahramanmaraş welaýatynda ýer titreme 7 km. çuňlukda, ýerli wagt bilen ir sagat 4:17-de boldy, ol wagt köp adam ýatyrdy.
8/18 Türkiýäniň Kahramanmaraş welaýatynda ýer titreme 7 km. çuňlukda, ýerli wagt bilen ir sagat 4:17-de boldy, ol wagt köp adam ýatyrdy.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Siriýada ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň artýandygyny we köp adamyň ýaralanandygyny Al-Ihbariýa tv ýurduň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp habar berýär. Suratda halas edijiler Siriýanyň Aleppo şäherinde harabaçylyklaryň aşagyndan ejir çeken adamy çykarýarlar.
9/18 Siriýada ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň artýandygyny we köp adamyň ýaralanandygyny Al-Ihbariýa tv ýurduň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp habar berýär. Suratda halas edijiler Siriýanyň Aleppo şäherinde harabaçylyklaryň aşagyndan ejir çeken adamy çykarýarlar.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Suratda Türkiýäniň Diýarbakir şäheri. Moskwa wagty bilen 13:24-de ýazga geçirilen <u>ikinji ýer yranmanyň</u> çäginde, şu ýerde ýaşaýyş jaýy çökdi.
10/18 Suratda Türkiýäniň Diýarbakir şäheri. Moskwa wagty bilen 13:24-de ýazga geçirilen ikinji ýer yranmanyň çäginde, şu ýerde ýaşaýyş jaýy çökdi.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Diýarbakir şäheri
11/18 Diýarbakir şäheri
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň baştutany Kerem Kinik Türkiýäniň halkara kömegini kabul etmäge taýýardygyny aýtdy. Türkiýäniň prezidenti Ankara kömek bermek baradaky teklipleriň eýýäm dünýäniň 45 ýurdundan, şeýle-de ÝB we NATO-dan kabul edilendigini aýtdy.
12/18 Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň baştutany Kerem Kinik Türkiýäniň halkara kömegini kabul etmäge taýýardygyny aýtdy. Türkiýäniň prezidenti Ankara kömek bermek baradaky teklipleriň eýýäm dünýäniň 45 ýurdundan, şeýle-de ÝB we NATO-dan kabul edilendigini aýtdy.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Halas edijiler Siriýanyň Jandaris şäherinde, ýurduň demirgazyk-günbatarynda harabaçylygy açýarlar.
13/18 Halas edijiler Siriýanyň Jandaris şäherinde, ýurduň demirgazyk-günbatarynda harabaçylygy açýarlar.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Siriýanyň Jandaris şäherinde ýer titremede weýran bolan bina.
14/18 Siriýanyň Jandaris şäherinde ýer titremede weýran bolan bina.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Halas edijiler Jandaris şäherindäki ýer titremeden diri galanlary gözleýär.
15/18 Halas edijiler Jandaris şäherindäki ýer titremeden diri galanlary gözleýär.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Siriýanyň Hama welaýaty. Bu ýerde ýer titreme netijesinde birnäçe jaý ýykyldy.
16/18 Siriýanyň Hama welaýaty. Bu ýerde ýer titreme netijesinde birnäçe jaý ýykyldy.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Türkiýäniň Adana şäheri
17/18 Türkiýäniň Adana şäheri
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Türkiýäniň Osmaniýe şäherinde halas ediş işleri gijelerine hem dowam etdirilýär.
18/18 Türkiýäniň Osmaniýe şäherinde halas ediş işleri gijelerine hem dowam etdirilýär.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Previous slide
Next slide

Munuň bilen bir wagtda, Türkiýedäki türkmenleriň arasynda raýdaşlygyň hem artandygy bellenilýär. Sosial torlarda, türk hökümetiniň esaslandyran kömek merkezleri bilen birlikde, türkmenleriň hem ýörite haýyr-sahawat nokatlaryny açandyklaryny, olara iýmit, egin-eşik ýaly serişdeleriň eltilendigini görse bolýar .

6-njy fewralda Türkiýede bolan 7,8 ballyk ýer titremesi goňşy ýurtlarda Liwanda, Ermenistanda we Siriýada duýuldy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan häzirki ýer titremesiniň 1939-njy ýylda Erzinjanda bolan ýer titremesinden bäri ýurduň taryhyndaky iň uly betbagtçylykdygyny aýtdy.

Türkiýäniň günortasyndaky ýer titremesinden ejir çekenleriň 75 müň 780 sanysy hadysanyň bolan ýerlerinden ewakuasiýa edildi, halas ediş we kömek işlerine 121 müňden gowrak işgär gatnaşdy diýip, türk resmileri habar berýärler.

Şeýle-de, ýer yranmalaryndan soň, bu sebitde ýeriň 1 müň 509 gezek sarsandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG