Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa gaýtadan eksport: Ukrainadaky uruş Gyrgyzystanda söwdanyň ösüşine nädip sebäp boldy


Bişkekdäki "Dordoý" bazary Ýewraziýanyň esasy eksport merkezidi, emma Moskwanyň ýolbaşçylygy astynda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi döredilenden soň, onuň söwdasy aşak gaýtdy. Ýöne Russiýanyň Ukrainadaky urşy gyrgyzlaryň gaýtadan eksport edijilerine täze mümkinçilikleri berdi.
Bişkekdäki "Dordoý" bazary Ýewraziýanyň esasy eksport merkezidi, emma Moskwanyň ýolbaşçylygy astynda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi döredilenden soň, onuň söwdasy aşak gaýtdy. Ýöne Russiýanyň Ukrainadaky urşy gyrgyzlaryň gaýtadan eksport edijilerine täze mümkinçilikleri berdi.

Orsýete eksport iki esse artdy, goňşy Hytaýdan import üç esse ýokarlandy, netijede Gyrgyzystanyň öň eksport sanawyna girmedik harytlarynyň birnäçesi daşary ýurtlara iberilýär. Bu diňe Gyrgyzystandaky doly däl resmi hasabatdan alnan maglumatlar.

Orsýetiň Ukraina garşy doly möçberde başlan hüjüminden soň, Günbataryň berk sanksiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolan ýylynda, Gyrgyzystanyň daşary söwdasy öňe gitdi.

Belli derejede bu gaýtadan eksport edilýän harytlaryň, ýagny getirilýän harytlaryň üçünji ýurtlara, elbetde, az-kem gijikdirilip edilýän eksport işleriniň möçberiniň görnetin artmagy bilen baglanyşykly.

Taryhy maglumatlara görä, bu hili söwda halkara sanksiýalarynyň gadaganlygyndan ejir çekýän ýurtlara peýda berýär. Biz bu işiň şaýady hökmünde, diňe Gyrgyzystan Respublikasynyň ýük daşaýjylarynyň we logistiki işgärler birleşiginiň başlygy Temir Şabdanaliýewiň sözlerine salgylanmaly bolýarys.

«Öňler harytlar Ýewropadan Orsýete iberilýärdi, indi ony Gyrgyzystandan we Gazagystandan iberilen hökmünde hasaba alýarlar. Ýöne ýükler bu ýere düşürilen badyna, derrew Russiýa iberilýär» diýip, Şabdanaliýew Azatlygyň Gyrgyz gullugyna düşündirdi.

Gaýtadan eksport ozalky gyrgyz işewürleri üçin, möhüm girdejä öwrülenem bolsa, Gyrgyzystandaky işi oňuna barýan belli telekeçileriniň biri Şabdanaliýew Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) agzasy bolan ýurt seresaply iş alyp barmadyk ýagdaýynda, ikinji sanksiýalara sezewar edilip bilinjekdigini aýdýar.

«Russiýa bizi ÝYB bilen aldady... Bu ýerde töwekgelçilik bar, onuň nähili öwrüm etjegini hiç kim bilmeýär. Eger bu [işiň üsti] açylyp, subut edip bilseler, Gyrgyzystan agyr ýagdaýa düşer» diýip, Şabdanaliýew howatyrlanýar.

UKRAINADAN GÜRJÜSTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ ÜSTI BILEN RUSSIÝA IBERILÝÄRMI?

Ýakynda Gyrgyzystanda söwdanyň ýagdaýy barada çap edilen maglumatlara görä, 2022-nji ýylda rus-gyrgyz söwdasynyň depgininiň ep-esli artandygy görkezilýär, Gyrgyzystanyň Russiýa eksporty iki ýarym esse artdy, Moskwa bolsa Gyrgyzystanyň birinji söwda hyzmatdaşy ornuny berk saklaýar.

Bu ösüşleriň köp bölegini adatça Gyrgyzystanyň eksportynda esasy orun eýeleýän tekstil senagaty tutýar.

Gyrgyzystanyň serhetçileri “Torugart” barlag nokadynda, Gyrgyz-Hytaý serhedindäki ýük ulagy barlaýarlar.
Gyrgyzystanyň serhetçileri “Torugart” barlag nokadynda, Gyrgyz-Hytaý serhedindäki ýük ulagy barlaýarlar.

Emma 2022-nji ýyl üçin bu kategoriýanyň alty esse artmagyny adaty ýagdaý hasaplap bolmaz. Bu Hytaýdan getirilýän harytlaryň köpelýändigini belli derejede aňladyp biler. Hytaý Gyrgyzystany çig mal hem taýýar tekstil önümleri bilen esasy üpjün edijisi bolup durýar.

2022-nji ýylda Gyrgyzystandan Russiýa tonnalap iberilýän beýleki harytlar 2021-nji ýylda asla eksport edilmändir.

Hökümet tankytçylary tarapyndan yzygiderli bellenip geçirilen gapma-garşylyklaryň biri – Hytaýyň gümrük gullugynyň dokumentlerinde görkezilýän sanlar bilen Gyrgyzystanyň öz goňşusy aralygynda söwda etmek baradaky maglumatlarda, sanlaryň arasyndaky tapawutdyr.

2021-nji ýyl üçin Hytaýyň gümrük statistikasyna görä, Gyrgyzystan bilen söwda dolanyşygy rekord derejä – 7,5 milliard dollara barabar boldy, onuň doly diýen ýaly esasy bölegini hytaý eksporty tutýar.

Gyrgyzystanyň görkezýän sany şol möçberiň altydan bir böleginden hem köp.

Sanlaryň bu gapma-garşylygyny düşündirmek üçin, gyrgyz resmileri köplenç Gyrgyzystanda we Hytaýda harytlara berilýän dürli usullara salgylanýarlar. Şol bir wagtda, köpçülikleýin habar serişdelerine salgylanyp, Azatlygyň Gyrgyz gullugynyň geçiren media barlaglary bu serhetde kontrabandanyň ägirt uly möçberini aýan etdi.

Azatlygyň Gyrgyz redaksiýasy 2021-nji ýylyň ilkinji 11 aýy üçin resmi söwda maglumatlaryny derňän ýagdaýynda, Russiýadan Gyrgyzystana getirilýän dermanlaryň bir kategoriýasynyň 170 esse artandygyny mälim etdi.

«Haçan-da, maglumatlar getirilende käte adama has bolan ýalňyşlyklar ýüze çykyp biler. Soňky maglumatlar iň täzeleridir» diýip, Gyrgyzystanyň Milli Statistika döwlet komitetiniň öňdebaryjy hünärmeni Aýžara Mamoýewa Gyrgyz redaksiýasyna düşündirdi.

Emma ýurtdaky halkara söwdasynyň başynda bolan gyrgyzlar Orsýete we onuň iň ýakyn ýarany Belarusa goýlan sanksiýalardan aýlanyp geçmek üçin, häzirki wagtda haryt geçýän birnäçe garym-gatym ýollar barada aýdýarlar.

Uzak ýola gatnaýan Asylbek Koçkorowyň Gyrgyz redaksiýasyna aýtmagyna görä, Ukrainada öndürilen towuk etini Orsýetden sowa geçip, Gürjüstanyň üstünden, iň gysga ýol arkaly Gyrgyzystana getiripdir.

Uzak ýola gatnaýan Asylbek Koçkorowyň Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna aýtmagyna görä, Ukrainada öndürilen towuk etini Orsýetden sowa geçip, Gürjüstanyň üstünden, iň gysga ýol bilen Gyrgyzystana getiripdir.
Uzak ýola gatnaýan Asylbek Koçkorowyň Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna aýtmagyna görä, Ukrainada öndürilen towuk etini Orsýetden sowa geçip, Gürjüstanyň üstünden, iň gysga ýol bilen Gyrgyzystana getiripdir.

Onuň sözlerine görä, ýüküň azyndan bir bölegi ahyrsoňy Kiýewiň uruş alyp barýan ýurduna iberlipdir.

"Gyrgyzystanda [ýük] "gümrük paçlaryndan" geçýär, soňra ol önümler eýýäm gyrgyz harydy hökmünde gidýär... [Bu towuk etiniň] bir bölegi Bişkekde galar, eger köp bolsa, ondan artykmajy Russiýa iberiler” diýip, Koçkorow aýdýar.

GOWY AGAÇ, ÝARAMAZ AGAÇ

Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna täsir eden, geçen ýylyň iň uly söwda skandallarynyň biri, Ýewropa bileleşiginiň ýurtlaryna Belarusdan uly mukdarda agajyň gelmegi sebäpli döräpdi, ol Gyrgyzystandan we Gazagystandan iberilen ýük hökmünde belgilenipdi.

Geçmişde Merkezi Aziýanyň ýurtlardan, Ýewropa agajyň eksporty örän azdy.

Soňra žurnalistleriň Belarusdaky barlag merkezi (BBM) sanksiýalardan sowa geçmek meýilnamasyny aýan etdiler, öz guramaçylaryna 30 million ewrodan (32 million dollar) gowrak girdeji getiren gyrgyz we gazak kompaniýalary belarus hyzmatdaşlaryna ýardam edip, belarus agaçlaryny sanksiýadan sowa Ýewropa eksport etmäge kömek berdiler.

"Bu kompaniýanyň gurnaýjylaryň hatarynda hem Belarusyň raýatlary, hem Gazagystanyň, hem-de Gyrgyzystanyň raýatlary bar" diýip, Gyrgyz redaksiýasyna BBM toparyndan Aleksandr Ýaroşewiç aýtdy. 2022-nji ýylyň iýun aýyndan oktýabryna çenli hereket edenden soň, Latwiýanyň we Litwanyň gümrük işgärleri bu ulgamy togtadyp başladylar.

"Şol bir wagtyň özünde harytlar hiç haçan Gyrgyzystana barmandyr” diýip, ol sözüne goşdy.

Gyrgyzystanyň 2022-nji ýyl üçin söwda maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda eksport sanawyna girizilmedik dürli agaç önümleriniň eksporty düýpli artýar, şol sanda "agaç briketleri-de".
Gyrgyzystanyň 2022-nji ýyl üçin söwda maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda eksport sanawyna girizilmedik dürli agaç önümleriniň eksporty düýpli artýar, şol sanda "agaç briketleri-de".

Gyrgyzystanyň 2022-nji ýyl üçin söwda maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda eksport edilýän harytlaryň sanawyna goşulmadyk, şol sanda "agaç briketleri" ýaly agaç önümleriniň birnäçesiniň eksporty düýpli artýar.

Geçen ýylyň iýun aýynda Maliýe jenaýatlaryna garşy göreş hem-de ABŞ-nyň Söwda senagaty edarasy we howpsuzlyk býurosy "kontrol edilen ýa-da eksporty çäklendirilen harytlaryň barmaly ýerine, Russiýa ýa-da Belarusa ýetmänkä geçýän ýurtlarynyň" sanawyny düzdi, oňa Gyrgyzystan, ýene-de beýleki 17 döwlet girizildi.

Ol dokument sanksiýalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça görkezme hökmünde düzülipdir we sanawda görkezilen ýurtlara hiç hili jeza berilmeýär.

Emma käbir bilermenleriň aýtmagyna görä, eger maksat Russiýa garşy girizilen sanksiýa düzgüniniň berkligini gowşamagyň öňüni almak bolsa, bu ýeterlik däl.

Mart aýynda barlagçy žurnalist, guramaçylykly jenaýatçylygyň we korrupsiýanyň barlagy boýunça taslamany esaslandyryjylaryň biri Drew Salliwan Ukrainanyň ýaranlary şol sanksiýalaryň netijeli bolmagyny isleseler Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky ÝYB-nyň beýleki agzalaryna-da sanksiýa girizmeli diýip ýazdy.

«Aslynda ol erkin söwda zolagy, harytlar Hytaýdan getirilip, dokumentsiz Russiýa baryp bilýär. Ol sanksiýalaryň deşigi. [Ýurtlar] muny togtatmaly ýa-da Russiýa bilen deň derejede sanksiýalar astyna düşmäge taýýar bolmaly" diýip, ol belledi.

Salliwanyň sosial ulgamda goýan habary gyrgyzystanlylaryň we beýleki Merkezi Aziýalylaryň gahar-gazap joşgunyna sebäp boldy. Olar onsuzam öz ýurtlarynyň urşuň agyr geosyýasy netijelerinden ejir çekmäge mejbur ýagdaýa salnandygy üçin nägilelik bildirdiler.

Mundanam başga, Azatlygyň Gyrgyz redaksiýasynyň gyrgyzystanly telekeçilerden alan interwýusynda, olar köp halatda ýagdaýa görä hereket edýändiklerini, birwagtlar öz kärhanalaryna peýdaly bolan üpjünçilik zynjyrlarynyň bozulandygyny aýdýarlar.

Telekeçilerden biri Žyrgalbek Žorobaý-uulu geçen ýyl esasan Özbegistanda öndürilen towuk-et önümlerini köp mukdarda Belarusa gaýtadan eksport edendigini Azatlyk Radiosyna boýun aldy.

Onuň sözüne görä, bu harytlar soňra ÝB ülkelerine iberilipdir.

Ýöne biraz wagt geçenden soň, bu iş ulgamy ýatypdyr, sebäbi Belarusdaky işewür hyzmatdaşlary indi onuň kömegine mätäç däldigini aýdypdyr.

«Başda olar bize dürli harytlar barada ýüz tutýardylar. Soňra ol hyzmatdaşlarymyz: "Bizden sanksiýalar aýryldy, indi biz özümiz eksport edip bileris, siziň kömegiňiz gerek däl" diýdiler» diýip, ol gürrüň berýär.

Žorobaý-uulu şeýle düşündirişe şübhelenýändigini hem sözüne goşdy.

Ol beýle ýagdaýy jemläp, şeýle netijä gelýär, bu ýerde hakyky sebäp indi olara Gyrgyzystanyň gümrük paçlary gerek däl, diýmek, Ýewropa ýurtlary Belarus harytlaryna sanksiýalary "saýlap-seçip" ulanýarlar.

Makalany Azatlygyň Gyrgyz gullugynyň habarçylary Kubatbek Aýbaşowyň we Aýbek Biýbosunowyň hasabatlary esasynda, Kris Riklton taýýarlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG